ÖKÜZ BILEN EŞEK HAKYNDA HEKAÝAT

«Biler bolsaň, gyzym, bir baý söwdagär bar eken — diýip, wezir gürrüň bermäge başlapdyr: — Onuň süri-süri maly bar eken, onuň aýaly hem çagalary-da bar eken, onuň özi Allatagalanyň gudraty bilen, mallaryň hem guşlaryň dilini-de bilýän ekeni. Ol söwdagär bir obada ýaşaýar ekeni, onuň gapysynda bolsa öküzi hem eşegi bar ekeni. Bir gezek öküz eşegiň ýatagyna baryp görse, onuň ýatagy syrylyp-süpürilip hem suwlanyp goýlup, ap-arassaja bolup duranmyş, eşegiň ahyrynda bolsa elenip arassalanan arpa, öýdelen saman bar, eşegiň özi bolsa arkaýyn çäşerilip ýatanmyş, dynç alýarmyş diýýär, özi-de käwagt bir iş çykanda, hojaýyn ony münýär diýäýmeseň, ol eşegiň edýän işi ýokmuş, hojaýyn münüp giden wagty-da kän eglenmän, derrew gaýdyp gelýär ekeni. Günlerde bir gün öküziň eşege aýdan sözlerini hojaýyn eşidipdir: «Seniň bagtyň getiripdir! Meniň ýadap sütünim süýnýär, sen bolsaň ýatyrsyň, özüňem elenen arpa iýýäň, saňa gowy seredýärler, diňe käwagt hojaýyn seni münüp, bir ýere baryp gaýdýar, men weli ömürbaky ýer sürmeli, degirmen aýlamaly». Eşek hem oňa şeýle jogap beripdir: «Seni meýdana äkidip, boýnuňa boýuntyryk atarlar weli, sen ýykyl-da ýatyber, ursalaram turma ýa-da turan bol-da, ýene ýatyber. Onsoň seni yzyňa, ýatagyňa getirerler-de, noýba bererler weli, sen ony iýmegin, ýalandan syrkawlan bolgun-da, bir gün, iki gün ýa-da üç günläp hiç zat datman, otdan-suwdan kesilgin, ine, onsoň agyr zähmetdenem dynarsyň, dynjyňy-da alarsyň». Söwdagär bolsa bularyň gürrüňini diňläp duran ekeni. Ine, onsoň öküzi işledýän adam onuň agşamky ot-iýmini getirip berende, öküz çala dadypmy-datmanmy, garaz, iýmän saklanypdyr. Ertesi irden hyzmatkär öküzi ýer sürmäge äkitmäge gelse, öküziň iýmän-içmän ýatanyny görüp: «Wah, düýn öküz işe ýaramady diýdim-le, janawar näsaglan ekeni!» diýip gynanypdyr. Onsoň ol hyzmatkär söwdagäriň ýanyna barypdyr-da: «Baýar aga, öküz işe ýaranok: ol öten agşam iýmini-de iýmändir, asyl agzyna zat almandyr» diýip habar beripdir. Söwdagär bolsa bu zatlardan eýýäm habardar bolansoň, oňa: «Bar-da, öküze derek eşegi äkit, onuň bilen uzynly gün ýer sür» diýipdir. Agşama golaý, eşek uzakly gün ýer sürüp gelenden soň, öküz onuň ýanyna baryp, bu gün özüni agyr zähmetden dyndaran oňat maslahaty üçin oňa hoşallyk bildiripdir, emma eşek oňa hiç hili jogap bermändir, öz edenine özi biçak ökünipdir. Ertesi günem ol daýhan gelip, eşegi alyp gidip, onuň bilen agşama çenli ýer sürüpdir, eşek boýnunyň ýüzüni sypjyryk-sypjyryk etdirip, öler ýaly ýadap gelipdir. Öküz bolsa onuň keşbine göz gezdirip, ýene oňa hoşallyk bildiripdir hem-de ony taryplapdyr, eşek bolsa içiniň ýangynyna: «Meniň agynap ýatmakdan başga işim ýokdy, emma öz ýaňralygymdan zyýana galdym!» diýip haýkyrypdyr. Soňundan bolsa: «Biler bolsaň, öküz dost, men saňa elmydama tüýs ýürekden maslahat berýändirin; biziň hojaýynymyzyň aýdanlaryny men öz gulagym bilen eşitdim: «Eger öküz beýdip galman ýatjak bolsa, onda ony gassaba eltip beriň, goý, ony öldürsin, hamyny-da çaryk bolar ýaly edip kesişdirsin» diýdi. Seniň janyňa haýpym gelýär, şonuň üçinem saňa öňünden duýdurýan. Ynha, ýagdaý-a şeýle!» diýipdir.
Öküzem eşegiň bu aýdanlaryny diňläp, oňa hoşallyk bildiripdir-de: «Ertir men olar bilen işe çykaryn!» diýip, öz öňünde goýlan ot-iýmleriniň hemmesini iýipdir, hatda ahyryň düýbünde galan çyr-çyrşak galyndylaryny-da dili bilen ýalap çykypdyr. Hojaýyn bolsa bu gürrüňleri-de doly eşiden ekeni. Ertesi gün dogansoň, söwdagär öz aýaly bilen sygyr ýatagynyň ýanyna gelip oturypdyr, daýhan hem gelip, öküzi ýatakdan çykarypdyr; öküz öz eýesini gören badyna, özüniň keselden gutulanyny bildirjek bolup, guýrugyny jaýtardypdyr-da, içinden üýtgeşik ses çykaryp, aýagaldygyna jyrtlap ugrapdyr, söwdagär bolsa oňa güle-güle, ýüzin ýykylypdyr. «Sen nämä gülýäň?» diýip, aýaly ondan sorapdyr. «Men bir zady gördümem, eşitdimem, emma bu syrymy açyp biljek däl, men ony aýdaýsam, hökman ölerin» diýip, söwdagär öz aýalyna jogap beripdir. «Sen eger ölýänem bolsaň, ony maňa hökman aýan etmelisiň hem-de näme üçin gülenligiň sebäbini aýtmalysyň!» diýip, aýaly öz diýenini tutupdyr. Emma söwdagär: «Men bu syry açyp bilmerin, sebäbi men ölümden gorkýaryn» diýip jogap beripdir. Aýaly bolsa:
«Sen, belki, maňa gülýänsiň!» diýip heňkirip başlapdyr-da, tä ol boýun bolup, gaýgy-gama batýança azar berip bizar edipdir, şondan soň ol çagalaryny ýanyna çagyrypdyr hem-de ölmezinden öň wesýetnama ýazdyryp, şol syry aýalyna aýan edip, onsoň ölmek üçin kazyny hem şaýatlary çagyrtmaga adam iberipdir. Onuň ölümine razy bolmagynyň sebäbi ol aýalyny çyn aşyklyk bilen söýýär ekeni, üstesine-de ol aýal onuň öz daýysynyň gyzydy hem çagalarynyň enesidi. Söwdagäriň özi bolsa indi ýüz ýigrimi ýaşyny dolduran adamdy. Ondan soň ol söwdagär özleriniň kowum-garyndaşlarynyň hem-de şol köçede ýaşaýan adamlaryň barysyny çagyrdyp, şu hekaýaty olara gürrüň beripdir, üstesine-de öz syryny aýan eden wagtynda özüniň öljekdigini aýdypdyr. Şonda ýygnanan jemagatyň hemmesi onuň aýalyna ýüz tutup: «Allanyň haky üçin, sen beýtme, öz äriň hem seniň çagalaryň atasynyň ölmezligi üçin, bu päliňden gaýt» diýipdirler. Emma aýaly: «Tä aýdýança, ondan el çekmerin! Ölse, goý öläýsin!» diýip heňkiripdir.
Onsoň hiç kim sesini çykarmandyr. Onsoň ol söwdagär täret kylyp gelmek, soňundan-da syryny açyp ölmek üçin mal ýatagyna bakan meýdana çykýar. Söwdagäriň bir horazydyr elli sany towugy bar ekeni, ondan başga-da ýene bir iti hem bar ekeni. Söwdagär öz itiniň horaza käýýäp gygyrýanyny eşidipdir. It horaza: «Sen näme guduraýarsyň, biziň eýämiz öljek bolup ýör ahyryn!» diýipdir. Onda horaz: «O näme üçin?» diýip sorapdyr. It bütin ahwalaty başdan-aýak gürrüň beripdir, horaz bolsa gygyryp aýdypdyr: «Eger walla, biziň baýar agamyzyň akyly ýok! Ynha, meniň elli sany heleýim bar, eýdip biriniň göwnüni tapýan, beýdip birine ýaranýan, garaz, ugruny tapýaryn. Biziň hojaýynymyzyň bolsa diňe ýekeje aýaly bar weli, ol şonuňam ugruny tapyp bilenok. Bir desse tut çybygyny alaga-da, heleýini çolaja tamyň içine eltip, tä ölinçä ýa-da dagyduwara şonuň ýaly zady soramaryn diýip puşman edinçä saýgylasa bolmaýarmy!»
Söwdagär bolsa horazyň ite ýüzlenip aýdanlaryny eşidip duran ekeni — diýip, wezir öz gyzy Şährizada gürrüň bermek bilen, oňa: — Eger gulak asmasaň, şol söwdagäriň öz aýalyna görkezen oýnuny menem saňa görkezerin» diýipdir.
«Ol näme oýun görkezipdir?» diýip, Şährizada öz atasyndan sorapdyr. Onsoň wezir gürrüňini dowam edipdir: «Ol bir desse tut çybygyny kesip alypdyrda, çola tamyň içinde ýygşyryp goýup, soňundan aýalyna: «Bärik gel, şu tamyň içinde men saňa barysyny aýdyp bereýin-de, iliň gözüne görünmänem öleýin» diýip, ony şol çolaja tama eltipdir. Aýaly tama giren badyna, söwdagärem işigi içinden ildiräge-de, ony şeýle bir saýgylap başlapdyr weli, aýaly özünden gidere gelip: «Waý, aýtma-leý!» diýip gygyrypdyr. Ondan soň aýaly onuň elinden-aýagyndan ogşap, toba-puşman edipdir hem äri bilen bile daş çykypdyr, onuň garyndaşlary-da, ýygnanan jemagat-da begenipdirler, şondan soň bolsä olar tä ölinçäler uruşman-sögüşmän, örän oňat durmuşda ýaşapdyrlar».
Atasynyň bu sözlerini eşideninden soň hem, weziriň gyzy şol bir diýenini gaýtalap: «Meniň isleýän zadym hökman bolaýmalydyr!» diýipdir.
Onsoň wezirem gyzynyň şaýyny tutupdyr-da, ony Şähriýar patyşanyň ýanyna äkidipdir. Şährizada bolsa özünden kiçi aýal doganyna gep öwredip, oňa şeýle diýipdir: «Men patyşanyň ýanyna baranymdan soň, seniň yzyňdan adam iberip çagyrdaryn, senem gelersiň-de, patyşanyň menlik işini bitirip, göwün solpusyndan çykanyny aňlanyňdan soň, maňa: «Jan doganjygym, biziň bilen bir meýdan gürrüň ediş-de, ukusyz gijäni gysgaldar ýaly, bize gyzyklyja bir zat aýdyp bersene» diýen bolgun, onsoň menem size bir zat aýdyp bererin welin, şonuň özi-de Allanyň kömegi bilen biziň başymyzy azat eder, enşalla».
Ine, onsoň Şährizadanyň atasy öz gyzyny patyşanyň ýanyna alyp barypdyr, patyşa-da ony görüp begenipdir hem-de: «Ýeri, sen maňa gerek zady getirdiňmi?» diýip sorapdyr.
Wezirem: «Hawa» diýipdir.
Şähriýar patyşa Şährizadany öz ýanyna almakçy bolanda, gyz aglan bolupdyr; şol wagt patyşa: «Saňa näme bolýar?» diýip, ondan sorapdyr.
Şährizada bolsa: «Eý, patyşahym, meniň bir gyz jigim bar, men şonuň bilen hoşlaşmak isleýärin» diýipdir.
Şondan soň patyşa Dünýäzadany çagyrtmak üçin onuň yzyndan adam iberipdir, ine, onsoň olam gelip, aýal doganyny garsa gujaklapdyr, soňundan bolsa gat-gat körpäniň gyrasynda oturypdyr. Şondan soň Şähriýar patyşa Şährizadany öz ygtyýaryna alypdyr, birwagtdan soň olar özara gürleşmäge başlapdyrlar; şol wagt Dünýäzada öz doganyna ýüzlenip: «Allanyň haky üçin, dogan jan, gijäniň uky tutmaýan sagatlaryny gyzyklyja geçirmek üçin, bize näme-de bolsa bir zat aýdyp bersene» diýipdir.
«Eger merhemetli patyşamyz rugsat etse, baş üstune, janym bilen aýdyp bererin» diýip, Şährizada jogap beripdir.
Ukusy tutman, bikarar bolup oturan patyşa bu sözleri eşidip, gyzykly gürrüň diňlejegine begenipdir hem rugsat beripdir.

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir