E.A. 3-nji bölüm.
Meýlis bir ýalňyşlyk bolandyr öýüdip öýüne girdi. Şondada gidip telefon kompaniýa bilen düşünişip gelmelidigi hemmä belli. Ýuwunup-ardynyp ýol şaýyny tutup, öýden çykjak bolanynda nädipdigi bellidäl, jaýdaky bolan hemme gurallar, telewizor, kompýuter, çyralar, muzykalny-sentr öz-özünden işläp başlady. Poltergeýst!? Alymlar şeýle ýagdaýlary, anomalny ýerleri dörediji tebigy güýçlere Poltergeýstler diýýärdiler. Olar howply, ýöne bu bolan ýagdaýy şolar döredýärmi ýada ýok, bellidäl. Megerem mähriban-ejesiniň ruhydyr. Megerem ol ruhy balasynyň kösençler görýäni üçin dünýeden närzadyr. Hiçzat bellidäl. Edil şularýaly pikrleri kellesinde aýlap durşuna Meýlis nähili hereket etjeginem bilmedi. Gorkmalymy? Gaçmalymy? Ýa-da hiç-hili zat bolmadykýaly hemmesini öçürişdirip çykmalymy!? Belki ejesiniň ruhy bolsa, jana-jan balasyna ýamanlyk etmez. Meýlis öýe gelýän tok wklýuçateli düýbünden öçürip göýberdi. Hiç-zat bolmadykýaly telefon-kompaniýa tarap ugrady. Ol kompaniýa Meýlisiň ýaşaýan ýerinden uzakda däl. Pyýada az-wagt ýöräninden soň kompaniýaň gapysyndan girip nirä, kimiň ýanyna barmalydygyny bilmän, Meýlis geçip barýan gyzdan:
-Salam. Ymmm neme, meň bergim bar diýdilermi nämemi!? Şol boýunça haýsy kabinete, kimiň ýanyna barmalykam tötänden siz bileňzokmy?
+Hä elbetde, siz kredit bölüme baryp hasaplaşmaly bolýaňyz. Şeýle gidiň soň saga.
-Sagboluň, minnetdar.
+Bolýa sizem. - diýip sorag-ideg edeninden soň görkezilen ýere bardy. Kassada ýene başga güler-ýüzli gyz:
-Salam, näme hyzmat!?
+Aýýý maňa bergiňuz bar diýip şu haty berip gitdiler weli, bir ýalňyşlyk bar öýdýän!?...
-Hany hatyňyzy göreýin.
+Ine.
-Mmm pasportyňyz barmy? Mümkin bolsa beräýseňiz!?
+Howwa howwa elbetde, ine...-diýip Meýlis pasportyny gyza uzatdy. Gyz kompýuterinde birzatlar ýazyşdyryp, gözleşdirip, seredişdireninden soň:
-Müşderi Islamow Meýlis. Hiç-hili ýalňyşlyk ýok. Ugradylan hatda peçatlar, buýruk-nomerler hemmesi ýerbe-ýer. Siz internetden çenden-aşa köp peýdalanyp ummasyz maglumat alypsyňyz...
+Ýok ýok ýok. Dogan, men internede hiç-hili giremoga. Ine telefonymy barlaýyň...
-Müşderi onda siziň nomeriňizi diňe siziň özüňiz ulanýaňyzmy? Belki başga biri şol ulanýan nomeriňizden girendir!?...
+Ýok menden başga telimi ellän ýok. Özi-hem ýekeje nomerim bar...
-Müşderi onda siz töleg etmeli...
+Aý siz nähili adamaý? Men internede waapşe giremok diýýän. Men hatda hiçkim bilen jaňlaşamogama...
-Bolýa bolýa köşeşiň. Beýle meseläni başlygymyz bilen çözülişip bilersiňiz. Häzir garaşyň! - diýip gyz başlygyna telefon edip ýagdaýy düşündirdi. Soňra ol gyz, Meýlise başlygynyň kobinetini görkezdi. Meýlis görkezilen kabinetiň gapysyny kakyp gaharly otaga girdi. Kompaniýanyň başlygy dokumentlere seredip oturuşyna:
-Salam. Geliň Meýlis geçiň oturuň. Howwa. Sizi diňleýän.
-Neme bu ýerde uly ýalňyşlyk bolupdur. Men internede girmegä aňyrda dursun, hatda teldede gürleşemogam. A işgärleriňiz bolsa "siziň şunça bergiňiz bar" diýip aýdýalar...
-Meýlis, nomer seniň adyňamy?
+Howwa
-Bu ýerde hiçkim ýalňyşlyk göýberenok. Sizde şunça bergi bar diýdilermi, diýmek bar. Tölemeli bolarsyňyz!
+Ýöne munça pul mende ýoga. Beýle puly men diňe kinolarda görýärdim...
-Beýle ýagdaýda sud edaralarynyň üsdi bilen emläkleriňizi auksiona çykaryp hasaplaşmaly bolar.
+Şondada munça pul jemlenmez...
-Meýlis. Hoş wagtyňyz, gidip bilersiňiz - diýip başlyk adam sözüni soňlady. Meýlis erbet kinolary görendek saňňyl-saňyl edip edaradan çykyp öýüne nädip ýetenini hem bilmedi. Elinde bolsa şol 27801 sanly bergi kagyzy. Lapykeç öýe gelip, nämeler etjegini bilmän köp pikirlenip otyrdy. Jaň edip karz alara, ne hossary nede dost tanyşlary bar. Kimden kömek soraýanyndada, kömek karz tapylaýandada munça puly Meýlis hiç wagt jemläp bilmez. Bir az kofýa içmek üçin öýüň klýuçatelini işledip ýene öýe tok gelerýaly etdi. Kofýa gyzdyrynyp ýene pikir ummasyna çümdi. Şeýdip iki eli bilen kellesine urup pikir edip otyryşyna birden "EA" diýip agşamky adamyň sesine meňzemeýän ses eşidildi. Meýlis üýtgeýän-dälireýän diýip sese üns bermedi. Belki hakykatdanam Meýlisiň üýtgeýän bolmagam mümkin. Diýseň-diýmeseň beýle kynçylyklaryň üsdüne ýene täp-täzeje kynçylyk. Adam nerwisi çydarmy!? Agşam wagty ýene uky dermanyny içip uka giden Meýlisiň inni gapdalynda bomba atylsada duýjakdäl. Alagaraňkylykda hemmezat dym-dyrslyk. Ýary-gije, otagyň içinde nähilidir bir şekil emele geldi. Şekil adama gaty meňzeş, has dogrysy aýal-gyza. Ol şekil howada gaýmalap, otagyň içini aýlandy. Ahyram Meýlisiň ýatýan otagyna gelip ukudaky Meýlise golaýlaşdy. Ol şekil ukudaky ýigidi, üýtgeşik garaýyş bilen synlap, Meýlisiň ýüzünden sypalamak üçin ellerini uzatdy...


3-nji bölümiň soňy.



Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir