Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok,
Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm!
Men häzirem seni açyp bilemok,
Ýaşap ýörün gury „at“ bolup, dünýäm!
Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen,
Aklym — azaşylan, huşum — ýitirlen.
Gözleriňi ýum-da, hany, pikirlen:
Başararmyň mensiz şat bolup, dünýäm?
Gijeler — garaňky.
Aý, bul-a geň däl!
Ýöne gündiz Günem — adaty Gün däl...
Ýaşamak şeýle kyn,
bagtdan, müň däl,
millionlarça gezek ät bolup, dünýäm!
Söýgini „B“-den däl, başlapdyk „A“-dan,
Ýa sen juda gyrpa, men çöňňe ýa-da...
Birmahal ýüregňi eýelän adam
Galybermelimi ýat bolup, dünýäm?!
Sapa HOMMADOW
Ýene-de sen hakda...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Tuweleme, ajap goshgular√
-
Ahmedik_97
3 years ago
- 29.01.2021 7:18
-
Kalp
3 years ago
- şu daýy gowy ýazýar diýýän
Nowcha90 3 years ago- Sen ýok.
Bir gün gadryň biliner..."
(aýdymdan)
Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär...
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.
Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýesiz!)
Sen ýok — ömür dowam etdi biperwaý,
Sen ýok — bu duýgulam galdy söýesiz.
Pasyllar ornuny çalşyp geldiler,
Ýaz-a ýaz däl,
Özün unutdy tomsam.
Ýatamda bagrymy kerçedi "Sen ýok",
"Sen ýok" ýüregimi gyýdy oýansam.
Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi...
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..
Düşünýänem ýogsa, ahyrsoňunda,
Hawa, şu "Sen ýok"-lar berkider meni.
Adam-da... küýsegden bagryň dilinýär...
Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär...
Sapa Hommadow