1. Mugallym mekdebiň “ody bilen girip, küli bilen çykmaly” adamdyr.
2. Kollektiwden üzňeleşmek, oturan şahaňy kesmek bilen barabardyr.
3. Zähmet rugsadyndaka okuwçysyny küýsemeýän mugallym hakyky mugallym däldir.
4. Ulanmagy başarýan mugallymyň dilindäki ýumor täsirli terbiýeçilik serişdesidir.
5. Okuwça el galdyrmak mertebäňi peseltmekdir.
6. Mugallymyň iň ýakyn kömekçileri öz okuwçylarydyr.
7. Mugallym sözünde keramatly güýç bar.
8. Dünýäde öz-özüne heýkel dikinýän adam mugallymdyr. Okuwçylaryň durmuşdaky mertebesi mugallymyň heýkelidir.
9. Mugallymlary dünýä hatyrlaýar. Çünki olar Ýer ýüzündäki ähli ynsanyň ilkinji halypasydyr..
10. Hezreti Magtymguly “Ýürekde ýok sözi tile getirme” diýen halatynda, ilkinji nobatda, mugallymlary göz öňünde tutan bolsa gerek.
11. Hirurgyň esasy ýaragy skalpel bolýan bolsa, mugallymyňky öz dilidir.
12. Kitapsyz mugallym tygsyz hirurg ýalydyr.
13. Çalyň gory gutaranda bozulyşy ýaly, mugallym-da okamagyny kesende kütelýär. Çünki mugallymyň gory kitapdyr.
14. Ejizler jeňden, gowşak mugallymlar-da barlagçydan gorkýar.
15. Hakyky mugallymlar barlagçyny görenlerinde “Gelen döwlet” diýýärler
Awtory:Ata Akbäbe
Paylasan:Guljemal Ahmedowa
HAKYKY MUGALLYM DÖWLET HAZYNASYDYR!#2
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- sps
-
Sha_gyzy
3 years ago
- +++++++++
Perhat Sabirovv 3 years ago- ++++