Hawa durmuşda örän köp zat bar. Adam pahyr ölmese her zat görjek, olam dogry. Ýöne iň dogry zat özümiz nähili? Aýna seredip men gowumy meni näme bagtly edýä, meni näme begendirýä diýip hiç sorap gördükmi? Hawa köp kişi muňa ýok diýer. Sebäbi aslynda adamzat dünýä geleninden beýläk hiç hili öz üçin ýaşamadyk ýaly. Bolup biler, häzir belki diýýänsiziň: men bu durmuşda yna özüm üçin ýaşaýan diýip. Ýöne pikir ediň özüňiz üçin bir zat etmek diňe ýaşamakmy????
Eger şeýle bolsa biziň hemmämiz bilýäs, bizem bir gün ölýäs. Onda näme öljek bolsak. Ilki bilen musulmanlyk parzlarymyzy ýerine ýetirip, soň bolsa geliň diňe özümizi pikir edeliň.
Yna irden ir säher bilen turduk, irden namazyny okap güne ýagşy dilegler bilen başladyk. Işli işine, okuwly okuwyna gidýär. Ýa-da öýdäkilerem öýüň işi bilen başynagaý. Şu günüň dowamynda adamyň garşysyna çykyp, ony gaýgylandyrýan birnäçe dertler, meseleler peýda bolup başlaýar. Gynansakda bulary döredýänem adam, çekýänem. Onsoň bir zady etjek bolamyzda, ýerine ýetirjek bolamyzda ilki bilen kellämize ,,il näme diýerka????". Siz üçinem birhili diňe il üçin ýaşaýan ýaly bolmaýasmy. Eger şol etjek işiň seni bagtly edýän bolsa, bu soragy özüňe bermegiň özüň üçin ýaşamanlygyň alamaty. Hawa aata-babalarymyz:,, il oňlasa atyňy soý" diýipdirler. Ýöne bu durmuşda özümizi özümizden başga kän bir pikir edip gaýgylanyp oturan ýok. Gaýgy, gam, gussa, dert ählisinem döredýän zat aslynda özümiz, sebabi eger olaryň bardygyna üns bermesek, olar ýitip gidýär.
Men şeýle pikire geldim:,, indi il üçin däl-de, özüm üçin ýaşajak. Diýse diýsinler: pylanyň gyzy pylan edipdir, toba toba....". Meň olara jogabym: men özüm üçin ýaşaýan, size näme!!!!"
Aslynda hemme kişi şeýleräk!!!
-
Zalymm
3 years ago
- ++
-
Vvunderkind
3 years ago
- @Lagly, şu senin öz şahsy pikiriňmi?
-
Vvunderkind
3 years ago
- *seniň
-
Lagly
3 years ago
- hawa
Нежная леди 3 years ago- ++++++