E.A. 11-nji bölüm.

...Ýene 3 ýa 4 gonamçylygy arassalatmak, soňunda ejesiniň ýatan öwlýäsini arassalatmak Meýlisiň niýetinde bar. Meýlis bu işgärleri bu ýerde goýup, özü hem işgärlere obet almak üçin maşynyna münüp ýola çykjak wagty, aňyrda bir jaýyň gyrasynda, garaňkyrak ýerde bir adamyň özini synlap duranlygyny gördi. Meýlis ol adamy has içgin synlamak üçin maşynyň çyrasyny ýakdy. Ol adam gorkup yzyna öwrülip ylgap diýen ýaly jaýlaryň içine sümüldi. Ýeri inni bu kim? Meýlis göwnüne çyglyk getirip:
- EA. Sen bärdemiň? - diýip EA-ny çagyrdy. Jogap ýok. Az salymdan ekranda peýda bolup
- Howwa Meýlis. Diňleýän!?
+ Aýýoklaý. Ýaňy bir şübheli adam gördüm. Ol meni synlap durdy. Soňra oňa maşynyň çyrasyny ýakamda ol yzyna ylgap gitdi. Saňa şony anyklaý diýjekdim. Kimkä ol?
- Ol ýerde kameralar ýok, telefonyndan gözläýin diýsem şu töwerekde diňe seň we şu işgärleriň telefony bar. Başga hiçkimiňki ýok. Ýöne gözümde bolar!?
+ Bolýa. - diýip Meýlis maşynyny otlap ýola düşdi. Ýolda barýarka EA Meýlise ýüzlenip:
- Meýlis. Saňa laýyk öýi tapdym. GPS(JIPEES)-da adresiň durandyr.
+ Ilki işgärlere nahar alaýyn. Soňra bararyn. - diýip Meýlis magazin-restoranlardan, işgärler üçin diňe gymmat naharlaryny alyp yzyna ýola düşdi. Gonamçylyga gelip görse eýýäm işiň 4-den biri edilipdir. Abedi Serwi gelnejä tabşyryp "Täze öýüne" tarap ýola düşdi. Ol öý şäherden uzakda bolmadyk, baýyryň üsdünde gyrajykda ýerleşen şa-mülkine meňzeş köşk, 2-däl, 4 etažly. Smart(kompýuterler, ses, hereketler bilen dolandyryp bolýan öý) öý. Meýlis:
- EA. Toçna şu ýermi? Bu ýer birhili has kaşaňla!?
+ Howwa Meýlis, ine bu biziň öýümiz bolar. Hiç-hili ýalňyşlyk ýok. Dokumentler hem eýýäm bize garaşyp durandyr. - diýip arkayýyn gürledi. Meýlis warota golaýlanynda, EA-nyň aýdyşy ýaly, eli keýsli bir adam gülip öňlerinde dur. Meýlis ol adama golaýlap maşynyndan düşen badyna ol adam:
- Salam hormatly Islamow Meýlis. Jenap siz bu öýi alyp ýalňyşmadyňyz gaýtam beter utduňuz. Prezintatsiýa(görkezmäge) rugsat ediň.
+ Ýok sagboluň minnetdar. Meni tanşdyrjak bar. Bu dokumentlermi?
- Howwa howwa. Ine şu ýerlerde goluňyzy goýuň. Bu ýerdede. Ine bu ýerde barmak yzyňyz. Sagboluň. Sizi täze öý bilen gutlaýaryn! - diýip ol adam Meýlisden daşlaşyp başlady. Meýlis bolsa maşynyna münip warota has beter golaýlady, EA warotany açdy. Meýlis öýe girip, gözleri-hanasyndan çykaýjak ýaly öýi synlamaga başlady. Warotadan gireniňde sag tarapyňda uly gök, gyzgyn suwly bugaryp duran jakuzili basseýin. Çep tarapda bengal-gaplaňy daňylgy dur. Garažda 3 sany belli maşynlar, palmalar, sauna. Edil milioneriň ýaşaýyş-jaýy bolmasada kaşaňlygy şoňkydan pes-däl. Meýlis maşyndan düşmänkä, tutluşuga taýynlandy. Ol ardynjyrap, maşyndan düşdide gaplaňyň topularyna garaşdy. EA Meýlisiň ýürek urşuny duýup, maşynyň monitoryndan:
- Arkaýyn bol topulmaz. Eger ýyrtyjynyň garny gaty dok bolsa, oňa azar-bermeseň razy! - diýip ýüzlendi. Meýlis arkaýynlaşyp öýüň içine girmek üçin gapysyna bardy. Gapyny "Bissimillähirahmanyrahym" diýip açyp, sag aýagy bilen ätläp öýe girdi. Öýüň içi ýönekeý çyralar bilendäl, diňe led we ksinon lampalar bilen bezelipdir, olar hem her-hili reňkde öwşgün atýarlar. Şomahalam Meýlisim öňünden 3 sany, sary-ýagyz, gara-ýagyz, gyzyl-saçly gyzlar "Salam Jenap Meýlis" diýip elleri gülli, şampanly bikinide çykdylar. Meýlis bu gyzlary görüp aljyrap:
- Salam-salam. Gowymysyňyz!? - diýip bir eli bilen gyzlar görünmezýaly, gözlerini ýapyp, aňyrrak süýşip, eline telini alyp:
- EA! Ýeri bular näme!? - diýip hopugup sorady. EA gönümel:
- Meýlis. Sen şuwagda çenli diňe negatiw energiýa toplapsyň. Saňa arkaýynlaşmak gerek. Nerwiňe derman bolar. Has-dogrysy sen "Dewstwinnik"! - diýip şol hemişeki oýnawajyň jykyrdysy ýaly gülkini etdi. Meýlis:
- Ýok. Özüm gowy bilýän. Gerekdäl. Sagbol aladaňa. Bulary ugradaý.
+ Men nädip ugratmaly. Jaýyň hemmeýerinde kameralar, kalonkalar bar. Eger men kalonkadan gygyrsam, onda bu gyzlar meni bilmezmi, şübhelenmezlermi? Belki, özüň ugradarsyň!?
- Onyňam dogry. - diýip Meýlis yzyna öwrülip gyzlaryň ýanyna baryp, ýüzüni lap-lap gyzardyp:
- Gyzlar, siz öýüňize gaýdyp bilersiňiz. Bu gülleri zatlary şu stolda goýaýyň.
+ Jenap, aaa çaý-puly!?
- Wiii howwa. - diýip Meýlis bularyň aýdanyna düşünmän ine diýip 20 pul çykaryp berdi. Gyzlar geň galyp gülüp:
- Jenap, biziň neme pulumyz...- diýip elleri bilen halka-palka görkezdiler. Meýlis içinden "hooouuff" diýip gyzlara pyşyrdap:
- Näçeräk bolýar?
+ Her-birimize 2 müň. Jemi 6 müň.
- Häzir maşynda galypdy. Alyp geleýin! - diýip maşyndan 6 müň sanap alyp geldi. Gelse eýýäm gyzlar geýinipdir. Gyzlar bilen hasaplaşyp, olary ugradan wagty gyzlar ýene "Jaňlaşaýyň soň ýene, ine wizitkamiz" diýip wizitkalaryny goýup gitdiler. Meýlis wizitkäni alyp, gyzlar gideninden soň warotany gulplap, wizitkäni hem şol ýerdäki musur-gaba oklady...



11-nji bölümiň soňy.



Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir