Pasyldan pasyla geçip ýadadym,
Ýok geçip däl-de ýashap ýadadym.
Ýok ýashaban däl bagtsyz ýadadym—
Wapshe dogrym aýdaýyn gepden ýadadym.
Menä shahyram däl ýazyjam,
Ýöne dogry düshüniñ däldirin pozujam.
Alla jan bolmaýyn hijem köýüjem—
Durmushuñ agyr shapbadyndan yadadym.
Gaygydan, gussadan agyr ýüklendim,
Betondan — örüme ishe örklendim.
Ýöne shükür edýän hiç kemsinmedim—
Gizlin ýeke aglamakdan ýadadym.
Kakasyz bolmagyma men günäkär däl,
Agyr ishlemegime men günäkär däl.
Ejemiñ agysyna men günäkär däl—
Aýyplary gizlemekden ýadadym.
Bashymy dik tutdum agyr günümde,
El uzadan bolmady büdrän günümde.
Kimiñ kimdigini indi tanadym—
Tanap çäre görmezlikden ýadadym...
Awtor: Gurbanmyradow Ahmet.
30.11.2020. 06:21
27.12.2020. 8:54
Bellik: Awtordan rugsatsyz goshgyny bashga ýerde paýlashmak gadagan!
Ýadadym
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Siz bir zehinli, bizem akyly kem)))
Rugsady gaty gowy sorarlar)))
Awtorlyk hukugynyñ bardygyny bilýän bolsalar gerek...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- 9:36
-
Pegas
3 years ago
- Awtorlyk hukugyny, haçanda, seň ýazgyňy başga bir awtoryň ady bilen berenlerinde talap edip bilersiň. Häzir men şu ýazan zadyňy başga bir saýtda ýazyp, aşagyndanam "awtory Ahmet Gurbanmyradow" diýip ýazsam, maňa näme edip biläýerkäň?
-
Ahmedik_97
3 years ago
- siz akylly men samsyk)))
-
Pegas
3 years ago
- Ahmedik_97, ýalňyşyny boýun almagy başarmaýanlaryň berip biljek iň gowy jogabyny berdiň şu wagt.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- dogry aydyan)))
-
Ahmedik_97
3 years ago
- bolmanam edebiyat hachan tankytsyz bolupdyr?! tankytlaber, gaharymy sizden chykarypdyryn. Sorry, please!!!
-
Ahmedik_97
3 years ago
- 10:03
Pegas 3 years ago- Goşgy - "goşgy" bolanlygynda senden rugsat sorabam durmazlar başga ýerlerde paýlaşmak üçin))
Gaty pes goşgy. Goşgyň mazmunyna degmäýenimizde-de, diňe tehniki tarapy hem gaty gözgyny. Goşgy ýazyp bilmeseňiz, ýöne şondaky zady hökman aýdasyňyz gelse, ýönekeýje bir makala bolýarmy ýa oýlanma bolýarmy, şolar ýaly zat ýazaýyň. "Goşgy" bolmagyň hem öz kriteriýalary bar. Her bir yzygider çatylan 4 setirli zada "goşgy" diýlenok.