Gurjakmy sen? (Söýgi)
Kirpikleriň yrgyldap dur,
A gyz ,,Barby'' gurjakmy sen?
Ýüzüñde ýok ýekeje nur,
Lak atylsaň urjakmy sen?
Özuñ ykjam elleriňak,
Gül göwräňde kem ýeriň ýok,
Buýra saçyňgoýýañ dolap,
Ýa ösensoň örjekmi sen?
Gulakhalkaň ýalpyldaýar,
Ala gözleň balkyldaýar,
Göwnüň nirde pelpelleýar,
Bize jogap berjekmi sen?
Çala çekip köýnejigňi,
Söýdürýäňle söýmejegi,
Diýdirdiň gyz diýmejegmi,
Ýa ýürege girjekmi sen?
Akja dişiň bezeg ýüze,
Sen ýakymly her bir göze,
Çyny ýazmak adat bize,
Goşgymy geñ görjekmi sen?
Sözi söze men sepleýän,
Sen owlak deý bökjekleýäň,
Nehä dymýañ ne gepleýäñ,
Mydam şeýdip ýörjekmi sen?
Gyz çykypsyň ýetişipsiň,
Çagalykdan ötüşüpsiň,
Durmuş bilen öpüşüpsiň,
Bagt öýüne barjakmy sen?
kitaphana.net
Gurjakmy sen? (Söýgi) ýene-de bir gowja goshgy
-
Yylgyn
3 years ago
- Ashakky teman yaly 👍
-
loveee_@
3 years ago
- sho aşakdaky bolanokmy
-
Yylgyn
3 years ago
- shonyn yaly temany koprak goyay diydim, yalnysh dushunipsin oytyan. ashakky teman has gowy eken
-
loveee_@
3 years ago
- ýalnysh düşünipdirin sorry
Yylgyn 3 years ago- betcilik edyan gyz gelin hakda yazayda Aylar. zametka bellap goyjakdym