Ikiýüzlüler.

Men bu pikirimde yranmaýaryn!
Aslynda beý diýmek nämäñe derkar?!
Ikiýüzlilere ynanmaýaryn,
Adamlañ ýagşysy, ýamany-da bar.

Hawa, adamlaryñ ýamany-da bar,
Men olary ýigrenýärin ebedi.
Olar ýaşap ýörler ilden "assyryn",
Siz düşüniñ: şu erbediñ erbedi.

Iş ýerinde, awtobusda, köçede,
Ýa-da tanyşyñka bolaýsañ myhman,
Şeýle adam señ keýpiñi keç eder,
Şeýle adam özün tanadar hökman.

Oturşyga bile gelen dostunyñ,
Sebäp bilen daş çykarna mähetdel,
Üstün açyp oña bolan kastynyñ,
Işdä bilen gybat eder şol hakda.

Durmuşda köp duşdum ikiýüzlä men,
Şeýle duşuşykda köp zat ýitirdim.
Ýöne bulañ bary misli ekzamen--
Ýagşylara şeýdip akyl ýetirdim.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir