Durna we tilki

Bir gün durna tilkiň öýüne myhmançylyga barýar. Tilki hem tarelkada çorba berýär. Durna-da içip bilmeýär. Muňa-da içi ýanýar.

– Senem meňkä myhmançylyga aýlanaweri, dost – diýip, durna tilkini öýüne çagyrýar.

Durna-da tilkiň öňüne küýzede çorba goýýar. Tilki hem “truboçka” çykaryp çorbany içýär we:

– Men bu ertekini öň okapdym – diýýär.

***

Çagalykdaky arzuw

Iki garry ýaşuly gürleşýär:

– Heý, seniň çagalykda eden arzuwyň hasyl boldumy?

– Howwa-la!

– Hany aýdyp ber.

– Men kiçikäm ejem jan saçymdan çekip urardy. Menem basymrak kel bolsam diýip arzuw ederdim…

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir