Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Barde iň aktiw agzalarymyzdan biri bolan(KäVAGT YİTMESİ BAR DİYMESEň) kovusyň (rebuilder nikli tanalyan) bu gün doglan gunü, shol mynasybetli, ony hem gutlayalyn... kovus jigim men seni doglan günün bn gutlayan işde,durmuşda üstünlikler arzuw edyan...göroglyn yaşyny yaşa jigim... seniň üçün birje tost jigim: üç sany yaşuly yoldan gidip baryar.agşam yakynlaşyp baryar.bularam indi bir haysam bolsa bir hojalyga yatymlyk yer soramaga gelyaler. öyüň eyesi:siz kim? yaşulylar:biz uzak yola gidip baryas,biziň adymyz bolsa saglyk,söygü we baylyk... öy eye:bizde yöne bir adamlyk yer bar.näme etsek. ya:sen maşgalaňla maslahatlaş. öy eyesinin ayaly:goyber baylyk girsin yatmana..öy eyesinin ejesi gygyryar:saglyk goyberiň,girsin yatmana...öy eyesinin gyzy aglayar:söygü girsin... bular şeydip jedelleşe,oňa çenli jogabyny eşitmezden yaşullarda yollaryna dovam edip gidipdirler. kovus goy elmydama seniň öyüňde saglyga,söygä we baylyga yer bolsun... На Востоке говорят: Если у человека умелые руки, то Аллах поцеловал его в руки, Если у человека умная голова, то Аллах поцеловал его в голову, Если человек хорошо танцует, то Аллах поцеловал его в ноги... Так давайте выпьем за именинника, которого Аллах обцеловал с ног до головы!
Kovus(rebuilder) jigim doglan günün gutly bolsun!
-
ata
16 years ago
- Men hem gutlamakçy:
Gutlagy ýene iň gowy görýän sitatalarymy ulanyp ýazmakçy, iň oňat dilegler hökmünde. Ilki bilen-ä:
Kowus, jigim, "Allah seni Öz ýolundan aýyrmasyn! Söýýän bendeleriniň arasyna goşsun!
Şeýle gözel ömür bersin, ol ömür näçe ýylam bolsa, olary dop-doly, her minudyny peýdaly edip geçirmek nesip etsin!
Allahyň dergahyna baranyňda, bu dünýäde eden ýa-da edip bilmedik zatlaryň üçin içiňde hiç-hili puşmanlyk bolmasyn!
Geljekki ýoldaşyňam seniň Oňa we Onuň Habibine(SAW) has ýakynlaşmagyňa sebäp bolsun!
Ýokardan garaňky dünýä seredileninde, siziň gurjak öýüňiz ýyldyz ýaly parlap dursun!
Firdews jennedinde-de maşgalalarymyz bir-birine goňşy bolsun, enşallah!
Doglan günüň gutly bolsun!"
Soňundanam, seniň üçin:
“Eý, ýaranlar, aşyk boldum men bir “melege”,
Iki dünýe oňa waslym dile, Allahym!
Külli emriň ýetir Sen bu pelege!
Iki dünýe oňa waslym dile, Allahym!
Dilegim onuň bilen maşgala gurmak,
Jennetiňde Habybyňa biz goňşy bolsak,
Bakyýetde her juma Jemalyň görsek!
Dileglerimi kabul eýle, Beýik Allahym!
Özüňe laýyklykda bendeler boljak,
Habybyňa laýyklykda ymmaty boljak,
Watana, millete peýdaly boljak,
Nesilleri bize bergin, Allahym!“
dilegini hem edýärin!
Täze ýaşyň gutly bolsun, Kowus! Bu täze ýaşyňy ençeme haýyrlara sebäp etmegini Beýik Biribardan dilemek bilen!
-
mc_merw
16 years ago
- Kowus jigim ýaştoýuň gutly bolsun.
Menem Vanga ýalak gürläýin: "Bu ýyl durmuşyňda gaty uly üýtgeşmeler bolar. Beýik ymaratlara çykarsyň, çalt gitýän demirlere minersiň, aý ýaly gyza aşyk bolarsyň, ... eger aýdanlaryna ynanmasaň bu zatlar düýşüňde bolar."
-
Komendant
16 years ago
- tanamadyk sylamaz.
-
garabekewul
16 years ago
- kowus doglan gunin gutly bolsun!!!goy allam sana goroglynyn yashyny bersin!!ak gyz yoldashyn bolsun.(bugday renk bolsa da bolmazmay):)(garajahem kem dalle):)gepin gysgasy akylly bolsun. ahli eden gowy arzuwlaryna yet!!!! kakabay hany guysana men tost aytdym how senden mirap bolmazlay:)
-
rebuilder
16 years ago
- HEMMELER SAGJA BOLUN!!!
KAKABAY,ATA,GARABEKEWUL,MC_MERW,ULTİMATUM HEMMANİZ SAGJA BOLUN!! SONKY WAGTLAR GİRİP BİLEMOK BOLMASA OZUM AYAGA GALDYRARDYM TALYPLAR.COM'Y :D.. DİLEGLERİNİZİ SİZE DE DİLEYAN!! VZAİMNO DOSLAR!!
-
Komendant
16 years ago
- Arkaýyn dynç alyber. Özüm bar.
ultimatum 16 years ago- Menä tanamok Kowusy. Kimem bolsaň doglan güniň gutly bolsyn. Uzak yaşa.
Bagt paylansa üç baýlygy ilki al.
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýyany bilen çuwal çuwal gülki al.
Soň tapylar galan zady zyňyp git...
Ha tas ýatdan çykypdy: Ak gyz ýoldaşyň bolsyn :D (entek oýlenen dalsiňlay)