Günamizi bagyşlaýar Eneler
Sebäp Eneleriň ak süýytli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär
Şeýdibem kemelýär Eneleň ýaşy
Ene balasyna buýurdy ýumuş
Ol diýdi “Özüň et oň ýaly işi”
Ýandy Ene. Emma ötdi günasin
Kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy.
“Öýe wagtynda gel, giç gelme balam”
Ogly bolsa Enä çenedi daşyn
“Wah nätsemkam” Emma günäsin ötdi
Kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy.
Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul
Gapak ýaly boldy tüýlije döşi
“Indi ata bolduň adam bol oglum!”
Gysyldy, gysyldy Enäniň dişi.
Ene dişin gysdy otyzki gezek
Her gezek gysanda gaçdy bir dişi
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp gaçdy bir ýaşy.
Enânın göz yaşi:(Avtory - Kerim Gurbannepesow)
-
A93
3 years ago
- Adamyň ejiz tarapyndan tutmaly däl...
-
Beyaz gölge
3 years ago
- Bagyşlarsyn
Beyaz gölge 3 years ago- ❤️💕 ❤️🔥