Haky pena bilip, saňa sygynyp,
Yhlas bilen ýörip geldim, işanym!
Ikinji Haýdaryň ýolunda ýörüp,
Üçünji äleme doldum, işanym!

Toýnak bilen dagyn-daşyn uşatdym...
. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .
Çoh işler gaýyryp, gala boşatdym,
Aly Zülpükaryn çaldym, işanym!

Köňül guşy perwaz eder mesgen diýp,
Ýüz elwan bag diýip, täze gülşen diýp,
Owaly huda diýp, ahyry sen diýp,
Ýörip, uzak ýoldan geldim, işanym!

Aç gurt idim, niçe guýruklar gapdym,
Azyp idim, özüm pälimden tapdym.
Pil bilen göreşip, guş bilen çapdym,
Paýlar şikest bolup galdym, işanym!

Bir ýryň yzynda ah bilen zaram,
Hakyn dergahynda umydywaram,
Karzdaram, borçdaram,
namarda zaram,
Magrupy diýr, saňa geldim, işanym!

Gurbanaly Magrupy

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir