Uzagrak tema ýöne okamagyňyzy maslahat berýärin!!!
ODUÑ ÜSTÜNDE ÝÖREÝÄN ADAMLAR

"Tagt ornuna nar üstünde Ispendiýar etdiñ meni!"
Magtymguly PYRAGY.

Ýakyn ýyllara çenli oduñ (ýa-da közüñ) üstünde ýöremegi Uzak Gündogara mahsus gözboýagçylyk sungaty diýip hasap edilýärdi. Emma bu boýunça geçirilen barlaglar munda hiç hili hile-mekirligiñ ýokdugyny görkezdi. Otda ýöremäge ezberlänleriñ heniz bize nämälim birnäçe emelleri ulanýandygy şek-şübhesizdir.
Oduñ üstünde ýöräp bilýänleriñ käbiri bu ukyba dogabitdi eýedir. Käbirleri bolsa muny türgenleşme ýoly bilen gazanýar. Emma olaryñ käbirine haýran galmazlyk mümkin däl. 450 gradus gyzgynlykdaky oduñ üstünde ýöreýän adamlaryñ muny nähili başarýandygyny häzirkizaman ylmyñ özem çözüp bilenok.
1890-njy ýyllarda Gudgeon atly Täze Zelandiýaly häkim we onuñ üç sany egindeşi bir täsin tomaşa gabat geldiler. Bir gün Polineziýanyñ Raratoa raýonynda haýsydyr bir şamanyñ oduñ üstünde ýöreýşine syn etdiler. Şaman olara her bir adamda adatdan daşary goraýjy güýjüñ (auranyñ) bardygyny aýdyp, eger muña ynansalar oduñ üstünden ýöräp geçmeklerini teklip etdi. Gudgeon we onuñ ýoldaşlary teklibi kabul edip köwüşlerini we joraplaryny çykarýarlar. Soñra howply ýöreýşi üstünlikli tamamlaýarlar. Emma olaryñ biri aýdylanlara gulak asman "Lut pygamberiñ aýaly kimin" yzyna öwrülip seretdi we gaty erbet ýagdaýda ýandy. Oduñ ýanyp duran çukuryna golaýlaşanda Gudgeonyñ özem gorkman durmandyr, çünki ol ýüzüne çabrap gidýän ýalynyñ howruny duýup durdy. Ol soñ-soñlar "aýagymyñ hamy tutuşlygyna sypyrylyp gaýdar öýtdüm" diýip gürrüñ beripdir. Ýöne garşyky tarapa geçende onuñ duýan birje zady bardy, olam aýagynyñ bary-ýogy tok uran ýaly bişmesidi.
1912-nji ýylda ýewropaly tomaşaçylary güýmemek maksady bilen 40 sany fanatik brahman tarapyndan şowhunly otda ýöreýiş çäresi geçirilipdir. Olar dinlerine bolan joşgunly ýagdaýyny güýçlendirmek maksady bilen mukaddes hasap edilýän närseleri göterip getirýärler. Görer göze ol närseler olary otly çukurdan hiç hili eýmendirenok.

■ Yssylygy 400° -danam ýokarda

Geçiren synagy üstünlik bilen tamamlanansoñ Gudgeonyñ dosty Hoken hem käbir synaglary geçiripdir. Ol ýanyna 400 gradusa çenli gyzgynlygy görkezip bilýän termometri alypdyr we oda iki metr golaýlykfa goýupdyr. Şobada ýokary galan suwuk simap ýarylmagyñ öñüsyrasyna gelipdir, termometriñ aýna gabygy dagy şobada eräp-akypdyr. Hoken soñra oduñ üstünde ýöreýänleriñ aýaklaryny içgin öwrendi. Aýaklar adatça bolşy ýalydy. Aýagyñ hamynyñ hiç ýerinde üýtgeşiklik ýa ýanyk yzy ýok eken. Ol haýsydyr bir goraýjy madda ulanylyp-ulanylmandygyny anyklamak üçin aýagyñ derisinden ham bölejiklerini alypdyr. Hatda ýerli ýaşaýjylaryñ dabanyny dili bilen ýalabam görüpdir. Ol ýerli ýaşaýjylaryñ hiç hili himiki goraýjy serişde ulanmaýandygyny görüpdir. Şeýdidem gören zatlarynda hiledir mekirlikden nam-nyşan ýokdugyna anyk göz ýetiripdir...

■ Garşy çykanlaram bar!

Doktor Hokeniñ üns bilen geçiren ylmy barlaglarynyñ görnüp duran netijesine garamazdan, oña ynanmazçylyk edenler kän boldy. Mysal üçin folklor mirasyny toplamak boýunça guramanyñ başlygy Edward Klodd 1895-nji ýylda eden çykyşynda otda ýöreme wakalaryny ýañsa aldy. Ol munuñ durşy bilen galplykdygy öñe sürdi. "Bu işiñ nähili edilýändigni bilýänimi aýdyp durjak däl. Emma ortada bir hakykat bar. Ýalañaç aýak bilen ýöreýänleriñ dabany belli bir wagtdan soñ gatañsylaşyp başlaýar. Gitdigiçe gatañsylaşan daban bolsa soñabaka biziñ galyñ-galyñ ädikler bilen kyn çydam edip biljek gyzgynlygymyza arkaýyn çydap bilýär".
Klodd bu jedelini delilleşdirmäge synanyşdy. Ol suwuk sulfurik asetini we alýumini ulanyp aýaklaryny gatañsylaşdyrandygyny aýtdy: "Bu görnüp duran hakykat. Adam endamy ö:l boldugyça elini ergin metalyñ içine sokup bilýär. Ýandyryjy gyzgynlyk nemiñ eli gurşap aljak ýagdaýynda galmagyna sebäp bolýar. Şonuñ üçin el bilen erginiñ arasynda birtüýsli gabyk emele gelýär. Şeýdibem gyzgynlyga çydam edip boljak ýagdaýa gelinýär".

■ Täzesine-de ynanmadylar

Kloddyñ pikirleri Andrew Langyñ garşylyklaýyn jogabyna uçrapdyr. Lang 1980-nji ýyllaryñ iñ görnükli taryhçylaryndan we adamy öwrenijilerindendi. Ol Wergiliniñ gürrüñ berýän wakalaryna, syýahatnamalara, keramatlylar hakynda rowaýatlara we ot synanşyklaryna ünsi çekip, adamy öwreniş ylmynda bularyñ birgiden tejribe döredendigini nygtap geçdi.
Lang şular ýaly geñsi wakalara gözi bilen görüp aramyzda ýaşap ýören şaýatlara bipereaý garalmagyny tankyt etdi. Adatça deliller sagdyn we ýakyn wagta degişli bolsa şaýat has köp soraga tutulýar. Her kes "bular ýaly zatlar öñler bolanmyş, indi bolmaga haky ýok" diýip başlaýar. Lang otda ýöreme we ody elleme wakalarynda hiç hili "ruhy" ahwalatlaryñ ýokdugyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, otda ýöreýänleriñ wagtal-wagtal hile-mekirlige-de ýüz urýandygy baradaky hakykaty gizläp oturmagyñ hajaty ýok.
Edward Klodd otda ýöremegi añsatja ýol bilen amala aşyrylýan gözboýagçylyk hasap edýärdi. Andrew Lang Kloddan öñe süren teoriýasyny delillendirmegi talap etdi. Emma Klodd ony-da ret etdi.

■ Hile gözlendi

Hakykatdanam otda ýöremek tilsimi juda gadymy iñ köp ýaýran emeldir.
Klodd munda suwuk sulfuraseton we alýumin ulanylýandygyny aýtsa-da, muny tejribede dellillendirip bilmedi. Galyberse-de onuñ elinde tejribä esaslanan hiç hili ylmy netije ýok. Eýsem-de bolsa, ylmyñ iñ ilkinji talaplarynyñ biri tejribe dälmi näme?
Ýöne bu babatda 20-30 ýyllap dürli synaglary geçirenlerem bar.
T.N.Hoken ýaly alymlar munuñ ýaly wakalary üns berip öwrenenem bolsa, düýp sebäbi bilen gyzyklanyp durmadylar. Meselem, taitili Jon G.Hill içi otdan doly çukurdan ýöräp geçen adamy içgin öwrendi. Adamyñ ýüzi oduñ howrundan ýaña sypyrylsa-da, köwşünde, jorabynda we aýaklarynda ýanykdan nam-nyşan ýokdy.
Fidji adalarynda saglygy goraýyş işgärleriniñ ýolbaşysy B.Glanwill Korneý 1914-nji ýylyñ fewralynda çap edilen makalasynda geçiren barlaglarynyñ netijelerini birin-birin agzap geçdi. Korneý ýokary gyzgynlykdaky daşlaryñ üstünde köpçülikleýin ýöreýişlere tomaşa etdi. Bu ýöreýişlere gatnaşan her bir adamyñ aýagyny ýöreýişden öñem, soñam içgin öwrendi. Ol munda ne hilä, ne-de ýanyk yzyna gabat geldi.

■ Şüweleñli tomaşa

Ylmy taýdan gerekli şertler üpjün edilip geçirilmedigem bolsa, 1921-nji ýylda Hindistanda geçirilen ot üstünde ýöreýiş häzire çenli gurnalan iñ dabaraly otda ýöreýiş çäresi hökmünde görülýär. Madras şäheriniñ katolik buthanasynyñ ýepiskopy öz dosty bolan hindi maharajasyna otda ýöreýiş çäresini gurnamagy haýyş edipdir. Wakany gürrüñ berýän ýazyjy Oliwer Leroýyñ ýazmagyna görä maharaja munuñ üçin garyp bir musulmany hakyna tutupdyr.
Garyp bende otda ýöreýänleriñ üstüne tilsimli, goraýjy ýapynja örtýär. Maharajanyñ we onuñ hristianlardan toplanan janpenalarynyñ agzyny uçukladyp edýän tomaşasynyñ gözalnynda ilki öz islegi bilen otdan geçjekler geçýär. Garyp musulman tomaşaçylaryñ arasyndan ýöräsi gelmeýänleri-de çekip çykaryp oda tarap itekleýärdi. Tomaşaçylaryñ gorkuly nazarlary soñabaka gülümsiremelere öwrülýärdi. Ahyrsoñunda maharajanyñ janpenalary-da otdan ýöremäge razy edildiler we olar oduñ üstünden boýdan-başa iki gezek geçdiler.
Bu wakanyñ üstünden on dört ýyl geçensoñ 1935-nji ýylyñ sentýabr aýynda London uniwersitetiniñ alymlarynyñ gözegçiligi astynda ylmy maksatly otda ýöreýiş çäresi gurnaldy. Karlşalton diýen ýerde içi ýanar otdan doldurylan çukur taýýarlandy. Çukuryñ gyzgynlygy 800° çemesi bolupdyr. Şonda Kuda Baks atly hindistanly ýaş musulman otly çukury boýdan-başa dört gezek geçipdir. Hut şu gezegem otdan goranmak üçin hili goşmaça tilsime ýüz urulmandyr. Hile ediläýmesin diýen ätiýaç bilen pugta gözegçilik astyna alynandygyna garamazdan tomaşaçylaryñ arasynda muña ynanmazçylyk edýän birnäçe hötjet bolupdyr. Hatda "göze görünmeýänleri awlaýjy" lakamy bilen tanalan Garri Pris hem Kuda Baksyñ mümkin däl zady amala aşyrandygyny aýdanda, tomaşa gatnaşan başga bir alym onuñ gulagyna pyşyrdap bu "oýuny" islendik kişiniñem oýnap biljekdigini aýtdy. Şonuñ üçin onuñ özünden muny etmegi soralanda, eşiginiñ o diýen gowy däldigini bahana edip sypjyklady.

■ Köpçülikleýin gipnoz

Birgiden mähelläniñ öñünde bular ýaly ynanmazçylyk etmegiñ we gözüñ bilen görüp zadyñy inkär etjek bolup toslama bahanalar tapmagyñ hiç hili manysy ýok. Käbir kişiler ýeke özi ýa-da topar bolup şular ýaly artykmaç ukyplaryny görkezmegiñ hötdesinden gelýär. Işiñ içine hiç hili hile-al sokmazdan ýanyp duran kömüriñ üstünden ýöräp, gyzyl köze öwrülen kömür tokgalaryny ellerine alyp oýnaýarlar. Ýöne munuñ añyrsynda paýhasdyr zehin hilesi barmy, ýa-da köpçülikleýin gipnozyñ täsiri ýatyrmy? Bu welin belli däl...

■ Kellesine duz sepeledipdir

Professor Stiwenson Tokioda 27 metr uzynlykdaky içi ýanyp duran çukurda ýöräpdir. Emma başga bir şintoist ruhany ony ybadathana äkidip, kellesine duz ýapypdyr.
Professor oduñ içinden ýöräp gelýärkä aýagynda çalarak jyzyrdama duýupdyr. Gysga wagtlyk awuşama endamyna ýaýranam bolsa, soñra aýagynda diñe üns bereniñe degmeýän ýüzleýje kesik yzyny görüpdir.
Hamala gyýçak daşlaryñ biri onuñ aýagynyñ hamyny sypjyrdan ýalydy. Soñ görlüp otursa, duz ýapmak ony dine oduñ howrundan goraýan eken, duz ýanygyñ berýän yzasyny ýatyryp bilmändir.

■ Ruhy joşgun

Fidji adalarynda otda ýöreýiş çäresine tomaşa edensoñ, Garri B.Wraýt şuña meñzeş wakalara şeýleräk düşündiriş berýär. Ýagny Wraýtyñ aýtmagyna görä, otda ýöreýän adamlarda ýöreýiş pursatynda ruhy joşgun döreýär. Ýöne welin, şular ýaly ýöreýişden öñ ýa soñ, ýagny başga wagtda olaryñ aýagyna iññe dürtseñ ýa-da otlanan çilim bassañ garşylyk berýär we yza duýýar. Ýöreýiş çäresini alyp baryjy ruhanynyñ ýa-da şamanyñ otda ýöreýänleriñ çekýän awusyny özüne alýandygy barada-da birnäçe fakt bar. Şeýle ýagdaýda çäräni alyp baryjy özüne ynananlary gipnozlap ýa-da joşduryp başarýar. Emma ýöreýiş pursatynda tilsim öz güýjüni ýitirse ýa-da ýöreýäniñ göwnünde ynanmazçylyk peýda bolsa, şol duran ýerinde oduñ ony ýakyp-ýandyrmagy daşda däl.

■ Ot iýijiler

Adamda oda bolan goragyñ barlygy tebigy ukyp hökmünde düşündirilse belli bir derejede dogry bolup biler. Jon Eweliniñ Riçardson atly köz iýiji baradaky beren gürrüñi-de muny görnetin tassyklaýar. Özünde jadyly ýa-da adatdan daşary ruhy güýjüñ ýokdugyny aýdýan bu adam alaga-da közi ýuwdup goýbermegi eşege palan atança-da görenok.
Maks Fridom Longyñ aýdanlary-da hut şuña meñzeş zatlardyr. Geçen asyryñ 40-njy ýyllarynda sirkde işlän bir ot iýiji Longa ýiti täsir edipdir. Ol gurnan bir çykyşynda diş lukmanyny-da çagyrypdyr. Ot iýiji wodorod odunuñ lowlap duran alawyny agzynyñ içine tutupdyr. Äñini-de bar güýji bilen açyp tomaşaçylara bolup geçýän ahwalata ýakyndan syn etmäge mümkinçilik döredipdir. Şeýle-de demirden edilen ýogyn simi sozulýança gyzdyryp, soñra ony dişleri bilen çeýnäpdir. Longa we diş lukmanyna gözleriniñ alnynda bolup geçen bu wakanyñ hakykatdygyna ynanmakdan başga çäreleri galmandyr.

■ Eşiklere nädip ot düşmeýärkä?

Otdan ýöreme tomaşalarynda iñ düşünüp bolmaýan zat, onda ýöreýän adamlaryñ ýanmaýanlygandan beter olaryñ eşikleriniñ oda durnuklylygydyr.
Gipnozdaky trans ýagsaý adamyñ tenini ýanmakdan gorap saklaýar. Onda joraby ýa-da aýakgaby nädip gipnotizläp bolýarka? Maharajanyñ birlaý egin-eşigi oduñ ortasyndan nädip ýanman-etmän geçdikä? Gonkongyñ buddist köz üstünde tans edýän darbazlaryñ eşiklerine-de ne alawlap duran ot, ne köz täsir edip bildi.
Britan muzeýinden W.T.Brigham hem Günorta deñzinde ýerleşýän ýanardagly Kona adasynda geçirilen ot üstünde ýöreýiş çäresine gatnaşmaga razylyk bildiripdi. Bu ýöreýiş başga ýöreýişlerden tapawutlydy. Çünki adadaky wulkan ýañy atylmaga başlapdy. Oña janpenalyk eden iki sany ýerli jadygöý Brighama özleri bilen bilen bile gyzyl ot bolup akyp ýatan lawalaryñ içinden ýöremegi teklip etdi. Olar ilki aýakgaplary çykarmak gerekdigini aýtdylar. Sebäbi olaryñ etjek tilsimi aýakgaba täsir edenokdy. Professor köwşüni çykarmaga ýaýdanjyrap duransoñ, jadygöýler ony şodurşuna öz yzlaran tirkediler. Brigham ýanan jorabyna we köwşüne hezil edip gülen jadygöýler bilen birlikde 46 metr ýol ýöräpdir. Ýöne onuñ aýagyna-da, eşigine-de hiç zat bolmandyr.

■ Ýa-da bize nämälim kanuny barmyka?

Fidjide geçirilen barlaglardan soñ Glanwill Korneý birnäçe psihologik çemeleşmäniñ közüñ üstünde ýöremäniñ syryny düşündirmekden ejizdigini aýdýar. Başga bir ýandan bu işiñ ruhy tarapy-da ýok... Çünki bu fizikanyñ kanunlaryna düýpgöter ters gelýär. Belki-de munuñ heniz bize nämälim fiziki kanunlary bardyr...

Täzelikler, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir