Owal başda çirki dünýä
Saz bilen aldady meni;
Owadan geline meňzäp,
Näz bilen aldady meni.
Gapyl bolup, gaýnap daşdyk,
Şeýtanyň şerine gaçdyk,
Köp oýunly söwda duşduk,
Baz bilen aldady meni.
Peýda diýdiler zyýany,
Görkezip altyn kiýany,
Ýek eken soňy-paýany,
Söz bilen aldady meni.
Dünýä uly gyza meňzäp,
Görkezdiler ony bezäp,
Rahat bermän, saldy azap,
Ýüz bilen aldady meni.
Dünýä owal özün öwdi,
Tutaý diýsem, ýüzün sowdy,
Ýurtdan aýryp, Hywa kowdy,
Duz bilen aldady meni.
Bu mekana gonan göçdi,
Niçe çyra ýanyp öçdi,
Sansyz ýyllar gelip geçdi,
Ýaz bilen aldady meni.
Zelili, çekdik jebrini,
Görmedik oňat döwrüni,
Ýat eýletdirip Gürgeni,
Boz bilen aldady meni.
Zelili
Aldady meni
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Sps.
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- +like "aldady meni"(
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Leýla kim aldady seni?
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Zeliliniň gowy goşgularydyň biri, hakyky durmuşy tema, anyk taryhy maglumat bolaýmagy hem ahmal.
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @mr.writer ai ol syr )
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- xexe paris alladylai stawka goyjak dal dip)))
-
Paris
3 years ago
- Stawkany goydyma
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @paris goy didima goshulamok indem ilin mowzugny zayalap yormesene goren yerine stawka dip .bolli goyuber(
-
Paris
3 years ago
- Hi ha hi
-
@xacker
3 years ago
- ++++Aman Kadyr gowy aydym edip yerine yetirdi
-
Mr.WriTer
3 years ago
- @Paris gaýrat etde meň mowzugymda biderek teswir galdyrňa, stawkalaňňy başga mowzukda dowam et, bärde däl!
Korolewa 3 years ago- Like+
Gowy goshgy eken