Gyzym diýip çagyrsa, how diýip galsaň
Kalbuna ýol tapyp, göwnüni alsaň
Ejemjan diýip ýüzlenseň, ýüzlenip bilseň
Iň bagytly zenan sen, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)
Ejemjanyň göwni, gyz mährine zar
Üç ogul, bir gyz alyp, çeken kän azar
Şu sözüm unutma, unutma asla
Iň bagytly zenan sen, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)
Wadama wepa, sözümem taýýar
Söýgülimä bolaňok, mekirje janan
Müň gezek aýtmasam özüňden bilgil,
Iň bagytly zenan sen, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)
Yba-hyýaňy, özüňde saklap
Ynamym bar meniň, ynanym aklap
Bolaýsam alysda, ýatlap durgun sen
Iň bagytly zenan sen, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)
Awtor: Pälwan Akmyradow
Ejeme gyz, bolup bilseň ;) #talypçy
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- +++
-
Реалист01
3 years ago
- 👍👍👍👍
-
Реалист01
3 years ago
- 👍👍👍👍
Sha_gyzy 3 years ago- ++++++++++++ mlds bolup biljek gyz tap