ENE – MÄHRIŇ ADAM KEŞBINE GIRMEGIDIR
Zenan – mähek daşydyr!
Mähek daşynyň gyzylyň saplygyny görkezişi ýaly, her bir milletiň nämedigini onuň zenanlara bolan garaýşyndan we ol milletde aýalyň eýeleýän omundan bilip bolýandyr. «Zenan mähek daşydyr» diýen pelsepäni döreden türkmen milleti aýala aýratyn söýgi hem hormat bilen garaýar. Men: «Zenan erkekler üçin kim we näme?» diýen mesele boýunça gürrüň etmekçi bolýaryn. Türkmen öz zenanyny baýdaga deňeýär. Baýdak milletiň ar-namysydyr hem abraýydyr.
Zenan biziň durmuşymyzyň gülüdir. Ol biziň bütin ýaşaýşymyzy gözellik hem mylaýymlyk bilen besleýär. Şonuň üçinem, ýaşaýşy zenansyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Biziň tutuş edebiýatymyz zenan mertebesiniň we zenan gözelliginiň waspyna bagyşlanandyr. Türkmen dilinde wasp edilişi ýaly, başga hiç bir dilde-de zenanyň tarypy ýetirilen däldir.
Türkmen paýhasy zenanyň edep sypatlaryny töwerekleýin beýan edýär.
Zenan edebiniň ilkinji şerti – uýat-haýaly bolmakdyr. Bu çuňňur hem manyly düşünjedir. Haýa zenanyň eşiginde-de, özüne beren serenjamynda-da, hereketinde-de, gep-sözünde-de, göwün-hyýalynda-da bolmalydyr.
Haýa – zenanyň aýratyn ruhy tebigatydyr. Halkyň ýok ýerinde, zenan-da ýokdur. Zenanyň egin-eşiginde bildirýän haýa eşigiň titilik, şelaýynlyk ýokundysyndan azat bolmagydyr, beden gözelliginiň bigänelere güjeňlenmezligindedir. Türkmen zenanynyň uzyn köýnegi, nagyşly ýakasy, başatgyjy muňa laýyk gelýär. Zenan gözelligi onuň beden gözelligi bilen asla-da bir zat däldir. Türkmeniň milli eşigi zenanyň köpçüligiň öňünde görünmeli gözelligini saklap, zenanyň diňe öz adamsyna degişli gözelligini bolsa, del gözden ýaşyryp, örtüp goýýar. Munuň özi milli gözellik düşünjämiziň hem inçeliginden, ahlaklylygyndan we adyllygyndan habar berýär. Gyz maşgalanyň öz ösüşinde oglandan tapawutlanyp ugran pursatyndan, onuň terbiýesi başgaça guralýandyr. Bu terbiýäniň maksady gyzyň edep-haýasyny çirksiz saklamakdyr. Haýaly gyzyň hereketi, gep-sözi başga bolmalydyr. Oňa ýumşaklyk, çeýelik mahsus bolmalydyr. Wahahaýlap gülýän, gatydan gygyryp gürleýän, gödek, gelşiksiz sözleri diline alýan türkmen gyzyny göz öňüne getirmegem mümkin däldir.
Zenanyň ýöreýşinde-de, oturşynda-da, iş edişinde-de ýumşaklyk bildirip durmalydyr. Zenan ýöreýşine türkmençe ýeriň gaýmagyny bozman ýöremek, oturşyna kepderi oturyşy, iş edişine guba gaz hereketi diýilýär. Beýle hereketde zoňtarlyk hem gödeňsilik ýokdur. Türkmen zenany ýylgyranda bägülüň açylyşyny ýatladýar, geplände bilbiliň saýraýşynyň owazy eşidilýär. Bu owaz howanyň asudalygyny bozman, kalbyň aýnasyny garaltman, göwün gulaklaryna baryp ýetýär. Türkmen zenanyna erkegiň bar ýerinde aýaklaryny uzyn salyp oturmak, aýaldarynyň arasyny açyp ýa aýbogdaşyny gurup oturmak mahsus däldir.
Haýa – ýüzdedir we gözdedir. Türkmen zenany erkegiň gözüniň içine seredip, ýüzüne göni dikanlap gürleşmez. Olar iň ýakynlary bilenem bir tarapa bakyp, ýüzüniň bir tarapyny ýeňi bilen ýapyp gürleşýändir. Zenany urmak, onda-da ýüzüne urmak külli günädir, iň uly aýypdyr. Erkek bilen ol aradaşlykda durup, köplenjem baş atyp ýa-da başyny ýaýkap habarlaşýandyr. Türkmende gyzlaryň ýüzi açykdyr, gelinleriň bolsa, köplenç, agzy ýaşmaklydyr. Ýaşmak – türkmen gelniniň erkek hossarlarynyň ýanyndaky hormat-sylagydyr. Şonuň üçinem, ýaşmak uzak wagtlap dowam edýär. Erkek hossary ýa garry eneler gelniň özüne sylag edýändigini görüp, monça bolup, birnäçe wagt geçenden soň, minnetdarlyk sowgat-serpaýy bilen gelniň agzyny açdyrýarlar. Çünki sylag diňe gep-sözde däl, eýsem, hereketdedir hem. Zenan tarapyn aragatnaşygyň gözelligi diňe gepleşikde däl, eýsem, dymmakdadyr hem.
* * *
Täze gelen gelni garry eneler maňlaýyna sylýar. Edil şonuň ýaly edip, täze dogan Aý hem maňlaýa sylynýar. Bu örän gadymy eýýamdan galan mukaddes hereketdir. Çünki gadymy eždatlarymyz Aýa hem aýala Hudaý hökmünde garapdyrlar. Aý – aýallyk jynsynyň nyşanydyr. Aý gijäniň tümlügini kowýar, dünýä ýagtylyk çaýýar. Türkmen zenanynyň edebi durmuş gödekliklerini kowup, dünýämize gözellik çaýýar. Onuň güler we nurana ýüzüni görüp, ähli dert-aladamyz, ownuk ünjülerimiz ýok bolup gidýär. Onuň ilkinji sözünden ýüreklerimiz ýylap, kalbymyz aram tapýar. Zenan jemalyny görüp, ýüreklerimiz hem gozgalaň, hem teselli tapýar, çünki Allatagala zenany ýüregimiziň ýakynyndaky gapyrgadan ýaradandyr. Adam ata zenanly bolmak üçin bir synasynyň kemelmegine dözendir. Munuň özi Adam tarapyndan örän uly akyllylyk bolupdyr, çünki ol juda az zadyny berip, oňa derek örän beýik bagtyny alyp bilipdir.
Zenanyň ikinji bir edep sypaty päklikdir. Türkmen gözeli päkdir, päkligini nikasy we wepasy bilen subut edýändir. Päkligiň netijesi-de päkizelikdir. Päklik durmuşda dogruçyllyk, adyllyk bolup ýüze çykýar. Men öz ömrümde zenanlaryň erkeklere garanda has dogruçyl, has adyldygyna köp gezek göz ýetirdim. Päklik zenanyň asyl tebigaty bilen baglanyşyklydyr. Ýalan – ýüregiň kiri, aýalyň ýüregi bolsa päkizedir.
Türkmen zenanynyň üçünji edep sypaty – mähremlik. Mähremlik – mähir eýesi bolmak. Zenan gözleri bize kimirsiz mähir bilen garaýar, ene elleri biziň mähir bilen başymyzy sypaýar, hatyn bizi uzak aýralykdan soň edalylyk, haýa hem mähir bilen bagryna basýar. Zenan bolmasa, dünýä mähirden mahrum galardy.
Türkmen zenanyna gözellik hem näziklik mahsusdyr. Zenan gözelligi Allatagalanyň ýaradan iň nepis zadydyr. Gözellige hemme zat – boý-syrat, kaddy-kamat, türkmeniň üç ýogyn, üç inçe, üç ak, üç gara diýýäni – bary girýändir.
Üç ýogyn – saçy, gerdeni we bilegi;
üç inçe – barmagy, bili we saçynyň tary;
üç ak – ýaňagy, alkymy we göwsi;
üç gara – zülpi, gözi we gaşydyr.
Zenan biziň üçin enedir, hatyndyr, uýadyr we gyzdyr. Türkmeniň zenan edebiniň şertleri zenanyň şu dört tejelligine baglylykda aýry-aýrylykda anyklaşýar.
* * *
Çaga atanyň bilinden, enäniň ýüreginden önýändir. Perzent enesi üçin ýüreginiň bir bölegidir. Şonuň üçinem, perzent bilen ene mähir arkaly baglanyşyklydyr. Ene bolmak
– mährem bolmakdyr. Ene perzendi göwresindekä, ýüreginden oňa mähir inderip durmalydyr, şonda rehemdäki düwünçek kanagat hem bagt bilen çaga öwrülýändir. Ene bäbegini mähir berip emdirmelidir, diňe şonda bäbek bagtlylyk bilen ösüp-ulalýandyr. Ene çagasyna mähir berip, soň naz-nygmat bermelidir, ene çagasyny mähir bilen mekdebe ugradyp, mähir bilenem garşy almalydyr. Ene çagasyna mähir bilen gatyrganyp, mähir bilen gujagynda götermeli, mähirli elleri bilen başyny sypamaly, mähir bilen öwüt-ündew edip, dogry ýola gönükdirmelidir. Perzent näçe uzaga gitse-de, ojagyň duzy hem ene ýüreginiň mähri hemişe ony dogduk öýüne gaýtaryp getirer.
Ene – mähriň adamy keşbine girmegidir.
Aýal edebiniň baş şerti – wepadyr. Türkmen zenany adamsynyň öňünde aýal, öý-ojagynda keýwanydyr. Aýal diňe özi üçin däl, eýsem, çagalary we adamsy üçin ýaşaýar, öz ömrüni şolaryň ömrüne sapýar. Şonuň üçinem, türkmen ojagy öçenok, şonuň üçinem, türkmen öýi zenanyň gerdeninde saklanýar. Ol ir ertirden giç agşama çenli öý-içeriniň aladasy bilen gydyrdanyp geçýär. Biş-düş, kir-çäk, öý-ojak arassalygy
– erkekleriň iň gahrymany-da aýalyň edýän bu işleriniň ondan birini-de edip ýetişýän däldir.
Türkmen zenany dilinde «Men wepaly» diýmeýär, ol öz wepasyny bütin ömri, işleri bilen görkezýär. Ýöne bularyň barynyň daşyndan hatyn ýene gazanç hem edýär ahyryn. Erkek munça-munça ýagşylygyň astyndan çykmak hakynda pikir bir edýärmikä?! Äri är edýän aýaldyr. Aýal – öýüň Hudaýydyr!
Türkmen zenany erkekden has artykmaçdyr. Zenan bagyşlap bilýär, zenan ärini bagyşlar, är aýalyny bagyşlap bilmeýär. Munuň özi zenanyň ähli günälerimizi bagyşlaýjy, bizi ýalkaýjy rehimli Hudaýa erkege garanyňda has ýakyndygyny görkezýär. Zenan näletkerde ogly-da bagyşlap bilýär, çünki ol adamsynyň we perzendiniň iliň gözüne ilmeýän ýagşy taraplaryny-da görmäge ukyplydyr. Bu ukyp onda näletkerdäniň düzeljegine bolan ynamy döredýär. Aýal adamsynyň ýaramaz etmişlerini-de özüne siňdirip otyr. Ol adamsynyň bikemal taraplaryny-da gizläp, ýuwup-ýuwmarlap, ile syr bildirmän otyr. Men kämahal oturyp pikir edýärin: eý, Hudaý, türkmen zenanynyň gerdenine daglaryň götermejek nähili agyr ýükleri urlupdyr?! Şolaryň baryny-da ol erkeklere elýetmez çydam hem mertlik bilen çekip ýör. Onsoň erkege däl, eýsem, aýala mert, merdana diýmeli ahyryn!
Türkmen öz aýalynda nesliniň dowamatyny görüpdir.
Zenan – bakylygyň nyşany.
Zenan – bakylygyň açary.
Zenan – bakylyga geçelge.
Bakylyk bolsa – perzentlerdir. Şonuň üçinem, biz çagalarymyza üýtgeşik hamraklyk bilen bakýarys. Biziň bu dünýäde goýýan iň uly nyşanymyz perzentlerimizdir.
Eger perzent, çaga biziň ruhy-biologik nyşanymyz bolsa, biziň döredijilik işimiziň miweleri-de dünýäde galdyrýan ruhy nyşanlarymyzdyr. Ruhy gymmatlyklary döretmek, binalary gurmak, döwlet döretmek – bularyň bary ruhy döredijilik işleridir. Ýöne şolary-da biz öz perzentlerimiz üçin amal edýäris. Şonuň üçinem, nesilleri terbiýelemek, olaryň maddy hem ruhy abadançylygynyň aladasyny etmek iň uly ahlaklylykdyr. Geljegi döretmek, goluň hem paýhasyň güýji bilen arzuwlary amal etmek iň uly ahlaky gahrymançylykdyr.
Türkmen çaga gezek gelende gaty hamrak, duýguçyl halk. Türkmeniň häsiýetinde agraslyk bilen hamraklyk utgaşýar. Ýogsam, göräýmäge, bu häsiýetler tebigaty boýunça biri-birine ýat häsiýetler ýaly. Agraslyk gyňyrlyk bilen sepleşip gidýän häsiýet. Ýowuz taryhy durmuş hem türkmen tebigaty onda şeýle häsiýeti kemala getiripdir. Emma çaga meselesindäki hamraklyk onuň ýüreginiň ýowuzlaşmagyna ýol bermändir. Çaga söýgüsi arkaly türkmen durmuşa söýgüsini, ýüreginiň duýgudan püre-pürlenip durandygyny görkezipdir. Çaga türkmende gyňyrlykdan, biperwaýlykdan, göwün sowuklygyndan halas ahlak sypatlarynyň kemala gelmegine sebäp bolupdyr.
Çaga terbiýelemekde ata-babalarymyzyň toplan baý mirasy bar. Şol baý mirasy mekdeplerde ýaşlara elýeterli etmek, öwretmek gerek.
Soňky döwürlerde çaga terbiýesini erkek kişileriň köpüsi aýallarynyň üstüne atdylar. Zenanlar bir-ä içeriniň ähli keşigini çekmeli, hemem çagalara terbiýe bermeli. Zenanlaryň keşigi hiç wagtam ýeňil bolan däldir, ýöne häzirki döwürde öňki döwürlerdäkidenem has artdy. Ärini, maşgalasyny ekläp-saklap ýören işjeň zenanlar az däl.
Zenanlar durmuşda okgunly, gaýduwsyz.
* * *
Mähribanlarym!
Diniň biziň altyn döwrümizde iki hili özboluşly jemgyýetçilik manysy bardyr. Birinjiden, din – ynanç-ygtykatlaryň ulgamydyr. Ikinjiden bolsa, din – durmuş keşbimizdir. Garaşsyz türkmen döwletinde biz dünýewi durmuş keşbini alyp barýarys. Emma diniň, onuň ynanç-ygtykat taraplarynyň ahlak manysyny goldanýarys. Çünki ahlak dinden gelip çykýandyr. Diniň ahlak kada-kanunlary ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda türkmeniň içki ynanjyna öwrüldi. Din türkmeniň ýüreginde ahlak binalaryny gurdy. Ol binalaryň berkdigine ýetmiş ýyllyk hudaýsyzlyk döwründe-de olaryň ýykylmandygy oňat şaýatlyk edýär. Şonuň üçinem, biziň haýyr hem şer, haramlyk hem halallyk, ynsaplylyk hem naýynsaplyk ýaly düşünjelerimiz özüniň gelip çykyşy boýunça din bilen baglanyşyklydyr. Günä bilen sogap hem şonuň ýalydyr. Dini düşünjeleriň esasynda o dünýä, dowzah hem jennet ýaly düşünjeler ýatan bolsa, dünýewi-ahlaky ýörelgeleriň esasynda türkmen döwletiniň, türkmen jemgyýetiniň, Altyn asyryň öňündäki borç duýgulary ýatýar.
Özüniň düýp aýratynlyklary boýunça aýala ikinji derejeli şahs hökmünde garan yslam hem türkmen durmuşynda aýalyň omuny peseldip bilmedi. Sebäbi aýalyň durmuşda tutýan şol uly omy türkmeniň has gadymy ynançlary, onda-da ruhy ynançlary bilen baglanyşyklydyr. Ruhy ynanç diýmek bolsa, bir görnendäkisinden juda uly zatdyr. Şu wagta çenli materialistler durmuş ynanjy döredýär diýip geldiler. Emma taryh, hakykat tersine şaýatlyk edýär: ynanç durmuşy, şol sanda taryhy durmuşy-da döredýär, ruhy ynanç durmuşy dolandyrýar, oňa dowamatyň görnüşlerini hem usullaryny berýär. Biziň arheologlarymyz Türkmenistanyň iň gadymy oturymly ýerlerinden beýleki tapyndylar bilen birlikde aýal hudaýlarynyň örän köp şekilliklerini tapýarlar. Ata-babalarymyz aýala hudaý, keramat hökmünde garapdyrlar. Şeýle ruhy ynanç, ruhy garaýyş degişlilikde aýalyň durmuşdaky ornuny-da kesgitläpdir. Keramat hökmünde garalýan aýalyň durmuşdaky erk-ygtyýary, hukuklary örän uly bolupdyr.
Yslam dininiň gelmegi bilen türkmen aýaly, elbetde, hudaýlyk ähmiýetinden kesilipdir. Emma oňa keramat hökmünde garalmagy ruhy ynançlarda-da, janly durmuşda-da dowam edipdir. Göroglynyň aýaly Agaýunusyň şahsyýetini ýatlaň. Agaýunus – perizat. Periler bolsa, adamdan akyl-paýhasy, aslyýeti, ahlak sypatlary boýunça has ýokarda durýarlar. Olaryň asly – otdan. Ot türkmeniň ruhy düşünjesinde keramatyň nyşanydyr. Ot arassalaýar, ot ýalkym saçýar, ot garaňkylygy aradan aýryp, nur saçýar. Orta Aziýanyň beýleki halklarynyň ynançlaryndan tapawutlylykda türkmenlerde periler diňe aýal jynsly diýlip hasaplanylýar.
Şeýle ruhy ynanç aýalyň jemgyýetdäki ornuny-da, maşgaladaky ornuny-da kesgitleýär. Taryhy kitaplar türkmenlerde dürli döwürlerde patyşa aýallaryň bolandygyna şaýatlyk edýärler. Aýallaryň içinde şahyrlar, bagşylar, alymlar, hatda harbylar hem bolupdyr. Maşgalada bolsa, birinjilik elmydama aýala degişlidir. Şonuň üçinem, türkmen dilinde şeýle diýilýär: aýal – maşgala! Bu dil aýratynlygy ruhy ynanç aýratynlygyndan gelip çykýar. Eger maşgala jemgyýetiň esasy birligi bolsa, eger jemgyýet örän köp sanly maşgalalardan ybarat bolýan bolsa, onda türkmenlerde aýal jemgyýetiň eýesidir. Jemgyýetiň ahlagy aýalyň ahlagyna gönüden-göni baglydyr. Şonuň üçinem, bu beýik hakykata oňat düşünen ata-babalarymyz aýalyň erk-ygtyýary, ahlak belentligi hem kämilligi hakynda aýratyn alada edipdirler. Türkmenlerde aýal keramat, ahlak gymmatlygy hasaplanypdyr.
Dünýäniň tagamy durmuşyň eşreti, ýaşaýşyň gözelligi hem gönezligi bolan türkmen aýaly Altyn asyrda ruhubelentligiň täze bir basgançagyna çykdy. Aýal – türkmen ahlagynyň päkligidir!
* * *
Okuwy ýaňy tamamlap geläýen uçurlarymdy. Işde bir kärdeşime diýseň synym oturdy. Ol işine ökdedi, işjanlydy, özem edeni bolup barýardy. Günortan çaýyny kä meňkide, kä oňkuda içerdik. Onuň maşgalasy ýaly agzybir maşgala örän seýrekdi. Arasy iki ýaşdan, setir ogullary bar, özlerem uly adamdan kiçeldilen ýaly. Salamly-helikli, ýeke-ýekeden gündeligini kakasyna görkezip, berekella alyp gidýärler. Öýlerine barsaň, çaýam basyrylgy durandyr, iýer-içerem taýyndyr. Süýji dilli aýalynyň elem süýji. Onuň adamsyna hormat goýşuny söz bilen beýan eder ýaly däl. Adamsynyň aýalyny ýürekden gowy görýändigem her sözünden bildirip dur. Men:
– Tüweleme, çagalaryňa terbiýe berip bilipsiň – diýdim.
– Terbiýe ejesindendir... Şeýle-şeýle etseňiz, kakaňyz hoş bolar diýip, meniň adym bilen seýisläp ýörendir.
Men olaryň bagtly maşgalasyna daşyndan buýsanýardym, Zöhre-Tahyr bolup, söýşüp, durmuş gurandyrlar öýdýärdim. Soň bir öwrümde bolan wakany gürrüň berse-de, men ozalky pikirimde galdym...
Meniň kärdeşim şindi okap ýörkä ene-atasy daş obada garyndaşlary bilen guda. bolýarlar, toý sähedi bellenýär, gelnalyjy ugradylýar. Emma bolmasyz ýagdaý bolýar duruberýär. Gelnalyjy oba ýetip gelýär, gyz bolsa gaçypdyr!.. Kakasy bende kellesini tutup, bagryny ýere beräýipdir, bu namysa çydaman, aýallar-a orlaşypdyr... Garasaý, türkmeniň ölümden erbet görýän işi bolupdyr.
Gyzyny durmuşa çykarjak bolan adam iki dogan eken. Bu masgaraçylyga çydamadyk inisiniň gyzy ejesine:
– Ýüzügaralykdan sypyp bolar öýtseňiz, meni çykaraýyň – diýip, olary köşeşdirmäge çalşypdyr.
Ýaşuly tapylyp, maslahat oňlanýar. Inisiniň entek ýaşy doly ýetmedik gyzyny gaçan gyza derek durmuşa çykarýarlar. Ynha, şol gyz meniň kärdeşimiň aýaly eken! Men geçmişde bolan bu wakany eşidenimden soň, kärdeşimiň maşgalasyna has hem synym oturyp, has hem sylap başladym. Soň bir öwrümde kärdeşim äre gaçan gyzyň ýagdaýy barada gürrüň berdi: onuňky şowlamandyr. Ene-atadan geçip, gaçyp baran äri bile bir ýylam ýaşaşyp bilmändir, häzirem üçünjimi-dördünji äri bilen ýaşaşyp ýörmüş, gatnaşyklary ýokmuş...
Durmuşda her hili zatlar bolup biler, ýöne är bilen gaçmak diýen zady welin, men oňlamaýaryn. Gaçmak – bu bagtyňdan gaçmakdyr. Hiç bir ata-ene perzendiniň betbagt bolmagyny isleýän däldir. Her hili ýagdaý ýüze çykanda-da düşünişip bolar. Çaga ýetişdirmegiň kynçylygyny her bir kişi bilýändir. Jigeriňden önen perzendiň ýüzüňe gara çekip gitse, bu çökder urgy bolýar.
Mähriban ýaşlar!
Öýlenmekde-de, durmuşa çykmakda-da howlukmaçlyk etmäň! Türkmene her bir işde ýedi ölçäp bir kesmek mahsusdyr. Her bir tutumda ata-eneňiziň iň ýakyn maslahatçyňyzdygyny unutmaň. Bir iş etmekçi bolsaňyz, hökman ata-eneňize sala salyň. Şonda olaryň depesi gök dirär. Siziň işiňiziň şow almagy, bagtyňyzyň açylmagy üçin etek alty-ýeň ýedi bolup ylgar!
Ata-enäniň garşysyna gidilip, gazanyljak zat biçak uly, biçak gymmatly bolsa-da, şol bähbidiňizden geçmegi başarsaňyz, döwlet taparsyňyz, bagt taparsyňyz.
* * *
Zergärçilik miladydan öňki III-II müňýyllyklarda hakyky sungat derejesinde ýüze çykyp, ösüp başlapdyr. Ýöne zergärçiligiň ilkinji alamatlary has gadymy döwürlerde, ilkidurmuş adamlarynyň awçylyk bilen meşgul bolan zamanlarynda döräpdir. Türkmen topragynda irki adamlaryň gonalgalary bolan Jebel, Damdamçeşme düşelgelerinden wiý ýönekeýje bezeg daşlary tapyldy. Jeýtunda ýaşan adamlar balykgulaklary aýal-gyzlaryň bezeg şaýlary üçin ulanypdyrlar.
Aýal-gyzlar üçin gymmatbahaly daşlardan monjuk, asyk, ýüzük ýaly zatlary ýasamak Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda has hem ýörgünli bolupdyr. Şol ýerden tapylan bu ýerde ýokary derejede bolandygyny görkezýär. Baýramalynyň ýakynyndaky harabalykdan tapylan bir müňden gowrak monjuklaryň we haýwanlaryň şekili çekilen möhürleriň V-VI asyrlara degişlidigini alymlar kesgitlediler.
Türkmenler şaýlary, esasan, kümüşden ýasapdyrlar. Sebäbi kümşüň saglyga peýdasy türkmenlere gadymdan mälim bolupdyr. Kümüş köp kesel döredijileri ýok edýär, bedeniň gan aýlanyşyny sazlaşdyrmaga kömek edýär.
Zergärçilik orta asyrlarda has ösüpdir. Ýörite kümüşçiler obalary bolupdyr. Seljuk şasy Mälik şa döwrimde Maryda 15 müň zergär bolupdyr. Olar aýal-gyzlary, atlary bezemek üçin örän ajaýyp şaýlary ýasap satypdyrlar. Gyzlara, gelinlere, ýaşy durugşan zenanlara ýaşyna görä şaýlar ýasalypdyr.
Gupba, çekelik, sümsüle, kökenli ýüzük, apbasy gyzlara degişli şaýlar bolsa, asyk, saçýüzi, maňlaýlyk, bilezik, çapraz-çaňňa gelinlere degişli şaýlar hasaplanypdyr. Ýaşy bir çene baran zenanlar düwmeleri, şelpeleri bolmadyk tumar, heýkel, bent ýaly salyhatly şaýlary dakynypdyrlar.
Şaýlar çagalara-da dakylypdyr. Oglanjyklara ok-ýaý şekilli şaýlar, gyzjagazlara düwmeler, dogaçyr dakylypdyr. Hatda kähalatlarda ik, ikbaş hem kümüşden ýasalypdyr.
Gelin-gyzlaryň boýuny-başyny bezeýän, şyňňyrdaşyp, ajaýyp, näzik owaz edýän şaýlar, çarpaýa galanda, Günüň tygyna ýalpyldaýan bedew atyň kümüş bezegleri, çagajyklaryň ädimine görä düňňürdeşýän düwmeleriň owazy türkmenleriň göwnüni galkyndyrypdyr, olaryň ruhuny göteripdir, ýaşaýşa höwesini artdyrypdyr.
Türkmen şaý-sep, zergärçilik sungatyna keramat hökmünde garaýar. Biziň gadymy şaý-seplerimiz peri-peýker ýaly gözelleriň bezegi bolup geldi. Türkmen bedew atyny hem şaýlamagy hökmany bilýär. Dünýä bazarlarynda gadymy şaý-seplerimize örän gymmat baha kesilýär. Dünýäniň meşhur kino ýyldyzlary, teatr ýyldyzlary, sungat, edebiýat bilen dahylly meşhur zenanlary hökmandan-hökman türkmen şaý-seplerini dakynmagy dereje bilýärler.
Türkmen gyzlarynyň şaý-seplerine üns beriň: gupba – tuwalga, çekelik – bukaw – boýundan gylyç salynmazlygyny üpjün edýär, gülýaka döşi, gursagy goraýar. Bilezik goly, donuň öňüne, arka tarapyna dakylýan dürli apbasylar, dürli şaýlar peýkamdan goraýar. Türkmen gyzyny doly şaý-sep bilen bezeseň – ol doly söweş geýmine giren juda owadan söweşiji gyz bolýar. Hasaplanyp görülse, bir aýal ähli şaý-sepini dakynsa, otuz alty kilogram altyn-kümüş götermeli bolýar.
Türkmeniň zenana goýýan bahasyna bakyň!
* * *
Keşde çekmek gelin-gyzlarymyzyň ýürek arzuwyndan, Ol barmagynyň gudratyndan dörän sungatdyr. Edil halynyň, keçäniň nagyşlary ýaly, keşdeleriň hem syrly manylary bar. Her keşdäniň öz orny bolup, olar aýal hem erkek adamlaryň, çagalaryň eşiklerine ýaş aýratynlygyna görä salynýar. Gelin-gyzlaryň tahýasy, köýneginiň ýakalary, kürte-çyrpylary, elbukjalary, erkek kişiniň tahýalary, ezýaka köýneginiň ýakasy, elýaglygy keşde bilen nagyşlanýar.
Halynyň, keçäniň keşde – nagyşlarynyň arasynda-da özara baglanyşyk bar. Mysal üçin, alaja, goçak nagyşlary şularyň hemmesinde gabat gelýär. Munuň özi türkmen gelin-gyzlarynyň bu sungatymyň diňe olaryň öz kalbyndan syzylyp, türkmen topragynda dörändigini aňladýar. Olar türkmen ruhunyň reňklere siňen näzik owazlarydyr.
* * *
Gorkut ata türkmeniň maşgala ahlagynyň esasyny goýdy. Ol türkmen maşgalasynda aýalyň kesgitleýji omuny ykrar etdi. Ahlak mugallymy hökmünde ol edil erkek kişileriňki ýaly, aýallaryňam birnäçe ahlaky kysymyny beýan etdi.
Oňyn ahlakdaky aýallara öýüň – maşgalanyň daýanjy diýip at berdi.
Ýagşy aýal maşgalanyň abadançylygynyň daýanjydyr.
Ýagşy aýal öýüň rysgalynyň daýanjydyr.
Ýagşy aýal öýüň akylynyň daýanjydyr.
Ýagşy aýal öýüň ar-namysynyň daýanjydyr.
Ýagşy aýal maşgalanyň at-abraýynyň daýanjydyr.
Daýanç – sütündir.
Daýanç aýrylansoň, abadançylygam, rysgalam, akyl-paýhasam, ar-namys hem, at-abraý hem galmaýar.
Şeýdip, Gorkut ata türkmen zenanyny gaty belende galdyrdy.
Erkek – aýaly bilen erkekdir.
Äri är edýänem – aýal, äri gara ýer edýänem – aýal.
Şuny tekrarlan Gorkut ata ýene aýtdy:
Aýalyň ýykan öýüni Taňry hem düzedip bilmez.
Är – öýüň goragy, aýal – öýüň diregi, direg bolmasa, goragyň ne manysy bar.
Aýal äri üçin ýaşar, är ili üçin ýaşar.
Gorkut atanyň maşgala baradaky pikirleri türkmen maşgalasynyň ahlak durkunyň doly kemala gelendigini görkezýär. Şol durkuň içinde aýal maşgalanyň öz mizemez orny bar. Hiç kim ol omy eýeläp, tutup bilmeýär.
* * *
Eziz gyzym!
Gyz edebiniň baş şerti – ekramly bolmakdyr. Ol enesiniň öňünde-de, atasynyň öňünde-de, özgeleriň ýanynda-da ekramly hem mylaýymzada bolmalydyr. Ebtini oňarman ýörene, synasyna seretmän ýörene türkmen gyzy diýmek bolmaz. Ol bir özüni däl, doganlaryny-da, öý-ojagy-da bezeýär ahyryn.
Gyzyň ýüregi näzik, akyly mähek bolýandyr. Gyzyň zehini oglanyňkydan ýiti bolýandyr. Gyz şonda-da ata-enesinden erkek doganyna garanda, az tamakin bolýar. Çünki, gyz göwni pessaýdyr.
Uýa edebiniň baş şerti – mähriban bolmakdyr.
Naçar uýa dag ýaly erkek doganyň söýgedidir.
Mähriban gyzym!
Türkmeniň zenan edebi gözeldir, manylydyr hem sadadan gelen çylşyrymlydyr. Türkmen adyna mynasyp boljak bolsaň, ony ýagşy öwren, durmuşyňda özüňe mahsus wepalylyk bilen onuň şertlerini berjaý edip ýaşa! Goý, göreniň gözi gitsin! Şonda seniň göwnüň göteriler. Ömrüňe röwşenlik çaýylar!
Ruhnama II kitapdan.
http://kitapcy.com/news/2021-02-09-13647
Ene - mähriñ adam keşbine girmegidir
-
muratik
3 years ago
- Kitapçy.com agza bolup bolýamaý agam bäre 2ýyldyr girýän (aktiw däl welin) 1 2 aý bäri kelle sokar ýaly etmediler
-
wagt
3 years ago
- Agza bolup bolya, eger bolup bilmeseñiz hasturkmen84@gmail.com salgymyza yazay, login-parol bererin.
-
Pegas
3 years ago
- Sözbaşyny owadan gördüm.
Arslanova.L_05 3 years ago- +++like baybuu nevela uzak ellerin dert gormesin