141. 1994-nji ýylda iki daşdeşen, NASA-nyň "Discovery" şatylynyň benzin bagyna köp deşikler deşip zeper ýetirýärler. Remont 2 aýa çekýär we şatyl 1995-nji ýylyň 3-nji fewralynda uçýar.
142. Hytaýda, Koreýada we Ýaponiýada, 4-lik san betbagtlylygyň sany diýip hasaplanylýar, sanyň ady "Ölüm" sözüne sazlaşykly eşidilensoň. Bu ýurtlaryň jaýlarynda, otellerinde soňy 4 bilen gutarýan komnat, kwartiralar ýok diýenýaly.
143. 1983-nji ýylyň awgust aýynyň 11-ne, A.B.Ş.-nyň prezidenti Ronald Reýgan, saýlawlaryň öň ýanyndaky gepleşiklerinde(дебаты), mikrofonlar gurnalyp sazlanýan wagty oýun edip degişdi. Degişmesi "Meniň hormatly amerikan watandaşlarym! Rossiýany baky kanundan daşary diýip görkezme resminamalara gol çekenimi begenip aýdýaryn. 5 minutdan bombalamak başlanar." diýen gürrüňlerinden ybarat. Şunlukda SSSR-iň ýaragly güýçleri doly taýýar ýagdaýa geçýärler. Bu Reýganyň "gowja" degişmeleriniň biri. Şondan 2 ýyl öň, ýene mikrafonyň barlaglary-sazlamalary wagtynda ol "Düýn polşa döwletiniň, harby diktator görnüşleri, birtopar bitli bolgusuz işsizler" sözleri hem aýdypdy.
144. Ýaponiýada her ýyl "aglaýan çagalar" festiwaly geçirilýär. Bu hakyky festiwal bolup şol festiwalda sumoistlar(Sumo, urşganly sport görnüşi) çagany ellerine alyp, çagalary çalt aglamaga mejbur edýärler. Kimiň çagasy gaty çirkin sesli aglasa şol hem ýeňýär. Ýaponlar, "Çaga sesleri erbet ruhlary kowýar we çaganyň sagdyn ösmegine kömek edýär" diýip hasap edýärler.
145. 1963-nji ýylda Milanyň "Vetraria Gallaretese" aýna firmasy, ýubileý mynasybetli kwartaldaky(çatrykdaky) çagalaryň hemmesine "üýtgewsiz arkalaşygyňyz üçin minnetdar" diýen ýazgyly ýaýlary(рогатки) sowgat berýär.
146. Dünýäde piwolaryň müňlerçe görnüşleri bar. Käbir adamlara şol hem az bolmaga çemeli. 2009-njy ýyldan başlap Gollandiýada itler-güjükler üçin hem piwo çykarylyp başlady. Itler bu piwony gaty gowy görýärler. Muňa seretmezden bu "Kwispelbier" piwosy "Heineken"-den 3 esse gymmat, şondada şol piwolar zawoddan çykan wagty çaltlyk bilen satyn alynýar.
147. Ispoli-Kengurularyň böküş uzaklygy ortaça 12 metr. Hatda rekordsmen amur-gaplaňy hem 10 metr böküp kengurudan yza galýar. Impala(jerenleriň bir görnüşi) bökmekde kenguru bilen deňleşip biler.
148. 1909-njy ýylda "Mercedes-Benz"-iň üç-uçly emblemasy(belligi) 3 tarapy, ýagny suwda, ýerde we asmanda öňdebaryjylygy suratlandyrýar(символизирует). Mundan başgada kompaniýa maşynlaryň dwigatelini, uçar we suw-gämi-gaýyklaryň dwigatellerini hem çykarýardy.
149. Dünýädäki iň uly ogurlyk 1990-njy ýylyň 18-nji martynda Bostondaky ýerleşýän "Izabella Stýuart Gardner" muzeýindäki 13 suratyň ogurlanmagy bilen bolup geçýär. Ol suratlaryň jemi bahasy 300milion dollar. Şol ogurlanan suratlaryň biri hem şuwagda çenli tapylanok. Suratlary tapyp yzyna gaýtarylmagyna kömek etjek her bir maglumat üçin 5 milion dollar baýrak bar.
150. Latyn Amerikan döwletleriniň köpüsinde "ok" hereketi(elde ok görkezmek) sögmekligi aňladýar(ýagny "nol" ýada "hiçzat"). Braziliýada bolsa gahar-gazabyňy açyp görkezmek.
Internet sahypalalaryndan toplan: IDEALLIDER.
Pegas 3 years ago- Gyzykly maglumatlar. Köp sag bol, awtor, azabyňa.