Men saña nàmàni sowgat etsemkàm,
Gùlmi?!
Ay,yok,señ yanyñda gùl nàme?!
"Bar sowgadyñ shumy?"diyip ùstùmden
Yene saña esas bolar gùlmàge.
Seni nàdip begendirip bilerkàm,
Zat bilenà gôwnùñ awlap basharman.
Nàm bolsada yùregimden çykmaly.
Nàdogry bor bu yalazy dashardan
Hùyr dey gyza sowgat idàp yôrmegim.
Sen meñ ùçin gymmatsyñ dùr-gôwherden,
Bir sàw bilen yere dùshen melekmiñ,
Hùlle sùyràp çykyp aby kôwserden.
Men saña nàmâni arzuw etsemkàm,
Yene bagtmy?!
Asha yôntem eshdilyàr,
Asha yuwan bolar:"Bagtly bol!"diysem
Barybir yazgytda bar zatlar gelyàr.
"Seniñ doglan gùnùñ" gosgy.
-
Bibish
3 years ago
- @pegas yzam badymy muñ?
-
Bibish
3 years ago
- Men diñe shuny bellep goyupdyrna
-
Pegas
3 years ago
- Seniň doglan günüň
Men saňa nämäni sowgat etsemkäm,
Gülmi?!
Aý, ýok, seň ýanyňda gül näme?!
«Bar sowgadyň şumy?» diýip,
üstümden
ýene saňa esas bolar gülmäge.
Seni nädip begendirip bilerkäm,
Zat bilen-ä göwnüň awlap başarman.
Näm bolsa-da, ýüregimden çykmaly.
Nädogry bor bu ýalazy daşardan
Hüýr deý gyza sowgat idäp ýörmegim.
Sen meň üçin gymmatsyň dür-göwherden,
Bir säw bilen ýere düşen melekmiň,
Hülle süýräp çykyp aby-köwserden.
Men saňa nämäni arzuw etsemkäm,
Ýene bagtmy?!
Aşa ýöntem eşdilýär,
Aşa ýuwan bolar «Bagtly bol!» diýsem.
Barybir ýazgytda bar zatlar gelýär.
Näme, sen arzuwa mätäçmi eýsem?!
Arzuwym – Sen,
Seni bagryma bassam.
Meniň hyýalymdan kämilsiň juda,
Meniň baýlygymdan baky gymmatsyň.
Şahyrlygmy gižželeýär, wah, şu gün,
Şu gün geçse, soň başymy çararyn.
Men nädip gutlaýyn doglan günüňi,
Seň göwnüňe şu gün nädip ýaraýyn?!
-
Bibish
3 years ago
- Hà sag bol men bu bentlerini bilemokdym.
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Awtory kim
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Awtory kim
-
Pegas
3 years ago
- Awtory Seýitmyrat Geldiýew.
-
Kepjebaş_
3 years ago
- Grammatikaň enesini uwladyp, negözel goşgyny musur görkezýäňiz-aý.
-
Bibish
3 years ago
- @kepjebesh grammatikañ enesi ilki yalñysh yerini ayt
Pegas 3 years ago- Yzy hany?