Allahyň Söýeni, ähli zamanyň we mekanyň pygamberi bolan Serwerimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Mekge şäherinden nur şäherine – Medinä hijret edipdi. Medineli musulmanlar Oňa hyzmat etmegiň arzuwyndady. Her kim iki dünýäniň bagt nury bolan Serwerimize (sallallahu aleýhi we sellem) halat-serpaý etmekçidi.
Howa petiş yssydy. Çölden öwüsýän ýalyn her gezek adamlaryň ýüzüni ýalap geçeninde, Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) hoşboý ysyny-da çaýýardy.Bumübärek, uçmah ysly Kişiniň has ýakynynda bolup, Oňa hyzmat etmek üçin ýüregi atygsap duran adam kändi. Emma bu bagt her kime miýesser edibem baranokdy. Onuň bilen bir ýerde ýaşasa-da, Oňa duşman bolanlar, şol duşmançylyklary bilenem ýok bolup gidenler munuň aýdyň delilidir.
Hezreti Enes ejesiniň elinden tutup durdy. Ejesi ikisi häzir iň mertebeli huzura çykmalydy. Tolgunmakdan ýaňa ikisiniňem ýüregi gürsüldäp, agyzlaryndan çykaýjak bolýardy. Bu ýagdaý kiçijik Enesi ejesiniň mähirli elinden has-da berk ýapyşmagyna iterdi.
Biraz wagtdan soň eneli-ogul Pygamberimiziň huzuryna bardylar. Onuň huzurydiýseň mübärekdi, ýüzibolsa diýseň mähirlidi, nuranady. Eýsem, bu ýerde bark urýan Jennet ysyna näme diýjek?! Aslynda rugsat berseler, kiçijik Enesiň ejesi-de şol ýerde ömürboýy hyzmatkär bolup galmaga razydy. Emma bu mümkin däldi, beýle bagt ýerýüzünde diňe onuň ogluna miýesseretjekdi. Şol sebäpli hem, hezreti Enes ýerýüzündäki bagtly çagalaryň hataryna goşuldy. Onuň özem muňa düşünýärdi. Şonuň üçin ol sekiz (ýa-da on) ýaşyndakahyzmatkär bolup baran huzuryndan ýeke gezegem gaýdaýyn diýmedi.
Huzura baran eneli-ogul ol ýerdäki uçmah ysyny gana-gana demlerine sordular. Ümmü Süleým edep bilen:
– Eý, Allahyň Resuly! Ine, bu meniň balam – Enes. Saňa hyzmat etsin diýip getirdim. Hat-sowatdan başy çykýar, oglum üçin Allahdan ýagşy dileg et! – diýdi. Mübärek ýüzi Gün kimin şugla saçyp duran Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) ýerýüzüniň iň bagtly körpeje hyzmatkärine söýgi bilen garap, şeýle dileg etdi:
– Allahym! Şu çaganyň döwletini artdyr, neslini köpelt! Ömrüni uzak et,günälerini bagyşla!
Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) eden her bir dileginiň hasyl bolşy ýaly, hezreti Enes üçin eden dilegem hasyl boldy.
Bu hadysany ençeme ýyldan soň,şatlyk bilen gürrüň berýän hezreti Enes şeýle diýýär: «Bu dilegiň hormatyna meniň neberämiň sany ýüze ýetdi. Baglarym ýylda iki gezek hasyl berdi.» Mundan başga-da, hezreti Enes Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) dileginiň hormatyna Basrada wepat bolan sahabalaryň arasynda iň beýikmertebä eýe boldy. Ýüz ýaşap, hijri-kamary hasabynyň 91-nji ýylynda on ýyllap hyzmatynda bolan Serwerimize (sallallahu aleýhi we sellem) gowuşýar.
Hezreti Enes bir ýatlamasynda şeýle diýýär:
«Medinäniň çagalary ylgaşyp baryşlaryna ýerli-ýerden: «Muhammet geldi, Muhammet geldi» diýşip gygyrýardylar. Menem olar bilen ylgap: «Allahyň Resuly geldi. Allahyň Resuly geldi!» diýip gygyrýardym.»
Kiçijik Enes şeýtmek bilen özüne ullakan bagtyň miýesser edendigini nygtaýardy. Eýsem, ol näme üçin başga biriniň däl-de, hut özüniň Serwerler Serwerine (sallallahu aleýhi we sellem) on ýyllap hyzmat edendigini subut edýärdi. Hezreti Enes Älemleriň Serwerine (sallallahu aleýhi we sellem) tabşyrylan gününden, tä Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) soňky demine çenli az salymlyk hem Onuň ýanyndan aýrylman, hyzmatynda boldy. Öz ýaşytdaşlary köçede böküşip, oýnaýan mahaly Enes hemişe Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyndady. Ol Serwerimizden (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle kän zatlary öwrendi welin, sanasaň sanap oturmaly. Bize Älemleriň Serwerinden (sallallahu aleýhi we sellem)2286 hadys rowaýat etmek bilen, «iň köp hadys rowaýat edenleriň» arasynda öz mynasyp ornuny aldy.
Şanly Bedir söweşinde Enes on iki ýaşlaryndaky çagady. Emma çagadygyna garamazdan, Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) bilen bilelikde söweş meýdanyna girip, Yslam ugrunda söweşýänler bilen deň hatardaResuly Ekreme (sallallahu aleýhi we sellem) hyzmat etdi.
Enes Serwerimizi (sallallahu aleýhi we sellem) ýürekden söýýärdi. Oňa hyzmat etmegi durmuşda esasy maksat hasaplaýardy. Ol:«... Men Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) ysyndan başga hiç hili hoşboý ys almadym. Ýene-de, Onuň (sallallahu aleýhi we sellem) eli ýaly ýumşaklygy başga hiç zatda duýmadym.»
Beyaz gölge 3 years ago- Gaty onat yone bir zat bellap gecjek eger mumkinse yagny su paylasan eserinde eger pygambermizin etmedik zady bolupda su tayda etdi diyilip yazylan bolsa menin jayym jahendem diyiwersin diyimis etmedik zadym ulaldyp onu etdi munam etdiyip diyman diymis name eden bolsa sonu yazyn diyen pygambermiz akyl satamok hakykaty aytyan