JUDA ÝAMAN GYLYK

Halk arasyndaky ynanja görä, jelepçilik ahlaksyzlygyň gözilginç ýagdaýa baryp ýetmesidir. Köpüň üýşen ýerinde bu ýaman gylyk hakynda gürrüň açmak uslyp bilinmeýär. Meniň söz açmagymyň özüne ýetik sebäbi bar. Soňky döwürde habar beriş serişdeleriniň güýçlenmegi, telewideniýäniň adamlary öz tanapyna barha buljum daňýanlygy, göze görünmeýän serhetleriň aradan aýrylyp, pynhandyr öýdülýän gep-gürrüňleriň aç-açan ýaňlanmagyna getirdi. Ýarym-ýalaňaç aýallaryň tenlerini göz-görtele güjeňleşip durşy, ten söwdasy hakyndaky informasiýalar bu günki nesil üçin geňligini ýitirdi.
Eýsem-de bolsa, günbatar ýurtlarda jelepçilik hakynda edilýän açyk söhbetlerde, jedellerde düşünjesi çäkli bolan adam üçin düşnüksizlik döredäýmegi ähtimal pursatlar bar. Meselem, ten satmagyň dünýäde örän gadymy biznesdigini dile getirýänler köpelýär. Biziň durmuşymyzda soňky ýyllardaky üýtgeşiklerem, onuň biznes bolup biljegini görkezdi. Ýöne onuň gadymylygyna nähili düşünmeli?
Jelepçilik diňe adamyň tebigatyna häsiýetli alamat. Haýwanlaryň arasynda jelepçilige golaý bir endigiň bardygyny eşidemok, okamok. Isle oňa kesel diý, isle haramlyk diý, ony aradan aýyrmak geçen nesillere başartmandyr. Jelepçilik hemme hakllarda-da bar, birinde juda gizlin, beýlekisinde açygrak ýüz berýär. Bu meselede her halka mahsus ahlak ölçegleriniň jelepçilik babatda tutýan pozisiýasynyň täsiri önjeýli rol oýnaýar. Jelepçilik türkmenleriň arasynda-da bolupdyr. Halka mahsus ahlak gymmatlyklary etiki, estetiki ölçeg hökmünde jemgyýete ýetirmäge talaş eden Magtymguly:

"Çykar beýewana gyzy-gelini,
Ak ýüzüne ýapar gara telini,
Kemçinlik eýleýip ýygan puluny,
Düzedip özüne daka başlady "-

diýýär. Neneň onsoň geçmişde türkmenler ahlak taýdan kir-kimirsiz halk bolupdyr diýýänleriň sözüne şübhe döremesin! Halk diýilýän birlik adamlardan düzülýär. Adamyň indiwiduallygynda total terbiýä baş bermeýän aýratynlyklar bar. Ony hemişe sosial şertler bilen düşündirip bolanok. Ol has çuň, has çylşyrymly. Ol adamyň fiziologik aýratynlygy bilen hem bagly. Ten gatnaşygy-da gönümel düşünjä, bir akymdan çykýan ter- biýä bil bermäýän aýratynlykdyr.
Geliň, bilermenleriň, alymlaryň aýdanlaryna ýüzleneliň. Öňde atlary tutulan Neumywakinleriň “Saglygyňyz öz eliňizde” diýen kita- bynda, awtorlar aýal-erkek jyns gatnaşygynda örän inçe psihologik alamatlara üns bermek bilen, jelepçilik diýen hadysanyň şol alamatlar bilen bagly taraplaryny ýüze çykarýarlar. Öňi bilen aýallaryň hyzmatyna maýyl, onuň öwezine töleg tölemäge höwesek erkekler barka jelepçiligiň dowam etjekdigini aýdýarlar. Soňra jelepçiligiň pula bagly bolmadyk taraplaryna ünsi çekýärler. Adatça her 100 gyza 102-103 oglan dogulýar. Emma uruşlaryň, gaýry dürli çaknyşyk- laryň sebäbine 40 ýaşda bu san deňleşýär. Soňra erkekleriň has ýygy kesellemegi, köp ölmegi zerarly olaryň ýetmezçiligi başlanýar. Maşgala durmuşy hemişe söýgä bagly bolup durmaýar. Onuň aladaly, agyr taraplary, bir meňzeş hörpdäki akymy iki tarapa-da öz täsirini ýetirýär. Bir-birege düşünişmezlik, ten ýakynlygyndaky gödeklik duýgularyň bap gelmezligi zerarly dawa, galmagal ýüz berýär. Şu sebäpler erkekleriň-de, aýallaryň-da göwünlere jaý bolaýjak ten ýakynlygyny keseden gözläp başlamaklaryna getirýär. Şu pursatdan oýnaşyň ýa-da ograşyň tölegli-tölegsiz bitirýän ten hyzmatynyň lezzeti artýar, maşgalada dörän agyr psihologik ýüki ýeňledýär. Elbetde, bu-da bir jelepçilik, ýöne ol gizlin, pynhanlyk perdesine duwlanandyr. Bu ýerde özboluşly sagaldyş hadysasy bolup geçýär diýse-de bolýar. Tejribeli aýal ýa-da erkek öz ýaranyna çöýgi sungatynyň tärlerini öwredýär, ony stress ýagdaýyndan halas edýär, keýpini göterýär. Bularyň hyzmaty käbir halatda psihoterapewtleriň tagalla- syndan-da has oňaýly netijelere getirýär. Şonuň üçünem biziň gulagymyza juda geň eşidilse-de, jelepleriň ajaýyp sekseterapewtiň hyzmatyny bitirip bilýändigini-de aýtmaly bolýar.
Medisina ylymlaryň kandidaty Artyknur Nohurow “Söýgi. Maşgala. Durmuş.” atly ylmy-populýar kitabynda ýaman gylyk hakynda il arasyndaky mysaly gürrüňi beýan edende loly, künti, jelep sözleriniň manydaş däldigine ünsi çekýär. Gürrüňdeşleriň biri şeýle diýýär: “Agam, bir many aňlatmak üçin ata-babalarymyza üç söz nämä gerek bolduka diýip, köp oýlandym. Sözlüge seretdim onda-da bu sözleriň üçüsini hem manydaş hökmünde getiripdirler. Ýöne bir ýaşuly bu barada başgaça düşündiriş berdi welin, meniň-ä maňzyma oturman durmady. Ol: keýp üçin köçä çykýan loly aýala oýnaş, erkege ograş, tenini satýana künti, jelep, olaryň bir ýerde jemlenýän ýerine bolsa, jelephana diýilýändir diýdi”.
Görüň, ýüze çykyş häsiýetine garap, ýaramaz gylyga tapawutlandyryjy atlar hem dakylýan ekeni. Bular şu gün dörän kesgitlemeler däl-ä! Taryhyň sahypalarynda biziň gulagymyza juda geň eşidilkek faktlar beýan edilipdir. Olary turuwbaşdan eşitmezlige salmaly däl, adamzat siwilizasiýasynyň ösüş häsiýetine laýyklykda seljermäge çalyşmaly. Men iki çeşmä salgylanmakçy bolýaryn: K.Matweýew bilen A.Sazonowyň “Gadymy iki derýa aralygy” we J.Frezeriň meşhur “Altyn şaha” kitaplary.
Gadymy iki derýa aralygy diýlende Tigr hem Ýefrat derýalarynyň aralygyndaky Mesopotamiýa diýip atlandyrylan, Orta Aziýadan, has takygy Köpetdagyň eteklerinden giden şumerleriň ikinji watanyna düşünmeli. Şumerler täze ýurtlarynda biziň eýýämimizden ýigrimi üç asyr öň Kadingir ady bilen paýtagt şäheri bina edýärler. Bu söz “hudaýlaryň derwezesi” diýen many berýär. Telim asyrdan soň şumerleriň ýurdy amorreýleriň eline geçýär. Olar paýtagtyň adyny öz dillerine görä aňladyp, Wawilon-Babilon ýa-da Bab-ilu diýýärler. Bu-da “hudaýlaryň derwezesi” diýmek. Ýurt Babilon adyny alýar.
Babilonda ýörgünli bolan bir däp hakynda aýdaly. Aýallar ömürlerinde bir gezek aýal hudaý Afroditanyň ybadathanasynda oturyp, kese ýurtdan baranlara öz tenlerini satmaly ekeni. Satuwa çykarylýan haryt ýaly, olar kesekileriň öňünde hatar oturdylypdyr. Synlaýanlar göwünlerine ýaran aýalyň öňüne pul zyňmaly. Puluň näçedigi bilen aýallaryň gyzyklanmagy gadagan edilipdir. Näçe berilse kaýyl bolup, hyrydar çykan bilen ten ýakynlygynda bolmaly. Kim bigörk aýala isleg bildirsin! Ol görgülileriň islegleýäne garaşyp, üç-dört ýyl oturýanlary-da bolupdyr. Erkek aýala pul zyňanda: “Men seni Militte hudaýyna gulluk etmäge çagyrýaryn” diýmeli. Assirler aýal hudaý Afroditany Militte diýip atlandyrypdyrlar. Ady tutulan birinji kitapda ýene bir däbiň gürrüňi edilýär. Her ýylda bir gezek gyzlaryň auksiony gurnalypdyr. Iň owadan gyzdan soň iň bigörk gyz satuwa çykarylýan ekeni. Ýöne satyn alanyň bilen gyzy göni öýüňe alyp gaýdaýmaga rugsat berilmändir. Seniň şol gyz bilen hökmany ýaşajakdygyňa kepil geçjek adam tapmaly. Eger kepilçi tapylmasa, ýa-da gyz bilen ýaşamak islenmese, satyn alanyň pulyny gaýtarypdyrlar.
Bu däpler hakynda oýlanyp oturyşyma erkekleriň egoizmine, tekepbirligine haýran galýaryn. Erksiz zenanlaryň tenini satyn almak-dan-da has çökder zat, ol hem görgüsiýamanlaryň kemsidilmegini hudaýa gulluk etmek diýip düşündirilmesi! Bu ýagdaý türkmenleriň: “Ganjyk guýruk bulamasa, köpek yzyna düşmez” diýenleri bilen gabatlaşanok. Ýogsa, soňky sözde-de erkekleriň egoizmi duýlup dur.
Ýokarda ady tutulan, ikinji kitabyň awtory J.Frezer Babilonda güýçli döwlet guran amorreýleriň kanunyna görä, durmuşa çykmaly gyzyň ybadathananyň derwezesinde oturyp, ýedi gün nikadan daşary ten ýakynlygyna maýyl bolmalydygyny ýazýar. Biblosda her ýyl Adonisiň ýasy tutulýan gün adamlar saçyny syrmaly eken. Eger aýallar hudaýa saçyny gurban etmegi islemedik ýagdaýynda, dabaranyň dowamynda keseki ýurtdan gelenler bilen ten ýakynlygynda bolup, şondan gazanan pullaryny hudaýa bagş etmeli diýlip buýrulypdyr. Tapylan grek ýazgylarynda dini küntüçiligiň biziň eýýämimiziň ikinji asyryna çenli dowam edendigi aýdylýar. Bu ýazgyda Awreliýa Emiliýa diýen aýalyň tejribesi mysal getirilipdir. Ol hudaýyň emrine boýun bolmagyň ajaýyp göreldesini görkezip, enesiniň, ejesiniň küntüçilik ýoluny ýöredipdir. Mermer daşyna ýazylyp, nesillere galdyrylan ýazgylardan çen tutsaň, jelepçilik, ony alyp barýan adamlaryň etmişi ýerli ilat tarapyndan asla ýazgarylmandyr, belki, hormat işi diýip bilnendir, sebäbi ony hudaýlaryň ady bilen baglapdyrlar. Gadymy ermenilerde Anait diýen hudaý bolupdyr. Häzirem şol hudaýyň adyny gyzlara dakýarlar. Geçmişde döwletli, barly maşgalalar gyzlaryny Anaida bagşylapdyrlar. Hudaýa bagyşlanan gyzlar onuň ybadathanasynda hyzmatda bolupdyrlar, tä durmuşa çykýançalar uzak wag- tyň dowamynda erkekler bilen ten ýakynlygyna gidipdirler. Hyzmat etmek möhleti gutaransoň şol gyzlara öýlenmek aýyp görülmändir.
Biziň gulagymyza geň eşidilýän bu däbiň düýbi Beýik Ene hudaýa ynançdan, hormatdan gaýdýar diýip düşündiriýär. Ol tebigatdaky dörediji güýçleri özünde jemleýär, ähli jandaryň köpelmegi, ösmegi onuň iradasyna bagly. Keramatly Beýik Ene hudaýyň ybadathanasynda onuň hormatyna ten ýakynlygyna maýyl bolmak topragyň bereketini artdyrmakda, adamlaryň, haýwanlaryň başybitin ösňemek- lerinde hemaýat işidir diýen ynanja gulluk edilipdir. Asmanda hudaýlaryň arasyndaky ýakynlykdan dünýä möçberindäki ösňeýiş döreýär, dowam edýär diýlipdir.
Döwürler dolanýar. Bir döwürdäki ynançlara degişli bolan däpleriň manysy soňky döwürde özüne has bolan mazmuny ýitirýär, ýöne olaryň döreden endikleri galýar. Ol endiklere täze many berýärler, ýa-da durmuş bähbidine çemeli delil hökmünde ulanmaga ýüz urýarlar. Jelepçilik hem şonuň bir mysaly. Soňra hudaýa ynanjy, hormaty unudýarlar, ybadathanalary-da terk edýärler, emma endik galýar. Ten ýakynlygyndan gazanylýan pul ybadathanalara bagş edilmän, oňa gazanç çeşmesi hökmünde garalýar, öňler haýyr hasap edilen iş adaty biznese öwrülýär gidiberýär. Soňra din jelepçiligi ýazgarýar. Musulmançylykda-da zyna iş iň agyr günäleriň biridir.
Neneňsi bolsa-da, jelepçilik galanok. Adam öwrenen endiginden gylygyndan aňsat ek çekenok, bähbitdir öýden ýerinde-hä asla-da!

Tirkiş JUMAGELDIÝEW.

http://kitapcy.com/news/2020-12-03-12847

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir