(Türkmen poeziýasynyň halypasyna)


Şol gün süňňi bilen titredi zemin,
Bulutlar ýerläpdi daglary öpüp.
Şol gün dünýe döräp bolmadyk heniz,
Wagtdan daşarda – bir damja akyl,
Bir damja hakykat,
Bir damja söýgi,
Arşy sowgat bolup indi-de dünýä,
Bir gudrat döredi – janlandy şygyr,
Şol şygyr bilenem başlady eýýam.

Hakykat gowsundy, yrandy ýalan,
Bakylyk bir sözde tapypdy many.
Ozal ýazylmadyk şol şygyr bilen
Bir güni köpeldi bäş günlük panyň.

Degirmen daşy deý aýlanyp pelek,
Owradyp taryhyň hakydasyny
Sowursa-da,
Şol ýazylan şygyrda
Jemlenipdi – bir milletiň namysy,
Bu dünýäň iň soňky hakykaty-da.

Döwür ölçeg salýar döwürdeşine,
Eýýam ölçeg salýar şahyra diňe.
...Ol ölçeg salardan örän uludy,
Sebäbi şol ýazlan ylahy şygyr –
Nobatgulydy...


Allanur ÇARYÝEW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir