JELEP DIÝLENDE...
Bir uniwersitetiñ ylahyýet fakultetiniñ mugallymy Abdylla Akyn diýen akmak uniwersitetiñ teleýaýlymyna çykyp, utanman-uýalman "1924-nji ýylda metjitleriñ gapysyna gulp uruldy, Çanakkalede we Bursada jelephana hökmünde ulanylan metjitler bar" diýipdi.
Şonda menem gazetde çykyş edip "Çanakkalede ýa-da Bursada şol jelephanalaryñ adresini bilýän barmy? Haýsam bolsa bir döwlet ýolbaşçymyz jelephana edilen metjidi görkezip biljekmi?" diýip sorapdym.
JHP-niñ Bursa şäheriniñ deputaty Jeýhun Irgil resmi taýdan bu sowallary orta atdy, maglumat edinme kanunynyñ çäginde Bursa merligine hat bilen ýüz tutdy, "Bursada jelephana öwrülen metjit barmy, bar bolsa nirede we haçan jelephana edilipdir?" diýip sorady.
JHP-niñ Çanakkale etraby boýunça bölümi-de "Çanakkalede haýsy metjit, nirede, haçan jelephana edildi?" diýip, bu boýunça şikaýatnama taýýarlady.
Düýnüñ özünde... bu soraglara Fondlar boýunça müdirliginiñ ýerlerdäki bölüminden "resmi möhürli" hat geldi. Türkiýe respublikasynyñ Fondlar müdirligi "metjitleriñ jelephana hökmünde ulanylandygy barada haýsydyr bir maglumata ýa resminama duş gelinmedi" diýip jogap berdi.
Şeýlelikde... ylahyýetçi Abdylla Akyn diýilýän akmagyñ göz-görtele ýalan sözländigi, göz-görtele töhmet atandygy "döwletiñ resmi ýazgysy" bilen subut edildi.
Geliñ indi bolsa, şindi aýny wagty "jelephana" meselesinde hakykatlara ser salalyñ…
Ikinji jahan urşy tamamlanypdy. Amerikan hökümeti dikmelerini taýýarlapdy, amerikanlar Türkiýäni "aýakçysyna" öwürmek üçin pursat peýleýärdiler.
Edil şol wagtam Türkiýäniñ ABŞ-daky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Münir Ertegün ýüregagyrysy tutup, tarpa-taýyn aradan çykdy.
Propogandanyñ deñsiz-taýsyz hini "Ak tam" bular ýaly diplomatiki mümkinçiligi elden bermedi.
Münir Ertegüniñ meýdini "Missouri" tankerine ýükläp, ABŞ-dan dostluk alamaty hökmünde Türkiýä ýollady.
"Missouri" tankeri ABŞ-nyñ uzynlygy 270 metrlik iñ uly söweş gämisidi, 1600 esger sygýardy. Ýuwaş okeanda bu gämi urşa gatnaşypdy. Ýapon imperiýasynyñ ABŞ-na doly boýun egýändigi baradaky resmi ylalaşyga "Missouri"-niñ bortunda gol çekilipdi.
Şular ýaly möhüm söweş gämisiniñ göýä "meýit daşaýan ulag" deýin ugradylmagy ABŞ-nyñ Türkiýä özüne nähili gadyr goýýandygynyñ alamatydy.
Hatda "Missouri"-niñ bir özüni ýollamak bilen çäklenmän, ýanyna "Providence" kreýseri bilen "Power" zarba urujy-weýran ediji destroýerini (minonoses) hem goşupdy.
Ýagny meýitlu tabydy getirmek üçin "flotiliýa" ugradypdylar! Bu sözüñ doly manysynda "göz görkezme" operasiýasydy. "Missouri"-niñ ýolagçylygy biziñ "heýjanelekçi" habar beriş serişdelerimiz tarapyndan pursatma-pursat ildeşlerimize uly şatlyk bilen habar berilýärdi. "Missouri" Gibraltardan geçdi, "Missouri" Italiýanyñ deñiz çäklerine ýetdi, "Missouri" Egeý deñzine girdi" diýen ýaly sözbaşylar gazetleriñ birinji sahypasyndan düşenokdy. Fotosuratlar çap edilýärdi, gämilerden reportažlar berilýärdi.
Ýeri, biziñ "heýjanelekçi" we "hop-hopçy" metbugatymyzyñ şol wagtyñ şertlerinde Ortaýer deñziniñ jümmüşinden surata düşürme, reportaž taýýarlama mümkinçiligi barmydy?
Elbetde ýokdy.
Amerikanlar surata düşürip, bulara berýärdi, bularam çap edýärdi.
Ýallakçy metbugatymyz häzir bolşy ýaly şol wagtam "hojaýynlarynyñ sesi" bolup hyzmat edýärdi.
Ahyrynda "Mübädek Jumga" gününe gabatlap, Bosfor bogazyna labyr taşladylar.
Bir mahallar ýat ýurtlaryñ tankerleri Bosfora labyr taşlady diýip Azat-edijilik urşuny turzan millet... ýat ýurtlaryñ tankerlerini "halasgär" kimin garşylady.
Hormatly halaýyk mygyllym bolup Beýlerbeýinden Üsküdara, Beşiktaşdan Saraýburnyna çenli kenarýaka raýonlaryna üýşdi, surnaý-kernaý çalyndy, el salgandy.
"Missouri" köpçülikleýin isteriýa öwrülipdi. Ýallakçy metbugatymyz gazet sahypalarynda taryhymyzda ilkinji gezek iñlisçe rubrika ýerleşdirdi, sekiz sütüne “Welcome Missouri” diýip ýazdy.
"Gyz diñine" (Kız Kulesi) “Welcome Missouri” ýazgysy asyldy.
Herekede ýörite haly dokaldy, halyda Stambulyñ kartasy bardy, haly "Missouri"-niñ serkerdesi admiral Genri Hewitte sowgat berildi.
Amerikanlar dollaryny türk lirasyna öwrüp bilsinler diýip, "Dolmabahçe"-de walýuta punkty açyldy. "Taksim" ploşadynda "Missouri" gämisiniñ mähnet fotosuraty goýuldy. "Missouri" ady bilen çilim çykaryldy. PTT "Missouriniñ" hormatyna pul çykardy. Witaliý Hakkonyñ "Şen Şapka"-sy “Hoş geldiñ Missouri” ýazgyly şarflary çykardy. Amerikan baýdagynyñ suraty çekilen batbörekler uçuryldy.
Stambul şäher häkimligi Beşiktaşdan Karaköýe çenli aralykdaky ähli binalary reñkläp çykdy, asfaltlary täzeledi. Diñe amerikanlara hyzmat etmek üçin Dolmabahçe bilen Taksimiñ arasynda gatnaýan on iki awtobus taýýar ýagdaýda goýuldy. Amerikanlar üçin awtobuslar mugtdy.
Kinoteatrlarda, teatrlarda segsen orun amerikanlar üçin boş goýuldy, olardan petegiñ pulunam almaly däldi.
Ankarada "Missouri" ady bilen restoran açyldy. Paýtagtyñ iñ uly restoranlarynyñ biri adyny üýtgedip, "Washington" etdi. "Rus salady" birden "amerikan salady" bolaýdy!
Rum ildeşimiz Niko we Aleko doganlar "Istiklal" köçesiniñ ugrunda "Atlantik" we "Pasifik" ady bilen iki bufet ýöredýärdiler. Bufetde ýumurtgadyr sosiska we ş.m. häzirki wagtyñ dili bilen aýdanda fastfood satylýardy. Mekirje Niko ependi haý-haýly menýu taýýarlady, üstüne-de "amerikan salady 35 köpük" diýip ýazdy we bufediniñ aýnasyndan asyp goýdy... Stambullylar dyknyşyk bolup "amerikan saladyna" nobata durdular!
Şäherde negadar bufet, piwohana, restoran bar bolsa, hemmesi çypdyrdy, kyrk ýyllyk rus işdäaçary alaga-da amerikan işdäaçaryna öwrüldi duruberdi.
Karaköýdäki jelephananyñ daşy heklendi. Diwarlaryna "Hoşgeldiñiz deñizçiler!" diýip ýazyldy. Amerikan deñizçilerine kesel ýokuşaýmasyn diýip jelephana ýörite gözegçi lukman ugradyldy, jelephana doly lukmançylyk barlagyndan geçirildi.
Türk-yslam ýörelgesinde bolmadyk zat boldy... Dolmabahçe köşgüniñ guk ýanyndaky "Bezmiälem Walyda soltan" metjidiniñ minaralarynyñ arasyna “Welcome” ýazgysy asyldy.
Metjide asylan "Welcome" ýazgysy Türkiýäniñ Demokrat partiýa bilen birlikde haýsy keşbe girjegine, amerikanlaryñ aýagy mesili mollasumaklary nähili ulanjagyna yşarat edýärdi.
Aradan ýigrimi üç ýyl geçdi.
NATO-nyñ agzalygy, Koreýa urşy, ýurdumyzyñ synasyna oturdylan amerikan harby bazalary, Demokrat partiýanyñ häkimiýet süren döwründe bolup geçen biabraýçylyklar... Türkiýäniñ gyýtaklaýynam bolsa, kem-kemden oýanmagyna sebäp bolupdy.
1968-nji ýyl... ABŞ-nyñ 6-njy floty Türkiýä geldi. "Missouri" ýaly garşylanarys öýtdüler, emma ýalñyşypdylar.
Olary atatürkçi, anti imperialist ýaşlarymyz garşylapdy!
Stambuly gezmek üçin gury ýere aýak basan amerikan deñizçileriniñ öñünden Dolmabahçede "Doly Garaşsyz Türkiýe" şygarlary bilen aýaga galan talyplar çykdy.
Diñe bulam däl... talyp gyzlar tarapyndan "gyzlar ýörişi" gurnaldym "Türkiýe 6-njy flotuñ jelephanasy däl, türk zenany mertebesini gorap bilýändir, yankee go home” sloganlary sloganlary bilen öñe çykdylar.
Şular ýaly köpçülikleýin tolgunşyklara garamazdan, 6-njy flot Kabataşyñ töwereginde durdy.
Talyplar "Imperializme garşy Mustapa Kemalyñ ýörişini" gurnamak üçin häkimlikden ýörite rugsat aldy. Olar Beýazitden başlap, Dolmahçäniñ üstünden Taksime girjekdiler.
Birdenem... "jadyly el" galgady. Dinçi metbugat organlary ara girdi.
"Musulman Türkiýe, kommistlere ölüm!" sözbaşyly ýazgylar çykmaga başlady. Žurnalist derisine giren hakynatutmalar "ýurda hyýanat edýän bu haýynlary diriligine ýere gömmegiñ wagty geldi" diýip, makala yzyna makala ýazýardylar. "Eý musulmanlar, gyzyl kapyrlara garşy jem bolup uruşmak gutulgysyz ýagdaýa öwrüldi, ölmän gazy bolar, ölenler şehitlik mertebesini gazanar" diýip bilenler-de bardy.
Metjitleriñ öñünde megafonlarda anonslar bilen çykyş edildi, juma namazynyñ soñunda märekä meçew berildi, "jihada taýýar boluñ, din elden gidýär" diýilýärdi.
Maksat bellidi. Haçanda amerikan bähbitlerine garşy çyksañ, "din elden gidýärdi"!
Özleriçe "baýdaga hormat" mitingini geçirdiler. Dolmabahçedäki "Bezmiälem Walyda soltan" metjidinde toplandylar.
Amerikanlaryñ hut özüni haýrana goýup, 6-njy floty "kyblalaryna" öwrüp diýen ýaly namaz okadylar!
Soñra tekbir getirip, "Taksim" meýdanyna ýörediler, taryhyñ sahypalaryna "ganly bazar" diýip ýazylan gandöküşligi amala aşyrdylar. Polisiýadyr harby gullukçylar elini-aýagyny gowşuryp tomaşa etdi. Daşly, taýakly, pyçakly topuldylar, iki talybyñ ganyna galdylar, iki ýüzden gowrak talyby ýaraladylar.
(6-nhy flotuñ baýdak gämisi "Shangri-La" uçar gämisidi. Ençeme ýyl geçenden soñ amerikan deñizçileriniñ Dolmabahçeden deñize dökülen ýerinde şol bir at bilen "Shangri-La" oteli açyldy! Nähili "süýji" tötänlik, şeýle dälmi?.. Bu hut biziñ döwrümizde boldy.
Häzir şu ýerde bularyñ hemmesine düşündik welin, "jelephana" meselesinde näme "hakykatlar" bar?" diýmegiñiz mümkin.
Dolmabahçeden deñize dökülen 6-njy flotuñ Stambula gelmänkä, birinji düşlän porty Izmirdi.
Amerikan deñizçileri gury ýere aýak basyp-basmanka Tepejikdäki jelephana bakan haýdapdylar.
Emma eşekden gaçan garpyza dönüpdiler. Çünki... Tepejik jelephanasynyñ jelepleri elleri şypbykly, sübseli köçä çykyp, "Güm boluñ!" diýip gygyryşýardylar, "şular gapydan girse, jaýlary ýakarys" diýip bagyrýardylar, amerikanlary daşlap kowaladylar!
Dünýä jemgyýetçiliginde görlüp-eşdilmedik waka bolup geçipdi.
Türkiýedäki 6-njy flota garşy tolgunşyklaryñ başyny, ine, şu jelephananyñ jelepleri başlapdy.
1968-69-njy ýyllaryñ anti imperialist çykyşlarynyñ öñbaşçysy jelephanalaryñ jelepleridi.
Wel-hasyl el-kelam... Atatürk döwründe ýa-da başga bir döwürde haýsydyr bir metjidimiziñ jelephana edilendigi baradaky orta atylan pikir doly ýalandyr, doly töhmetdir.
Bu ýurduñ jelepleriniñ bu ýurtdaky içi kitüwli ýalýagysy din ýobazlaryndan has watanperwerdigi, has gaýduwsyzdygy, has ýüreklidigi we has namysjañdygy welin, taryhy hakykatdyr!
http://kitapcy.com/news/2020-09-01-12299
Jelep diýlende...
-
wagt
3 years ago
- Okañ, öwreniñ, ybrat alyñ!
Dünyäde nämeler bolup geçmeyär... Pikiriñizi şular yaly faktlaryñ üstünden "uruşdyryñ", hapa-paýyş sozler bilen öz-özüñizi masgaralamañ, unutmañ paýyş sozler aydylan kişini däl-de, aydanyñ öz şahsyýetini masgaralayandyr, çünki paýyş sozler ony aydanyñ şahsyýetiniñ näderejede pes biridigini görkezyän iñ gowy aynadyr.
-
hickim77
3 years ago
- +++
-
Diospyros
3 years ago
- Haweran agzadyňyzmy siz öňki yurekdesh.ru dagy
-
wagt
3 years ago
- kitapcy.com-daky @Haweran
wagt 3 years ago- Şu ýerde makala meñem goşjak zadym bar: talyplar.comda saýty eyesiz görüp agzyna agam gelse, gara hem gelse samrap sögünip yören terbiyesiz bihepbeleriñ türk gardaşlarymyzyñ yurdundaky dindarsumaklardan hiç hili tapawudy yok bolsa gerek. Şeyle hem bu bihepbeleriñ yene bir bilmeyan zady bar: adatça bir zenan maşgalany ahlaksyzlykda aýyplamak ü.n ony bu etmişiniñ üstünde görendigine şayatlyk edip biljek dört şayat gerek, dünyewi kanunlar hem şayatsyz aydylan sözi güýçsüz hasap edyär. Bardy-geldi kimdir birini beyle hereketiñ ustunde tutayan yagdaýyñyzda hem ony paş etmek siziñ wezipäñize girmeyär. Ondan hasap sorajagam, jezasyny berjegem, günäsini geçjegem, belki-de lutf yhsan edip yalkajagam yene Yokardakynyñ özüdir! Ol-a namysly zenan eken, jelepçilik yoluna baş goşan zenany-da kopçülikde jelep diyip kemsitmage hiç kimiñ haky yokdur ya-da ony hamala sögünç söz yaly edip kimdir biriniñ adynyñ gapdalyna goşup aydyp onuñ asyl manysyny yoymaly daldir.
Jelep ya-da jelepçilik - bu kabir ayal-gyzlaryñ ozi isläp ya-da islemezden şol yol düşen (ya-da düşürilen, iterilen) yoludyr, ykbalydyr, durmuşydyr. Oñarsañyz beyle zenanlary goreniñizde bu yoldan, bu batgalykdan çykarmaga komek ediñ, yogsamam diliñizi dişiñiziñ añyrsynda saklañ!