/Taryhy oýlanma/
Gyşyň albaý bulap başlan döwürleri, güýzüň soňky aýy. Meniň köplenç ölüm hakda oýlanýan günlem. Onsuzam, güýz ölüm ýassygynda ýatan hassa çalym edýär. Küle öwrülen ýapraklaryny bagryna basyp amanadyny gyşa tabşyrmaň kül-külünde. Baglardan eýýäm haçan ryzky aýrylan “nowbahar” ýapraklardan soň, ýaňy-ýakynda ryzky aýrylan “körpe” ýapraklar hem ondan oňa gaýmalaşyp ýör. Goý, gaýmalaşsynlar, keýpden çyksynlar. Ýaprak şemaldan gaçýarmy, ýa ol şemaly kowalaýarmy, öz işleri. Belki-de olar daşyndan görnüşi ýaly däldir. Güzeranlarynyň derdinde ylgaşyp ýörendir kim bilýä!? Haýsysy bolanda-da ahyrynda topraga garylyp, topraga meňzäp, siňip, çüýräp, ýitip ýok bolup gitmeli. Her bir zat ýaly. Çärhy pelegiň häsiýeti-dä. Ilki-ä, gözüňe söweýin, jomartlyk bilen eçilýär, soňam gözüňe basyp yzyna alýar.
Galanyň üstündäki käbir oýuklarda öňňinki ýagan ýagyşyň suwy keşbiňi görübermeli durlanypdyr. Günem eňegini ýere berip, batmaň hyýalynda, batsammykam-batmasammykam diýip ikirjiňlenip durana meňzeýär. Şapagam gitdigiçe ot alýar, barha alawlaýar. Ýeri, beýle näme tutaşýaň diýsene. Ýa gijäň güýjüne haýbat atýarmyka?! Dogry, haýbatam mertligiň ýarysy. Gije-de şapagyň dik maňlaýyndan bärligine gaýdyp ugrady gözýetimden, görer-dä. Şapagyň reňkine suw sepäýmese biridir. Bulutlaram türkmeniň öňki döwürdäki tire-taýpalary ýaly bölek-bölek bolup ümdüze tutduryp barýarlar. Adamlaram aýak aldygyna aýaklaryny işledip, hersi bir tarapa, bary çar tarapa howlugyp, alňasaşyp barýarlar. Adam pahyryň şo bolşy, hökman bir zadyň yzynda selpidäp ýörendir. Garaz, yns-jyns hereketde.
Bu ýerde hereketsiz duran iki zat bar: döwründe “men” diýen, häzirem ýüzýyllaryň ýagyşyna mazaly ezilip, ezenegi agan galalar bilen şo “men“ diýen galanyň üstünde öňüne seredip, geçmişini synlaýan men. Ikimiziňem başymyz egik ýüzümiz salyk.
Gurulanda “Erk galasy” diýip at berlenem bolsa sekiz asyr öň erkimiziň ýykylan däl ýumrulan ýeri. Soltan Sanjaryň sanjagynyň synan ýeri. Şöhratly Merwiň paltasynyň daşa degip, külli türkmeniň ykbalyna palta urlan ýeri. Türkmeniň döwlet gurup, döwlet baryny basyp alyp, döwletsiz galan ýeri. Müň ýyldan iki asyr kem döwran süren zyr-zöwran ýyllaryň başlan ýeri. Hany, köşeş ýüregim, darykma! Maňlaýdyr, bu bir Alla işi. Boljak işe çäre ýok.
Bärde hemme zat ýüzüni ýere salyp otyr, başy dik tutup duran hol ýeke tut diýäýmeseň! Olam şu ýeriň müjewüri bolsa gerek.
Gözüm ýumup, beýik geçmişimi görjek bolýan. Görýäňmi? Aýgytly ýörişde ýeňiş gazanyp, galaň kybla derwezesinden seýkin basyp gelýän gyr atyň üstünde oturan syrdam keşpli, syrma gylyçly, altynsow sowutly, tuwulgasyna bürgüdiň ýelegi sanjylan Alp Arslany. Arkasynda wezirleri, serkerdeleri, bütin goşuny… Galaň içi uly dabara: şowhun el çarpyşmalar, jarçylar, surnaýçylar, jemläp aýdanyňda elipbiýimizde otuz ses bar bolsa-da kyrk-elli tüýsli sesiň ýerden göge galyşy.
Aslynda orta asyr diýlende meniň göz öňüme iki şahsyýet gelýär. Orta asyrdaky ýeňişler, ýeňlişler, dartgynly wakalar, gurulyp ýykylýan döwletler… şu iki şahsyýetde jemlenýär. Biri Alp Arslan beýlekisi Jelaleddin. Ikisem oňurgalaryndaky her bir bogunyň ýiliklerine çenli özüniň soltanlygyny duýýan, edermen batyr, ugurtapyjy, ökde serkerde. Biri Roman Diýogeni, beýlekisi Çingiz hanyň “Hudaý tarapyn mukaddes guşunyny” ýeňýär. Ikisem mertlerçe söweşden soň namartlarça öldürilýär. Ah, zalym pelek!
Käte galanyň üstünde assajykdan ýörän bolýan, hamana öýe barmany gijikdirmek isleýän ýaly, Gözümiň çuňlygyndan syn edýän: ýaşy bir çene baran garrynyň döwük, gädik dişleri ýaly gala diwarlaryna, galyndylara, küýze döwüklerine, harabalara, minaralara, garalyp giden syrkynlara… Nämedigin-ä doly bilemok welin bir zatlar duýjak bolýan: soltanlar, serkerdeler, senetkärler, ussatlar, şägirtler, medreseler, kitaphanalar, täjirler, bazarlar, daýhanlar, derwüşler, myhmanlar, mülhit içalylar… her biri janlanyp öňümden geçip duran ýaly. Kimleriň erki ýatyr bu ýerde, kimileriň süňki. Bu topraga Watan üçin jan beren gerçekleriň dury gyzyl gany bilen gyýa gözlileň zakgun goýy gyzyl şeraby damandyr.
Şeýle bir depäm guruşýar, damagyma-da ýumruk dykylan ýaly. Horkuldap-horkuldap, içigip-içigip içimi boşadasym gelýär. Menden bidin gözümden ýaş syzyp dur. On iki süňňüm syzlap dur. Sebäbi gulagyňy deşip gelýän ümsümligiň aňyrsynda taryh sözläp dur, hiç bir radionyň tutup bilmejek tolkunyndan, Eý, Merw! Seň üçin diňe men däl, ogluny aldyran ata mysaly gojaman taryh aglaýar.
Merw! Ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýäň. Eger “Gün batyp” kerweniň düşlän bolsa, edil häzir gün batsa-da “Günüň dogdy”. Bagryň berip, ýatma beýdip tekjedäki tozan basyp giden kitap ýaly. Sahypalaryňy waraklap, manylaryny külterlejek bolaryn, söz berýän. Ýöne sen bir silkin-de, tirsegiňe gal.
Ine, az salymdan ýagyş ýagar. Hanha bir-birine mäkäm jebisleşip lemmer-lemmer bulutlar ýetip gelýär.
Merw (Erk galasy)
-
Sada...
3 years ago
- @Arslanalayew oz oylanmanyzmy?
Arslanova.L_05 3 years ago- +++