Dünýäniň iň uly çölleriň sanawynda, Ýeriň ilatsyz giňişligi bolan Antarktika bar. Pingwinlerden başga az sanly jandaryň ýaşaýan sowuk ýeri bolan, planetamyzyň günorta polýusy 14 million inedördül kilometre ýetýär. Bu ýer buz gatlaklary bilen örtülen bolsa hem, ygal düşmeýändigi sebäpli çöl hasaplanýar.
Sanawyň ikinji ornunda Ýeriň şarynyň demirgazyk polýusynyň töwereklerini öz içine alýan giňişlik Alýaska, Grenlandiýa (ähli ýeri diýen ýaly), Islandiýa, Norwegiýa, Şwesiýa, Finlýandiýa we Russiýa ýaly ýurtlaryň we sebitleriň demirgazyk bölekleri tutýar.
Üçünji orunda bolsa, çöl diýlende göz öňümizde janlanýan Sahara bar. Sahara – bu arap dilinde uly çöl diýmegi aňladýan «As-sahra al-kubra» sözünden gelip çykyp, çölüň bäşden bir bölegini çägelikler, galan bölegini daglar, gaýalyklar, düzlükler we şorluklar emele getirýär. Afrikanyň demirgazygynyň uly bölegini eýeleýän bu giňişlik, 9 million 200 müň inedördül kilometr meýdany tutýar.
2,58 million inedördül kilometri tutýan, dünýäniň çöller sanawunyň dördünji ornuny eýeleýän, Arabystan ýarym adasynyň uly bölegini emele getirýän çöl aşa gurakdygyna garamazdan, bu ýerde keýik, antilopa, gum pişigi ýaly jandarlar bilen bir hatarda süýrenijileriň hem birnäçe görnüşi ýaşaýar. Bu ýerde çölüň has gurak bolan ýeri, Rub-el-Hali diýip atlandyrylýar.
Hytaý hem-de Mongoliýanyň çäklerinde ýerleşýän Gobi çöli ululygy boýunça bäşinji orny eýeleýär. Tutýan meýdany boýunça 1,3 million inedördül kilometri öz içine alýan bu çölde, howa ýylyň köp wagty sowuk bolýar.
Dünýäniň iň uly çölleri
-
soho
3 years ago
- chagelik boyuncha 1nji yer Garagum bolmaly
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- @soho bolmagy mumkin
-
@Resul
3 years ago
- +++
Нежная леди 3 years ago- ++++++