Söýüň çagaňyzy!
Söýmekden armaň.
Säherler oýanyp öpüň bir salym,...
Eline tutduryp ullakan alma,
Pata berip, uzak ýollara salyň!

Gorkmaň! Olar näçe daşa gitse-de,
Gelerler,
Eşitse çagyrýanňyzy.
Bir dilegim:
şatlyk bilen gussada
Oňatlyga ündäň çagalarňyzy!

Utanmaň!
Gizlemäň ýüzleriňizi,
Dymmaklygy,
ýygralygy owradyň!
Öz aýdyp bilmedik sözleriňizi,
Çagaňyza aýtmaklygy öwrediň!

Ýogsa käte bilýärisem öňünden,
Emma «Äý» diýýäs-de, dymýas-da gidýäs:
Ilki dymyp,
geçip onuň deniňden,
Soň tankyt edere adam döredýäs.

Bu islegmiz däl, perwaýsyzlyk bu,
Islämzok adamyň peselenini.
Ýöne ownuk işde unudaýýarys
Döwrüň in agyrly meselelerni.

Synlaň çagaňyzy: işe gümramy,
Ýa-da onuň edýän işi galatmy,
Her haýsy bolsa-da, dymman adamlar,
Siz öz söýgiňizde boluň gazaply.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir