I
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
Günler ömrüñ eleginde elener.
Yza dönmek islär däli göwünler,
Geçen gün şäher däl – gaýdyp gelere.
Her kimiñ geçenden bir ahmyry bar,
Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz
Seniñ ruhuñ bilen ederin mydar,
Meniñ bar ruhumy direlden serwim.
Ýolumyzyñ çatak düşeni üçin,
Gam çekme. Bu derdi götergin merdem,
Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn,
Has kyn halas bolmak ýatlamalardan.
Düşüñ, ýatlamalar, köñlüme häli,
Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly.
II
Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly,
Solgun ýatlamalar giripdir köñle.
Uçurdyñ eliñden arzyly ýary,
Indi bir ýatlamañ söhbetin diñle.
Köpler kimin duşmasam-da ýara men,
Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş.
Päklige düşündim şo duýgy bilen,
Şoñ bilen başlandy iñ gözel durmuş.
Duýmadym şoñ bilen gussa-gaýgyny,
Soradym halyñy her bir geçenden.
Öñde-soñda iñ päk – asyl duýgymy
Alyp çykdym suwuñ, oduñ içinden.
Ýollar kimin uzap barýar bu günler,
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler.
III
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler,
Wokzal. Front. Al gan örtüpdir gary.
Gysdy penjesine ölümli günler,
A men, näme üçindir, ýene-de diri.
Buguñ eteginde ýazyldym ýere.
Öldüm. Soñ seretsem, ýene-de diri.
Berliniñ öñünde öldüm men ýene.
Öldüm. Soñ seretsem, ýene-de diri.
Señ bilen ýylyndym çygly zeminde,
Señ bilen, eý, meniñ şatlygym, görgim.
Ähli ölümleri öldürdim şonda,
Özüm üçin, hemem señ üçin, serwim.
Töwerek gümmürdi, töwerek däri.
Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary.
Dowamy bar...
Gurbannazar Ezizov - SÖÝGI (Sonetler çemeni)
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- +++like
-
LadaKalina.
3 years ago
- +9
yashalym 3 years ago- ++++++