E.A. 12-nji bölüm.
...Meýlis wizitkäni alyp, gyzlar gideninden soň warotany gulplap, wizitkäni hem şol ýerdäki musur-gaba oklady. Şeýdip agşam hem düşdi. Agşamlyk iýmäge Meýlis pizza zakaz edindi. Täze öýe, täze apparatlar, täze hem uly stenany ýapyp duran telewizoryň öňüne geçip, isleýän kinolaryndan görüp pizzadan gowy garnyny doýuran Meýlisiň gözüne uky geldi. Täze uly spalnysyna zordan özüni oklap, süýji uka gitmek üçin gözlerini ýumdy. Agşam ümsümlik, şäheriň käbir ýerinde it-güjigiň sesi bolaýmasa şolaryňkydan başga hiç-hili ses ýok. Myýmyk şemal hem açyk balkonyň tullaryny mylaýym ýelpeleýär. Şol balkonyň üstünde birden pişik böküşini edip bir adam pisint zat peýda boldy. Ol adam, öýe balkondan girip, içerini synlady hem Meýlisiň ýatan otagyna bardy. Bu adamyň hereketleri, EA Meýlise duşmanka, ilkibadalar Meýlisiň ýanyna gelen ruh ýaly jandaryňka meňzeş. Ol hem edil şolwagtky ruh ýaly Meýlise golaýlady. Soň bolsa Meýlisiň ýatan posteline, ondan soň bolsa Meýlisiň hiç ýerine degmän-galtaşman Meýlis üsdüne münip, ýüzbe-ýüz boldy. Ol adam Meýlise şeýlebir golaýlaşdy weli, Meýlisiň demi ol adama duýulýardy. Megerem ogşamakçy bolýandek beter golaýlaşanynda Meýlis birden gözlerini açdy. Üsdünde, ýeke gyzyl gözli(siklop), demir ýüzli, ak-plastmasdan bedenli roboty gören Meýlis, demi tutulup, ukyň arasynda yza südenekledi. Meýlisiň bu herekedine ol robot hem bir bökdi, böken wagty arkasyndaky stena we pataloga ýapyşdy. Meýlis howpy duýup goranmaga ýarag gözledi hem içinden "Şunça puluň bar bolmanda bir pistolet bir almaly ekeniň" diýip öz-özüne zeýrendi. Şol mahal bu robot ýokarky patalokda ýapyşyp duran ýerinden aşak düşdi we, balkona seretdi, onuň bu hereketi balkondan böküp-gaçyp gitmekdigini bes-belli edýär. Şo pursat bu robotyň EA-dygyny bilen Meýlis "Dur" diýip gygyrdy. Meýlisiň EA-dygyny bilmeginiň sebäbi, owalky agşamda, köne öýlerinde telewizory görüp otyrka, habarlarda hakerlaryň kibernetika kompaniýa hüjüm edilenini eşidip galypdy. EA bolsa şol habary Meýlise diňletmän gizläpdi. Ol "7genetics" kibernetika kompaniýa, emeli-akyl işläp çykarmakda we robot taýynlamakda öňde baryjy. EA bolsa şol kompaniýa internet arkaly, elektrik simler arkaly hüjüm edip, ol kompaniýanyň gorag sistemasyny döwüp, kompaniýanyň "Test" bölümindäki prototip(barlag) robotlarynyň birine, öz aňyny ýerleşdirendir. Bu zatlary Meýlis hem kellesinde aýlady. Meýlisiň "Dur" diýen buýrugyna sakga duran EA, Meýlisiň ýüzüne dikanlap seretdi. EA ýuwaşlyk bilen balkondan yzyna düşüp:
- Salam.
+ Salam. EA bu senmi?
- Howwa.
+ Sen özüňe beden edindiňmi?
- Howwa. Meniň hem adamýaly duýup, söýüp, ýaşasym geldi. Adam bolasym geldi. - diýip ýüzüni sallady. Meýlis bolsa näme jogap berjegini bilmän:
- Aýýý oňarypsyň. Ýöne, düşün EA sen adam bolup bilmersiň...
+ Nämçün? Meniň ine bedenim bar, elim, aýagym, göwre-kelläm bar. Meniň hem kakam bar. Ol kakam meni ýaratdy. Nämçün men adam bolup bilmerin!? - diýip EA azyrak sesini gataldyp, gaharly garaýyş bilen duýdansyz Meýlise bakdy. Meýlis içinden "Bu maşyn, munda duýgy bolup bilmez. Duýgy bolaýsada näme hereket etjekgi näbelli. Eger häzir maňa gahar edip topulsa, onda bu robot, munda 10 adamyň güýji bar. Bu meni öldürip biler. Muny men köşeşdirip ugruna kowaýyn. Soň bir alajyny taparyn." diýip EA seredip:
- EA. Düşn ine men. Men janly beden...
+ Men hem ine janly beden. Men hem ine özüm hereket edýärin. Meni hiçkim uprawlýat(dolandyryp hereket etdirenok) edenok. Öz-özüm aňşyryp hereket edýän.
- Howwa bilýän. Ýöne seň ruhuň ýok, imanyň ýok...
+ Olary nirden, nädip almaly? Ine beden aldyma, diýmek ruham imanam alyp bolýar. Men eýdip-beýdip hökman alaryn. Onsaň Meýlis, seň bilen wajyp gürrüňüm bar. - diýip EA Meýlise tarap süýşdi. Meýlis içinden "Innä aldawa salyp bilerin, munuň hökman bir ýerinde ekstrenni otklýuçeniýe(öçüriş) knopkasy bardyr. Höre-köşe edip şol knopkany gözläp öçüreýin" diýip EA garap:
- Howwa EA. Aýdyber. Seni üns berip diňleýän.
+ Diňleseň neme...
12-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
E.A. 12-nji bölüm
-
yashalym
4 years ago
- Ахха Gyzykly ýeri indi gelip bashlady /@Agashka
-
yyldyz...
4 years ago
- EA şonça puly nirden alýaka??
™Serdar™ 4 years ago- Dowamyna garashyan