KAKAMYRAT ATAÝEW
Hekaýa
Kakamyň ejemden başga-da aýaly bar ekeni. Obada.
Baýak bir gün adaty bolşy ýaly, galmagal edenlerinde ejem kakama ýüzlenip:
-Bolman seň ol sygyr ýaly symyşlap ýatan heleýiňden zat artýarmy? – diýdi.
Men surat çekip ýatan ýerimden assyrynlyk bilen kakama seretdim. Ol asuda ses bilen:
-O heleýimden zat artmaýan bolsa, sizi ekläp bilmezdim-ä. Ekläp otyryn-a, ine – diýdi.
-Minnetiň näme, gyz? Näme diliňe çolan bolýaň? Ekleýämişin-ä... Bökersiňem eklemän.
Men gorky bilen ýene-de kakamyň ýüzüne seretdim. Birden ejemi ýenjibermesin diýip howatyrlandym. Sebäbi ozal şular ýaly galmagal edenlerinde kakam ejeme: “Ýenjerin. Gaty gidiberseň, suwasalma ýenjerin” diýipdi. Eger şo diýýänini edäýse, özümiň näme etmelidigim barada öňünden pikirlenip ugradym. Kakam pikirlerimi duw-dagyn etdi.
-Onda akyllyja bol. Keseli diläp alýan ýok. Oň ýerinde özüňem bir goýup gör.
-Keselem bir bahana – diýip, ejem hüňürdedi.
-Seň şu guşbeýniň näme pikir edýärýkä? Keselli diýip, başdaş heleýimi kowaga-da, seni oba göçürip äkider öýdýäňmi?
-Guşbeýni özüň. Guşbeýni bolmasaň, oba göçjegimi, göçmejegimi bilerdiň.
Şol gezek kakam gaharly çykyp gitdi.
Şol gezek men ejemden:
-Guşbeýni näme? – diýip soradym. Ol gözýaşyny gizläp:
-Lal bol – diýdi, guşbeýniň nämedigini aýtmady. Men muny keýpi kök wagty kakamdan sorap bilerin.
Biz şäherjigiň çetinde, köne jaýyň ikinji gatynda ýaşaýardyk. Öýde galapyn ejem ikimiz bolýardyk. Ejemiň aýtmagyna görä, men indiki ýyl mekdebe gatnap başlamalydym. Şoň üçin kakam maňa suratly kitap bilen depder, galam getirip berdi. Kakam köplenç gijelerine öýde bolmazdy. Gündiz gelerdi. Giç agşama çenli ejemiň ýanynda bolardy. Meň bilenem oýnardy. Kakam ikimiz köplenç surat çekerdik.
Başga bir gezek nämedir bir zadyň üstünde gygyryşanlarynda kakam indi gelmejekdigini aýdyp, ejemiň gaharyny getirdi. Şonda ejem:
-Onda ogluňam alyp git. Maňa çaga gerek däl – diýip, samsyk gürrüň etdi.
Men möňňürip aglap, ejemiň boýnundan aslyşdym.
-Gitjek däl. Seň ýanyňda galjak – diýdim.
Gapydan çykyp barýarka kakam:
-Akmak heleý diýerler saňa. Çagaň zähresini ýardyň. Ýürejiginde gorky kesel galsa nätjek?! – diýip, ejeme käýindi. Ejem onuň yzyndan gygyryp galdy:
-Şermendelik etme! Eşidýäňmi, çagany bahanalan bolup, meni haýalçyratjak bolma. Ojagaz tilki sapalagyňa men beletdirin. Sypatyň gursun, sypaty guramyş!
Şol gün agşam ýatmak üçin ýerimize girenimizde men ejemden:
-Eje, meni kakama berip goýbermersiň gerek? Kowmarsyň gerek? – diýip soradym.
Ejem meni bagryna basyp, ýaňagymdan ogşady.
-Bermen, oglum, bermen. Hiç kime bermen. Bal oglum, ballar oglum, gül oglum, güller oglum! – diýdi.
-Häli özüň çaga gerek däl diýdiň-ä.
-Ony gaharyma diýäýendirin, oglum.
-Indi diýmegin, eje, gaharyň gelse-de, diýmegin – diýip men öwretdim.
Ejem başymy sypady. Eli bilen saçymy daraklap ýatyşyna:
-Saçyňam örübermeli bolupdyr. Kiçeltmeli – diýip, gürrüňi başga tarapa sowjak boldy.
Men ynjalykdan gaçyp:
-Kakamam kowmarsyň gerek? – diýdim.
-Kowman, oglum, kowman – diýip, ejem jogap berdi. Biraz dymyp, tirsegine galdy-da, edil uly adam bilen gürleşýän ýaly äheň bilen gürrüňine düzediş berdi. – Men kowamog-a ony. Özi gitjek diýýär. Men hiç wagtam kowmadym.
-Nämüçin gitjek diýýär?
-Bilmedim.
-A sen ony goýberme. Gitme diý. Sakla.
-Nädip saklaýyn? – diýip, ejem gaty kyn sowal berdi. Nädip saklamalydygyny bilmänim üçin:
-Sakla-da bir zat edip. Goýberme – diýdim.
-Saklamasak-da, gidip bilmez. Hälem oýun edip diýendir. Gitmez – diýip, elem arkaýyn gürrüň etdi. Halys ynjalygym bolmansoň, men:
-Çyny bilen diýen bolsa näbilýäň? Birden ertir gelmese, nätjek? – diýip soradym.
Şu sowalym ejemi birneme oýlandyrdy öýdýän. Ol esli wagt sesini çykarman pikirlenip jogap berdi:
-Geler, gitjek ýeri bolmaz. Hany, ýat indi.
-Birden gelmedi-dä, nätjek?
-Gelmese, gözläp taparys.
-Eje, o heleýi sen gördüňmi?
-Haýsy heleýi?
-Şo obadaky heleýi? Sygyr ýaly symyşlaýa diýdiň-ä? – diýip ejemiň ýadyna saldym.
-Samsyk çaga! Ululaň gürrüňine goşulma diýmedimmi saňa?.. Ýat indi. Ukla. Ýogsam, şo heleýe bererin seni – diýip, ejem ýalandan haýbat atdy.
-Eje!
-Ýat diýýän indi.
Ejem çygjaran gözlerini eliniň aýasy bilen süpürip, beýlesine öwrüldi. Göz ýaşyny gizleýär diýip, men pikir etdim.
Şol gezek kakam bäş günläp gara bermedi. Çaky, öýkelän bolarly.
-Kakam-a gelmedi welin, gözlemäge gidelimi? – diýip men ejemden soradym.
-Hany, şu günem garaşyp göreli, gelmese, ertir gidäýeris – diýip, ejem meni begendirdi.
Nireden gözlemelidigini bilmesem-de, kakamy tapjakdygymyza men berk ynanýardym. Ýöne gözlemäge gitmeli bolmadyk. Şol gün öýlänler kakamyň özi geldi. Ol gapydan giren dessine ejem:
-Azaşman neneň tapdyň? – diýip ýalňyş sorag berdi. Sebäbi kakamyň azaşmajakdygy bes-bellidi. Men onuň häzire çenli öýmüzi tapman azaşan gezegini bilemok. Ähtimal, kakamyň bäş gün mundan öň öýkeläp gidenini ejem häzir bilýän däldir, bilse-de, bilmediksireýändir.
Kakam sesini çykarmady. Meň ýanyma geldi-de:
-Hany, salam et – diýip elini uzatdy. Men salamlaşdym. Ol meniň ýaňagymdan öpdi. Onsoň ejem bilen kakam beýleki otaga geçdiler. Olaryň pessaý hümürdileri eşdilip durdy. Seslerinde gödek äheň duýulmaýardy. Ýogsam, ejem häzir kakamyň üstüne gygyryp başlar öýdüp garaşýardym, emma o çakym çykmady. Ol kakamdan ownuk pul alyp, maňa berdi-de:
-Oglum, bar dükana gidip, çörek alyp gel – diýdi. Soň meni geýindirdi.
Gapydan çykyp barýarkam:
-Köçeden geçeňde seresap bolgun! Puluňa-da gaýym bol, ýitirip, gaçyryp ýörme. Iň gowusy, jübiňe sal – diýip berk tabşyrdy. Şol wagt ýadyma düşdi-de, yzyma dönüp:
-Eje, surat depderem alaýaýaýyn – diýdim.
Ejem maňa ýene biraz ownuk pul berip goýberdi. Men öýmüzden gaty uzak bolmadyk ýerde – köçäň aýagujynda ýerleşýän dükana gitdim. Çörek aldym, surat depder aldym, ýene biraz pul galdy welin, oňa-da galam aldym. Ýolboýy ejem bilen kakamyň sögüşmezligini diledim. Eger sögüşmeseler, kakamyň obadaky aýaly barada soramagy ýüregime düwdüm.
Öýe gelsem, kakam aýbogdaşyny gurup, meniň içi suratdan doly depderimiň sahypalaryny agdaryşdyryp otyr. Ejem onuň dyzyny ýassanypdyr-da, bir eliniň barmaklary bilen kakamyň köýneginiň iliklerini dyrmalaýar, beýleki eli bilen bolsa onuň arkasyny sypalaşdyrýar, ýuwaş ses bilen bir zatlary süýjüdip gürrüň berýär. Kakamam diňleýär. Gürrüň arasynda ikisi hem ýuwaşja gülýär, käte ýylgyrýar. Ejemiň gülüp duran gözlerinde, mähir çogýan ýüzünde juda seýrek gabat gelýän, üýtgeşik ýakym gördüm. Häzir onuň özüni juda bagtly duýýandygy barada gep-gürrüň bolup bilmez. Elbetde, bu ýagdaýa men şeýle bir begendim, hiç aýdyp-diýer ýaly däl.
Kakam meni ýanyna çagyrdy-da, çeken suratlarymdan birini görkezip:
-Bular kim? – diýip sorady.
-Biý-ä ejem, bu-da sen – diýip, men düşündirdim.
-Hany öz suratyň? Özüňi çekmediňmi?
Dogrudanam öz suratymy çekmek kelläme gelmändir. Ejem bilen kakamyň ýanyndan öz suratymy çeksem, has-da gowy boljakdygyna düşündim. Onsoň:
-Häzir çekjek, kaka. Täze depderime çeksem bolarmy? – diýip soradym.
-Hawa, gowy bolar. Täze depderiňe çekiber indi.
Şatlykdan, begençden ýaňa meniň ýüregim gürsüldäp durdy. Onsoň bu bagtyýar pursaty uzaltmak üçin men kakamyň bizi taşlap gitmese gowy boljakdygyny, eger gidäýse-de, ejem ikimiziň ony hökman gözläp tapjakdygymyzy, bu barada ejem bilen maslahat edendigimizi aýdyp bermek kararyna geldim. Ejemiň halamazlygy-da mümkin, emma barybir onuň hol gün iki gezek dagyn menden gözýaşyny gizläp, aglandygyny hem kakama gürrüň bermegi ýüregime düwdüm. Birem guşbeýni nämekä? Şuny hem kakamdan soraýsammykam?
Mart, 2013. Mary.
EJEMIŇ AGLAN GÜNI
-
Pegas
3 years ago
- @Wrestling, bary şu.
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- +++like
-
Wrestling
3 years ago
- +++
-
DonMaxx
3 years ago
- ++++
Wrestling 3 years ago- @Pegas hekaýanyň dowamy ýokmy