ZENANLAR, ÝYLGYRYÑ!
Men-men diýenleri elendirýärler,
Ýüregi şübhesiz ynandyrýarlar,
Maşgalany dolandyrsa erkekler,
Zenanlar dünyäni dolandyrýarlar.
Aýaly sylana Alla ýar eken,
Geçmişde ajaýyp nusga bar eken,
Zenan hyzmatynda berk guşap bilin,
Hak Resul Hatyjañ kerwenin çeken.
Gyz-geline gadyr goýmak hökmandyr,
Pederlerimiz näzik göwni ýykmandyr,
Agaýunus periñ aýdan sözünden,
Görogly beg bir gezegem çykmandyr.
Özüñi şir saýyp arlabermegin,
Göwün-ganatyñy perläbermegin,
Aýallar dogurýar erkekleri-de,
Zenanlañ ýanda gürläbermegin.
Biribaryñ berdigini nagt bil,
Öýùñ törün ýòne tör däl tagt bil,
Akyl etseñ aýal öýüñ şasydyr,
Öz öýüñde gul bolmagy bagt bil.
Atam şeý diýerdi "Gaty görmesin,
Düşünmezden kesä çekip durmasyn,
Bir aýalyñ göwnün tapyp bilmeýän,
Özüne erkegem diýip ýòrmesin".
Ezizim durmuşy saýgaryp barýan,
Atdyr-abraýymy eý görüp barýañ
Men günä iş edip peseldigimçe,
Sen günämi geçip beýgeldip barýañ.
Diñe tör däl, ömre ýaraşyk berýär,
Tutuş dünýä, döwre ýaraşyk berýär
Zenanlar hiç zady sorap almaýar
Olar bizden diñe garaşyp gezýär.
Dînýäsini hazan ýeli çalmaýar,
Meñiz güli ömürboýy solmaýar,
Zenanlaryñ duýgusyny aslynda
Duýup bolýar, düşündürip bolmaýar.
Awtory:Didarberdi ALLABERDIÝEW.
Paylasan:Guljemal Ahmedowa.
Unis berip okanynyz ucin minetdar!
ZENANLAR, ÝYLGYRYÑ!
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- Aysenem sps
-
ODINOKIY
3 years ago
- Aysenem nireli sen
-
A93
3 years ago
- Gowy şahyr Didarberdi aga
-
.vkus.granata.
3 years ago
- Doly ýazmalydao
Aýsenem92. 3 years ago- hayyyy bolyala in sonky sozun onarmansynda uns berip diyenin yzyndan)))