Bardyr her milletiñ bir ejiz ýeri, 
Seniñ ejiz ýeriñ - aýan milletim! 
Dereleriñ aždarhany owsarlap, 
Kä öziñe owsar salyp bilmediñ.

Däli Domrul bolup, iliñe sygman, 
Köpri gurduñ gury çaýyñ üstinde. 
Güýjiñe bäs gelmän, Donuña sygman 
Garşydaş tapmadyñ asman astynda.

Daglarda garpyşdyñ gara döw bile, 
Düzde Ezraýyla gurduñ darkaşy.
Sen bäs gelmän gaýratyña, dogmuña, 
Beýik mertebäñden 
Aklyñ dargady!

Men-menlik eýlärsiñ Görogly bolup, 
Az görüp jahanyñ ýaryn baglanyñ, 
Pygamberiñ kürsisinde oturan 
Halyfyna hemle atyp Bagdadyñ!

Men-menlik eýlärsiñ Alp Arslan bolup,
Men-men diýip daş düşer sen Allañdan. 
Zeminde garşyña gitjek tapylman, 
Käte saña towky geler asmandan!

Sen beýik türkmensiñ, 
Gerçek türkmensiñ, 
Mähribansyñ, gara ýer dek türkmensiñ, 
Nije müñ ýyl ýüzin salyp dor atyñ 
Ýüz müñ, ýüz müñ duşmanyñdan rüstemsiñ. 
Soltan bolup, ýedi yklymy soradyñ, 
Soltan bolup Watanyñy goradyñ, 
Goranyp biler sen ýüz müñ duşmandan, 
Seni men-menlikden Allam gorasyn!

"Sen","sen" diýseñ beýgelersiñ türkmenim, 
"Sen","sen" diýmek bu jahandaderkardyr, 
"Men","men" diýen çagyñ peselersiñ sen, 
Ýöne nätjek... ...adyñda-da men bardyr!


Awtor:Beyik Saparmyrat Turkmenbaşy

Bilim, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir