Bu waka haçan, haýsy ýurtda bolupdyr, bilýän ýok. Elgaraz, bir
bar eken, bir ýok eken. Gadym
döwürlerde bir küren oba bar eken. Onuň
daş­töweregi daglyk bilen gurşalyp, oňa barýan hiç hili ýol­ýoda ýok eken. Oba ilaty onuň daşynda bolup geçýän zatlardan bihabardy. Hiç kimem şeýle
obanyň bardygyny bilmeýärdi. Mahlasy, olar dünýeden
üzňe ýaşap, ömür sürýärdiler.
Adamlar öý gurmak üçin toýundan kerpiç guýýardylar. Kerpiçler uly hem­de agyrdy. Olar öýlerini kiçiden
darajyk edip gurýardylar. Öýler bir­birine juda ýakyndy. Köçelerem dardy. Bir öýden çyksaň, beýleki öýe girip gidibermelidi. Oba ilatyna giňişlik ýer gerek däldi.
Olar darlygy gowy görýärdiler. Şonuň üçin öýüň işiklerem kiçidi. Girip­çykaňda iki bükülmelidi.
Darajyk ýollarda agaçlar parç bolup otyrdy. Olar
uzyn hem­de boldumly çynar agaçlarydy. Olaryň içinde ýaňy boý alanam, otuz ýyl bolanam, hatda üç ýüz
ýyl ýaşanam bardy. Uzakdan seretseň oba görnenokdy. Çynarlar çam tokaýlyk ýaly jaýlary öz goýnun da
ýygşyrýardy.
Oba ilaty ekerançylyk bilen meşgullanýardy. Olaryň
ekiş döwri topraga sepen tohumlaryny guşlar çokup
gidýärdi. Olar garynlaryny mazaly ýazanlaryndan soňra, çynaryň şahalarynda jürküldäpjik aýdym aýdýardylar. Olaryň sesleri oba şatlyk paýlaýardy. Oba adamlary
muňa keýpiçag bolýardy. Olar sepilen tohumlary iýsede guşlara degmezdiler. Gaýtam, çörek owuntygy ýa­da
beýleki artanja zatlarynam guşlara berýärdiler.
Dagda ýyrtyjy haýwanlaryň süreni bardy. Olar wagtal­wagtal oba çozýardylar. Ine, bir gün wagşy haýwanlar hemişekiler ýaly, oba hüjüm etmegiň kül­külüne düşýärler. Olar ýolbars başlyklaýyn oba girýärler.
Adamlar yzan­çuwan bolşup, goh­galmagal bilen hütdük jaýlaryna sümülýärler. Ýyrtyjylar gysga wagtyň
içinde obany zabt edip alýarlar hem­de bokurdagyna
sygdygyndan arlaşyp, özleriniň bu ýeriň täze hojaýynydygyny yglan edýärler. Soňra olar kelle sokar ýaly tünek hem­de garbak­gurbak ediner ýaly höregiň ugruna
çykýarlar.
Haçan ­da ýyrtyjylar obada sümsünip ýörkäler, bir
äpet gorilla peýda bolýar. Ol läheň göwresi bilen hiç
bir haýwana per berer ýaly däldi. Gorilla ullakan toýun kerpiçleri ýyrtyjylaryň üstüne zyňyp, olary gaçmaga mejbur edýär. Ýyrtyjylar biraz wagtdan täzeden
jem bolup, bar güýçleri bilen oňa hüjüm edýärler. Emma gorilla hem asgynlar ýaly däl. Olaryň hemmesiniň
mazalyja eýini ýetirýär. Onuň hötdesinden gelip bilmejekdigini aňan ýyrtyjylar bu günlükçe ökjäni götermeli
diýen aýgyda gelýärler we obany terk edýärler.
Oba ilaty muňa juda şadyhorram bolup, gorillany obanyň töründe oturdýarlar. Uly­kiçi hemme kişi
onuň bilen tanyşmaga hem­de ony ýakyndan synlamaga gelýärler. Olar öz gahrymanlarynyň elini gysyp,
sagbolsun aýdýarlar. Obalylar hem şatlanýardylar, hem üşerilişýärdiler. Birdenkä gorilla nireden peýda bolduka diýsene? Hemme kişi aňynda şu soragyň jogabyny
gözleýärdi. Belki­de, Hudaýtagala olaryň guşlara bolan
merhemeti üçin gorillany kömege iberendir...
Gorilla yşnaksyz hem­de gorkunçdy. Şonuň üçin oba
ilaty ondan birneme tazygýardy, çagalar bolsa ejeleriniň gujagynda oňa ätiýaçly garaýardylar.
Adamlar gorillanyň hödür­kerem taýdanam gady￾ryny bilmegi ýatdan çykarmadylar. Oňa ullakan elin et
bölegini, birem palaw bişirip mürehet etdiler.
Gorilla obalylaryň myhmanparazlygyndan hoşal
bolup ýylgyrdy. Emma nahardan duz datmady. Ol iki
elini ýokaryk galdyragada, döşüne kakyp, bir zatlar
diýýän ýaly batly haýkyryp, daglaryň içinde zym­zyýat boldy.
Ýöne obanyň parahat durmuşy uzaga çekmedi. Ýyrtyjylar häli­şindi hüjüm edip durýardylar. Olar her gezek çozanlarynda, gorilla obalylaryň dadyna ýetişýärdi.
Şeýdip oba ilaty gorilla bilen öwrenişip gitdi. Çagalaram indi ondan gorkanokdylar. Gaýtam, onuň çekge tüýüni sypalap, gujagynda oýnaýardylar. Adatdaky ýaly,
gorilla hödürlenen tagamy iýmän, elini döşüne kakyp,
bagyra­bagyra obany terk edýärdi.
Ýyrtyjylaryň hüjüminden halys iren oba adamlary günleriň birinde giçlik çagy geňeş geçirdiler. Oba
kethudasy:
— Şu wagta çenli ýyrtyjylaryň çozuşlaryndan bizarpeteňimiz çykdy. Beýle ýagdaý haçana çenli dowam
eder — diýip, obadaşlaryna ýüzlendi.
— Dogry aýdýaň, beýle­de bir zat bolarmy — diýip,
adamlaryň ýarasyna deglen ýaly boldy. — Bizi bu ýerden halas et! Bize ýol görkez!
— Mende bir gowy pikir bar. Ýyrtyjylar indiki gezek
hüjüm etmezinden öň, bu ýerini terk etmeli.
— Bu ýeri taşlap nirä gideris?
— Obanyň günortasyndaky dagdan aşyp, aňyrsyna
geçeris.
— O ýerde näme bar? Biziň obamyzdan gowumyşmy?
— Hemme zadam bar. Obamyzdan müň esse gowy.
Bag­bakjalar, ir­iýmişler, çeşme­çaýlar...
— Gowudygyny. Onsoň o ýerde ýyrtyjylar bize azar
bermezmi?
— Ýok, olar biziň nirededigimizem bilmezler.
Mähelle gobsundy:
— Guşlaram dänelerimizi çokmazmy?
— Ýok.
Olaryň ýene­de göwni hoş boldy.
— Äpet, betgelşik gorilla­da gelmezmi?
— Gelmez. Arkaýyn bolaýyň.
Bu gezek adamlaryň şatlygy zym uçan ýaly boldy.
Ýüzlerini aşak salyp, gama batdylar. Olar oba kethudasyndan:
— Biz gorillany ýanymyz bilen äkitsek bolmazmy?
— diýip soradylar.
— Ýok, bolmaz. Her näçe gowam bolsa, onuň ýyrtyjydygyny unutmalyň. Onuň haçanam bolsa ýyrtyjy häsiýeti oýanyp biler. Ana, şonda biziň işimiz gaýdar.
— Ol beýleki ýyrtyjylardan goranmaga kömek edýär aahahyahyrahyryahyrynahyryn.
— Indi bize onuň kömegi gerek
bolmaz. Biz howpsuz ýere gidýäs. Ol
ýerde bize täze durmuş garaşýar.
Oba ilaty ertesi daň tilkiguýruk bolanda
goş­golamyny alyp, daga tarap ýola düşýär. Olar dagyň çür başyna ýetip, demlerini dürsemek üçin goş
ýazdyrýarlar.
Obalylar dagyň depesinden ozalky mekanlaryna
iň soňky ýola seretdiler. Obanyň keşbi üýtgäp gidipdir. Hemme zat agdar­düňderdi. Agaçlaryň şahalaram
döwlüp, hersi bir ýerde ýatyrdy.
Adamlaryň bu ýeri terk ederine mähetdel, ýyrtyjylar oba çozýarlar. Olar öňde­soňda görülmedik hüjüm
edýärler.
Emma oba ilatyna alada edip oturasy iş ýokdy. Sebäbi indi olar o ýerde däl­de, dagyň üstündedi. Olar
teatrda sahna oýnuna tomaşa edýän ýaly, ýokardan
haýwanlary dykgat bilen synlaýardylar. Ine­de, birden
gorilla peýda bolýar.
Ol hemle bilen ýyrtyjy haýwanlaryň üstüne topulyp,
aldym­berdimli darkaş gurýar. Gorilla oba ilaty üçin
uruşýardy. Olary ýyrtyjylardan penalamaga çalyşýardy.
Söweşiň gyzyşan mahaly gorilla bir zada göz ýetirýär. Adamlar nirede? Hany mähelle? Olar nirä gürüm­jürüm boldularka? Ol hem­ä uruşýardy, hemem
adamlary tapmaga synanyşýardy. Ol köçeleri, öýleri
elek­soky edip çykdy. Emma... adamlar ýokdy.
Gorilla bokurdagyna bat berip haýkyrýardy. Onuň
ýaralary awuşaýardy. Ol adamlary tapman elewreýärdi, obalylaryň özüni ýeke taşlap gidendiginden
bihabardy.
Gorilla ahyry ýyrtyjylaryň zarbasyna ýan berdi.
Onuň gobsunmaga mejaly ýokdy. Indi ömri paýawlap
barýardy. Ýyrtyjylar ony persala edipdiler.
Gorillanyň ýatan ýerinden tötänden, dagyň üstünden özüni synlap oturan adamlara gözi düşdi. Diňe
şonda ol özüniň adamlar tarapyndan taşlanandygyna göz ýetirdi. Ol bu wepasyzlyga, gadyr bilmezli ge
döz gelibilmän, gözünden katra­katra ýaş dökdi. Gorillanyň dodagy gymyldaýardy, göýä, adamlara bir
zatlar diýýän ýalydy. Megerem: «Men özümi howp
astyna atyp, sizi ýyrtyjylardan goradym. Men sizi gowy görýärdim, ýöne siz edilen ýagşylygy bilmeýän
ekeniňiz. Bu gün meni ýalňyz goýup, taşlap gitdiňiz.
Alan sagbolsunymam şu boldumy indi?» diýen bol sa
gerek. Gorillanyň ömür saly pitige münüp barýardy.
Ol adamlaryň biwepalygyna çydaman, ulili bilen bir
«ah» çekip amanadyny tabşyrdy.
Gorilla dünýäden ötdi. Ol indi bu jahanda ýok. Adamlar bolsa dagyň üstünden bu wakany synlamakdan
başga zada çäresizdiler....



Çeşme: dünýä edebiýaty
Hytay yazyjysy: Bu Fei Yan
Terjime eden: S.Begenjow

Edebiýat, Real.123. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir