«Eý, mekdebim, jana-jan...»


Mugallym adyny tutandan soňra
Garaja gulpagny tasadyp her ýan,
Inçejik, näzijek ses bilen
aýdym
aýdardy ol: «Eý, mekdebim, jana-jan...»

* * *

Mekdep!
Eziz mekdep!
Mähriban mekdep!
«Salam hatlarynyň» gözli şaýady,
Syrly bakyşlaryň, kineli sözleň,
Otsuz ýakyşlaryň, öýkeli gözleň,
Hiňlenilen söýgi hakda aýdymlaň,
Duýgulary syzdyrmaga ýaýdanlan
Günleriň
şaýady mähriban mekdep!..
Ömrümiň undulmaz sahaby bolup,
Ýaşlygmyň bahary, sapasy bolup,
Gözlerni görmäge bahana bolup,
Günde howlugylan mähri kän mekdep!

* * *

Has ýagty görnerdi klasyň içi
Çep ýaňagy meňli ýüzünden ýaňa.
Sözünden ýüregmiň urşy tizlenip,
Gözlem dokunardy gözünden ýaňa.

Çalaja çytylsa gara gaşlary,
Gatyja iňkise galardym şol gün.
Özümden agtaryp sebäp — bahana,
Özümi örtärdim, görünse solgun.

Many tapjak bolup sähel gülşünden,
Hereketin yzarlardym ýadaman.
Şeýde-şeýde, dönüp galdym bialaç,
Lowlap duran yşkdan ýanan adama...

* * *

Näzlidi...
Nädeýin, näz bilen ätdi
Kalbymyň pynhanja künjüni peýläp...
Ýöne, ine, bir owadan ýaz güni
Durmuşymyň ysgalmadyk ýaz gülün
Bir ýerlere äkitdiler toý toýlap...


2012ý.


Sapa Hommadow

Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir