Mundan artyk başaramok,
Haýyş, indi igeleme!
Goý, ýalňyşdym hasap edäý,
Duşdum diýip bigeleňe.
Bolmaz indi artyk zarym,
Ýykmaryn gyz göwüniňi.
Düşün, ertirleriň üçin
Pida edýän şu günümi.
Bir-birekden uzaklara
Öňde-soňda gitmeli biz.
Ýa-ha bile bagtsyz bolup,
Ýa aýrylyp, bir-biregi
Bagtly ynsan etmeli biz.
Durmuş sabrymyz synady,
(Agyr... Juda agyr ykbal.)
Belki, bir gün göz ýeti:rsiň,
Söýgi hem däldir bu, ahmal...
Ýazgydymyz ýazylandyr,
Özgede,
özge bir ýerde.
Bagyşla, gyz! Bolup galdym
Bir gaýratsyz, näletkerde...
2015ý.
Sapa HOMMADOW
"Bagyşla, gyz..."
-
Söhbet Abdullaýew
4 years ago
- @Pegas+++gowy
A93 4 years ago- Kä wagt şeýdip ýazmak gerek...