Salam, kaka. Men Arzyman –
birwagt
arasyna siňip giden türkleriň…

„Türkmeniň düzünden üzüldiň“ diýme,
„Düzüldiň – diýmegin – hatarna durnaň.“
Bu aýralyk agyr deger ejeme,
Emma doganlarym boýnuny burman
ýaşar hem oňlar meniň gaýdanym.

(Aýdanym bilenem ýeňlemez ýüküm,
Gowusy, bar zatda gysaýyn dişim.)
Bu ýerde ähli zat gülala-güllük,
Ugruna işim.

Razy, ykbalymdan, müňde bir razy,
Agyr günler agsap galdy ýeňsede.
Bilip bolmaz, ömrüň galan günleri
Belent serim dikbaşaşak egse-de,
Ýyllar öwürse-de enterpelegim,
Köwlenmerin, näçe agyr degse-de…

Bilýäň-ä,
Meni bu ýerlere getirdi birçak
Ters aýlanan täleýimden ürkmegim.
Şoň üçin göwnümi bire baglaryn
Hem galaryn arasynda türkleriň...


Aýbölek ABDYÝEWA

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir