Atamyň
Altmyş ýaşda nowruz güni, lu ýyly
Turdy ajal, ýolun tusdy atamyň,
Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli,
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň.

Agyr döwletlere köňül goýmady,
Bu jahanyň eşretini söýmedi,
Esgýa şaldan artyk puşeş geýmedi,
Ahyret öýi boldy kasdy atamyň.

Diýrdi: dünýä durmaz, ömür-baky ýok,
Gündiz roza, gije bolsa uky ýok,
Müňkür bilmez, muhlyslaryň şeki ýok,
Pygamber dostudyr, dosty atamyň.

Görmesem, söýlemen oý bile çenden,
Maksadyna ýeter ýykylan çyndan,
Ýarysy melekden, ýarysy jyndan
Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň.

Nukba diýrler, üç ýüz eren ugraşdy,
Çiltende atama nazarym düşdi,
Niçe barsam, heftenlere garyşdy,
Bular durar çyn peýwesti atamyň.

Älem içre adam galmaz, at gezer,
Bu syrlardan jahan halky ýat gezer.
Jany jennet içre, gökde şat gezer,
Ýerde hoşwagt ýatar posty atamyň.

Magtymguly, gizle syryň bar içde,
Kämil tapsaň, kyl gullugyn her işde,
Magşar güni, elbet, girer behişde,
Her kim çyndan bolsa dosty atamyň.

Edebiýat, Söhbet Abdullaýew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir