E.A. 2-nji bölüm.
Meýlis öýlerine gelip, janyna jaý tapmady. Bolan wakany kellesinde aýlap, gorkunjyna nämeler etjegini bilmän öýüniň içinde aýlandy-ýördi. Nahar iýdi, çaý içdi, sagat daňdan 4 töweregi, ýerine geçip, kellesinde ýassyk boýup uklajak boldy, bolmady. Gözlerine çiş-kakylanýaly. Meýlis agşamky ýagdaýa birinji gezek düşüp görýärdi. Megerem hemmeler diýen-ýaly beýle ýagdaýy başdan geçiripgörendäldir. Nähili hem bolsa Meýlis ahyry uka gitdi. Irden sagat 11 töweregi oýanyp telefonyna seretdi. Hiç-hili jaň, sms gelmändir. Ýuwunup ardynanyndan soň, ertirlik edinip, agşamky adamyň beren gara-gutusynyň nämedigini bilmek isläp, stoluň başyna geçip oturdy "Hm, göräýmäge gara 4 burç zat. Mmm, žostki diska meňzeýär" diýip Meýlis içini gepletdide, ol apparady kompýuterine çatdy. Içi boş, hiçhili üýtgeşme bolmady. Täzeden alyp telefonyna birikdirdi, ýene hiçzat ýok içi boş. Meýlis öz-özüne "Aý bir ala-sarmykdyrda, ýa-da ölüm halynda ol agşamky adam köp gan gidirip galýusinassa düşendir, şol sebäplem samrandyr" diýip, ol harddiski çekere oklap, öz işleri bilen boluberdi. Ýene telefonyny barlady, hiç täzelik ýok. Gündiz, arassa howadan bir dem alaýyn diýip aýlanmaga çykan oglan, öz şähdini açyp, agşamky bolan wakany unutmak isledi. Unutmak belkem başardandandyr!? Köp pikirlere gark bolup, ahyry baryp bir alleýaň çüňkünde skameýkada oturyp ýene telefonyny barlady. Üýtgeşme ýok. Meýlisiň beýle edip zol-zol telefonyny barlamagynyň sebäbi, kynçylyk üsdüne kynçylyk diýilýäni, söýgülisi bilen hem aralaryna tow düşenligi üçin. Oturup öz kynçylyklaryny sanap başlan oglan, ruhdan düşmejek bolup herzat edýär. Ilki öýleriniň ýumurulmasy, söýgülisi bilen dawa, işinde näsazlyklar, inni hem agşamky bolan waka, oň üçinem özühem ol suddan bu suda süýreläýse!? Eger ol adam bilen Meýlisi görenler bar bolsa, ýada ol adamyň ýanynda Meýlise degişli subutnamalar galan bolsa, onda belki türmedenem gutulma ýok. Hernä gowuluk bolsunda. Bu meseleler bir ýana, ejesiniň ir gitmegi bir ýana. Günini uludan-uludan dem-alyp geçiren oglan, özüni nämelere urjagyny bilenokdy. Meýlis ýiti oglan, ol hereket etmelidigini, ýaşamalydygyny, çykalgalar gözlemelidigini bilýär. Emma hemme ýüküň birden beren agramy hem hiç çykalgasyz ýagdaý... Ýüzi salyk Meýlis, uzakly günini aýlanyp, gezip geçirdi. Agşam-ara öýlerine gelip, bir-sellem pikirini sowmak üçin telewizora güýmendi. Emma başartmady. Şondada bir kino tapyp şol kino gyzygmasada ondada özüne zor salyp ekrandan gözüni aýyrmady. Şeýdip kino görüp otyryşyna, birden telewizoryň ýüzi bozuldy. Meýlis "Hm, özä täze tw. Näme bolduka, ýa ýene bir şowsuzlukmy!?" diýip, baryp telewizoryň eýlesine beýlesine seredişdirdi, kakan boldy, yralan boldy. Şolwagt üýtgeşik sesde "Salam" diýilen söz eşidildi. Oglan ýalňyş eşidendir diýip pikir edip, az-owlak ýaňky sesi kellesinde aýlady. Ses adamyňka meňzemesede anyk "Salam" sözi. Birden gapyň ýanyna adam gelen bolaýmasyn diýip pikirlenen Meýlis gapa tarap ýöneldi. Emma yns-jyns ýok. Gapydan yzyna telewizora tarap dolanan wagty ýene ýaňky ses "Salam" diýip gaýtalady. Bu gezek anyk eşiden Meýlis:
-Bu ýerde kim bar!? Kim sen!? - diýip gorkuly gürledi. Hiç-hiçi zat ýok. Megerem bozulan telewizordan çykandyr. Ahyry telewizor hem sazlanyp işläp başlady. Esli wagtdan soň Meýlis ýerine geçip uklamakçy boldy. Ýene pikirler. Şeýle ýagdaýlar sebäpli öňünden pikirlenip goýan Meýlis uky dermanyny içip uka gitdi. Agşam bolsa otagda nähilidir bir yşyklar, ýalpyldylar emele geldi. A Meýlis... Hiçzady bilmän süýji ukuda. Ertesi irden gapynyň güýçli kakylmasy Meýlisi ukudan oýardy. Meýlis köýnegini hem geýmän howul-sara baryp gapyny açan wagty iki sany geline gözi düşdi. Nämeler diýjegini bilmän aňkaryp galan Meýlisi gelinleriň:
-Salam. Biz telefon edarasyndan. Siz Islamow Meýlismi!?
+Aaa howwa...
-Size hat getirdik. Ine kabul ediň! - diýip hat uzatmalary özüne getirdi. Hiçzatdan habarsyz ýagdaýda Meýlis konwerdi açyp haty okady. Ol işçi gelinler bolsa öz ýollary bilen gitdiler. Hatda "Hormatly Müşderi Islamow Meýlis Bäşimmyradowiç. Siziň internet hyzmatyndan aýratyn peýdalanmagyňyz sebäpli, hasabyňyzyň -27801digny(minus ýigrimi ýedi müň sekiz ýüz birdigini) size ýatladýars. Eger görkezilen töleg wagtynda öçürilmese, degişli edaralar tarapyndan çäre görüljekdigini duýdurýars " diýen ýazgy bar...
2-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
E.A. 2-nji bölüm.
-
yashalym
4 years ago
- Edil serial yaly Gaty gowy 👌👍 ?@Agashka
Ahmedik_97 4 years ago- Aha, hazirlikche gaty gowy gidyar, dowamyny chaltyrak goyaweri awtor, okasym gelip ichimi it yyrtyp baryar... Eser gyzykly, gowy, haladym +++