Ilki başda agzyň ykjamja dardy,
Sözlesene köwşüm saňa nämboldy
Depaňde demirden äýnejik bardy
Sözlesene köwşüm saňa nämboldy

Bir aý geýdim üç aý ussada ýatdyň
Padožyň çalyşdym soň jaýryk atdyň
Gysan bolduň,meni agsap ýöretdiň
Sözlesene köwşüm saňa nämboldy

Tomus düşdi welin burnuň galdyrdyň
Yzyň çöken boldy üstden güldürdiň
Her taýyna on bäş ýama saldyrdyň
Sözlesene köwşüm saňa nämboldy

Eýäňmeni koža diýip allady
Yüz elli diýdide ýaman pallady
Alamda garady swetnoý boldy
Sözlesene köwşüm saňa nämboldy

kitaphana.net

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir