Bet aýal başa mähnetdir.
Magazinde nobatda
Öýe gelse gybatda
Seniň ýaly aýaly
Görmedim welaýatda

Öýe gelen dessine
Çykýar meniň kastyma
Horaz ýaly herrelip
Gygyryp dur ustüme

Her gün bir zat tapylýar
Kä men kä ol topulýar
Sähel zadyň üstünde
Uly gopgun gopulýar

Haýp boldy öwenim
Şunça ýyllap söýenim
Arada görüp meni
Tanamady doganym

Weý-weý Gurban han diýdi
Iýeňokmy nan diýdi
Gözüme ýaş aýlandy
Hälem janyň bar diýdi

Şunça söýdüm arman ýok
Nätjek başga derman ýok
Eger şol aýal dursa
Şu jahanda Gurban ýok

kitaphana.net

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir