Amerikanyň şu harby birleşigini halamok. Esasan hem onuň Amerika degişli bolanlygy üçin. Beýleki ýurtlaram şoňa goşulmadyk bolsa gowy bolardy. Ukrainaňam halky gozgalaň turuzýa garşy çykyp ol bolsa şonda-da girýa. Polşa, Gruziýa olaram goşuljak bolýalar öýdýän?! Amerikanyň bahanasam gowy “terrorçylyga garşy” diýen bolup. Meň pikirimçe olar Rossiýa garşy. Ozal SSSR bar wagty “warşawa şertnamasy” diýip bardy öýdýän şolam Nato ýalymy?! Nähilegem bir nejis ýurdaý özüne dünýäň hanydyrn diýýä näme etse eden bolup. Bahana bilen näçe ýurdy bulap zyňdy adamlary agyr güne salyp.
“NATO”
-
shahyr
16 years ago
- nato pakty wagtynda sssr\'e garşy özlerini goramak üçin edilen güyç birleşigi. SSSR hem şona garşy warsawa paktyny döredyar kabir yurtlary jemlap. Aslynda nato girmek gowy zat, sebabi üstüne duşman çozanda sana kömege gelyaler.
-
mc_merw
16 years ago
- Rossiýaň öňüni çekýän pakty bolsa Шанхайская организация сотрудничества, öňki Shanghai Five. Agzlary China, Kazakhstan, Kyrgyzstan, Russia, Tajikistan, Uzbekistan. Indi kabul edilmeliler India, Iran, Mongolia, Pakistan.
Arda SCO-nyň şertleri sebäpli özbekler amerikoslaryň bazalaryny ýapypdylar.
-
Harmandali
16 years ago
- Nato girmek gowy yone onda sen edil NATON gol astynda yaly bolmayanmy?! Onsonam mena shu wagt Amerikan esasy maksady terroristlara garshy goresh dal-de bashga zat yaly bolup gorunya.
-
Harmandali
16 years ago
- Nato hakda Jirenowskiynyn chykyshyny gordunizmi?! Ey ola yaman kellesi chashanlay :) Name diyjek bolsa goni aydyberya hich kimden chekinenogam.
Mysal uchin TM girmeya weli eger girjek diyayeninde-de mena garshy bolardym.
-
A.H.A
16 years ago
- Mana bildiryan yeri yogay shu NATO bolupdyrow bolmandyrow, birine chozupdyrow ya da chozdurmandyrlarow bir topar mallaryn uyshup bashga bir mallaryn pikirine garshy yada pikirini goldayarlar kimi aldayarlar kim bilyar mena aldanamok :).
-
agajanh
16 years ago
- zamantm.com-da birinin yazan zatlary bar Nato hakynda.
PS: Menem bardyryn :)
-
Harmandali
16 years ago
- “Demirgazyk Atlantik birleşiginiň şertnamasyna 1949-nj ýylyň 9 Aprelynda Waşingtonda ABŞ-nyň, Angliýanyň, Fransiýanyň, Belgiýanyň, Niderlandiýanyň, Lýuksemburgyň, Kanadanyň, Italiýanyň, Portugaliýanyň, Norwegiýanyň, Daniýanyň we Islandiýanyň wekilleri gol çekdi. NATO = harby bileleşikdir. NATO guramasy döredilenden soň SSSR we Gündogar blogy öz harby şertnamasyn agol çekýär. Olaryň gol çekişen ylalaşygy 1955-1991 ýyla çenli dowam edýär.
Turkiýa bilen Gresiýa NATO guramasyna 1952-nji ýylda kabul edilýär.
Günbatar Germaniýa 1955- ýylda, Ispaniýa 1982 ýylda, Çehiýa, Wengriýa we Polşa 1999 ýylda agza bolýa.
NATO-nyň harby gurlşy
Guramanyň harby gurluşy agza ýurtlaryň goşun serkerdebaşylary ýa-da olara wekilçilik edýän harby çinli wekillerdn ybarat. Guramanyň ýokary organy bolan Nato-nyň Geňeşiniň garamagyndaky harby komitet birleşigiň iň ýokary harby edarasydyr. Harby komitet öz gezeginde Geňeş hem-de Goranmak we Meýilleşdiriş komitetine harby ugur boýunça maglumatlardyr teklipleri berýär.
NATO-nyň ýörelgeleri
-Harby maksatly bileleşik
-Agza ýurtlaryň territoriýasyny we garaşsyzlygyny goramak bilen dünýä parahatçylygyna goşant goşmak
-Agza ýurtlaryň islendik birine edilen hüjüm, beýleki ýurtlara hem hüjüm edilen ýaly hasap edilýär.
NATO-nyň giňelmegi
2004-nji ýylyň 29 martynda gurama 7 ýurt goşuldy. Olar: Bolgariýa, Estoniýa, Latwiýa, Litwa, Rumyniýa, Slowakiýa, Sloweniýa. Bu ýurtlaryň goşulmagy bilen Nato-nyň agzalarynyň sany 26 ýetdi.
NATO-nyň baş sekretary Gollandiýanyň daşary işler ministri Ýaap de Hoop Scheffer.
-
Harmandali
16 years ago
- Way ol zamantm ishleyan ekena :)
Harmandali 16 years ago- Ýöne gowy taraplaram bar weli maňa oň erbet taraplary has köp ýaly bolup görünýälaý. Belki ýalňyşýandyrn.