Gadymy türkmen topragy ukyply hakdan içen zehinli adamlara örän baý toprak. Türkmen kino sungatynyň merjen dänesi, özüniň ýiti zehini, beýik adamkärçilik sypatlary bilen teatr we kino äleminde uly yz galdyran ussatlaryň biri-de türkmeniň akyldar şahyry söz ussady Magtymguly Pyragynyň keşbini ekranda ilkinji bolup janlandyran, şahyryň ady bilen adygan, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly baýragynyň eýesi Hommat Müllükdir. Hommat Müllük 1939-njy ýylda Aşgabat şäherinde işçi maşgalasynda eneden bolýar. Onuň çagalyk we ýetginjeklik döwri 1941–1945-nji ýyllaryň urşuna, şeýle-de Aşgabat ýer titremesine gabat gelýär. Hommat Müllük başlangyç bilimi Aşgabadyň 23-nji orta mekdebinde alýar. Ol mekdepde okan döwründe diňe bir sapaklary doly özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem mekdepde geçirilýän dürli medeni çärelere, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp birnäçe hormat hatlaryna mynasyp bolýar. Hommat Müllük durmuşda diýseň mylakatly bolup, özüniň ýiti zehini bilen synpdaş ýoldaşlaryndan tapawutlanypdyr. Hommat mekdebi tapawutlanan şahadatnama bilen tamamlandan soň, 1958-nji ýylda ilki arhitektor bolmagy arzuw edipdir. Emma onuň bu arzuwy başa barmansoň, Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutynyň aktýorlary taýýarlaýan bölüminiň talyby bolup galyberýär. Institutda Hommat Müllük bilen bir hatarda, soň halk artistine çenli baryp ýeten Aman Baýramberdiýew, Gulmyrat Agabaýew, Ene Baýramberdiýewa, Tylla Ýakubowa, Nurmuhammet Keşşikow, şeýle-de Hommat Kakajanow, Tirkiş Agaýew, Aýdogdy Orazow, Artyk Baýramow, Durdy Döwletow dagylar hem okaýarlar. Hommat ýokary sungat mekdebinde okaýarka eger bu okuwy başarmasa, onda binagärlik ugrundan okaýaryn diýip göwnünem bölýär.Hommat Müllük 1963-nji ýylda ýokary sungat mekdebini tamamlap Watana gaýdyp gelensoň, ony şol wagtky Mollanepes teatrynyň ýanynda ýerleşýän ýaş tomaşaçylar teatryna artist edip işe kabul edýärler.Oňa bu uly teatryň sahnasynda halypa artistler Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Muhammet Çerkezow, Sona – Suraý Myradowalar, Sabyr Ataýewa, Aman Gurbandurdyýew we başga-da meşhur halypa artistleri bilen işleşmek miýesser edýär. 1965-nji ýylda meşhur kinorežissýor Alty Garlyýew özüniň “Aýgytly ädim” atly çeper filminde Hommada Mawy atly garyp daýhanyň keşbini ynanýar. Bu keşp artistiň türkmen kino äleminde ilkinji ýerine ýetiren keşbidigine garamazdan, şowly çykan keşpleriň hataryna girýär. Şol keşbi Hommadyň ýerine ýetirişini synlap göwni ýeten režissýor özüniň soňky düşüren “Magtymguly” atly çeper filminde baş keşp bolan Magtymgulynyň keşbini janlandyrmagy Hommada ynanýar. Bu keşp türkmen kino sungatynda artistiň beýik akyldar şahyryň keşbini ilkinji bolup ýerine ýetirmegine we adygyp gitmegine sebäp bolýar. Şondan soň Pyragynyň ady bilen adygan Hommat Müllüge, kinorežissýorlar yzly-yzyna keşp ynanyp başlaýarlar. Akyldar şahyr, söz ussady Magtymguly Pyragynyň keşbini ilkinji bolup kino sungatynda ynandyryjy döredip, halkyň çäksiz söýgüsini gazanan Hommat Müllük filmde surata düşen wagtlary ýaňy 26 ýaşynda ekeni.
Meşhur kinorežissýor Alty Garlyýew bu keşbi Hommada ynananda onuň özüniň, maşgala agzalarynyň begençleriniň çägi bolmandyr. Hommadyň käbesi Amangözel eje ogluna: – Balam Magtymguly Pyragy halatly adamdyr, il içinde uly ahun hökmünde bellidir. Şonuň üçin beýik şahyrdan ak pata alsaň, oňat bolardy – diýipdir. Şondan soň Hommat filmiň režissýory bilen bile şahyryň obasy bolan Gerkeze gidýär. Şol ýerde ahun adamdan ak pata alyp gelýär. Şahyryň keşbini ynandyryjy, has kämil derejede döretmek üçin artist gije-gündiz yhlas edýär. Ol şahyryň goşgulary bilen ýaşaýar. “Magtymguly” filmi Gökdepe etrabyndaky Sekizýabyň kenarynda surata düşürilýär.Artistiň “Mukamyň syry” atly filmde Daşberdi hanyň, “Geçigaplaň” filminde Çaryýaryň, “Jemalyň daragtynda” Gylyjyň, “Gelin” filminde Nazaryň, “Aýal ata çykanda” filminde Azadyň, “Ýurt eýesi” filminde Abalagyň, “Ýok diýmäni başar” filminde Nurly aganyň, “Döwranyň başdan geçirenleri” filminde Döwranyň kakasynyň, “Derýanyň aňyrsy serhet” filminde Bekiniň we başga-da ençeme gahrymanlaryň keşbini ussatlarça ýerine ýetirendigini guwanç bilen ýatlasa bolar.Otuz ýyla golaý geçen döredijilik ýolunda 30-a golaý kinofilmde, şonuň iki essesinden gowrak spektakllarda janlandyran keşpleri Hommat aganyň ýaşan gysga ömrüniň datly miwesi boldy.Zehinli artist, Pyragynyň ady bilen adygan Hommat Müllük 1991-nji ýylda aradan çykýar.Emma hakyky ynsanlar halkyň hakydasynda ömürlik ýaşaýarlar. Olar halkyň hakydasynda öz päk zähmeti, belent adamkärçiligi, döreden ajaýyp saz we sungat eserleri bilen ebedilik orun tutýarlar. Häzirki döwürde Hommat aganyň başlangyç bilim alan ýeri bolan Aşgabadyň 23-nji orta mekdebi onuň adyny göterýär. Mekdebiň otaglarynyň biri artistiň hormatyna muzeý edilip, onda onuň dürli ýyllarda teatryň sahnasynda we mawy ekran arkaly döreden keşplerinden suratlar we artiste degişli bolan resminamalar saklanylýar. Şeýle-de mekdebiň çäklerinde artistiň heýkeli oturdylypdyr. Bu bolsa artistiň belent adamkärçiligine we ýiti zehinine bolan hormatdan nyşandyr.
Pyragynyň ady bilen adygan Hommat Müllük!.
-
Beyaz gölge
3 years ago
- Hakıki seyle bolsyn
Pegas 3 years ago- Hakykatdanam güýçli aktýor. Ruhy şat bolsun.