Adam­la­ryň ag­la­ba­sy, aý­ra­tyn­-da ýaş­lar,
boş wagt tap­dy­gy smart­fon­la­ry­na se­re­dip,
ýa-ha tä­ze­lik­ler bi­len ta­nyş­ýan­dyr, ýa-da täze mo­bil go­şun­dy­la­ry, mo­bil oýun­la­ry ýük­läp
otu­ran­dyr. San­ly ul­ga­myň, teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň
ýyl­dy­rym çalt­ly­gyn­da ös­ýän döw­rün­de tä­zeden-tä­ze, has oňaý­ly, özü­neçe­ki­ji mo­bil goşun­dy­lar peý­da bol­ýar. Su­rat­la­ry, wi­deo­la­ry
is­le­gi­ňe gö­rä re­dak­tir­le­mek­den baş­lap, mobil te­le­fon­la­ra, plan­şet­le­re goş­ma­ça golt­gy,
tä­ze usul-til­sim ber­ýän ol go­şun­dy­lar ula­nyjy­la­ryň köp işi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýär, es­te­tik hoşwagt­lyk eçil­ýär.
Ge­çen ýy­lyň 30-njy de­kab­ryn­da
«Sen­sor To­wer» sel­je­riş kom­pani­ýa­sy aly­jy­la­ryň mo­bil go­şun­dyla­ra da­hyl­ly çyk­da­jy­la­ry bo­ýun­ça
ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­ni
be­ýan et­di. 2020-nji ýyl­da «App Sto­re»-den
we «Goog­le Play»-dan je­mi100 mil­liard ABŞ-nyň dol­lar­yndan gow­rak go­şun­dy­lar sa­tyn
al­nyp­dyr. Aý­ra­tyn-da, Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň
öňü­sy­ra­syn­da şeý­le­bir köp söw­da edi­lip­dir.
Ha­wa, Tä­ze ýyl baý­ra­my go­laý­lan gün­lerin­de ula­ny­jy­lar iOS we And­roid en­jam­la­ry
üçin mo­bil go­şun­dy­la­ra 407 mil­lion ABŞ-nyň dol­lar­yny sarp edip­dir­ler. Hü­när­men­le￾riň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň
de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 34% ýo­ka­ry­dyr.

2020-nji ýyl mobil goşundylaryň we oýunlaryň satylyşy babatda rekord goýlan ýyl boldy. Taryhda ilkinji gezek 100 milliard ABŞ-nyň
dollaryndan hem geçýän söwda edildi.

2020-nji ýy­lyň soň­ky aýyn­da 9 mil­liard
ABŞ-nyň dol­lar­y möçberinde mo­bil go­şun­dylar ýüklenip alnypdyr.
Ge­çen ýy­lyň tu­tuş do­wa­myn­da has geçgin­li mo­bil oýun­la­ryň ba­ha­sy 295,6 mil­liard
ABŞ-nyň dol­lar­yna ýe­tip­dir.
«App Sto­re» mo­bil go­şun­dy­lar dü­ka­ny­nyň
gir­de­ji­si «Goog­le Play»-dan has köp­dür. «App
Sto­re» umu­my söw­da­nyň 68,4%-ine eýe boldy.

Tehnologiýa, Real.123. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir