DOLANMA
Haýyş edýän dolanma meň dünýäme,
Gözlermiz kaklyşyp hasrat çekmesin.
Nirde bolsaň, bagtly ýaşa, bagtly gez,
Bagt öz goýnunda aman saklasyn.
Ýene gaýdyp gelip, ynjan göwnüme,
Çümdürme ahyry otly hanjaryň.
Şol ot bilen ýene girseň ýüregme,
Bileňokmy, onuň kül deý ýanjagyn.
Şonuň üçin gelme indi dünýäme,
Sowady ýüregmiň ýalynly yşky.
Sen hakynda asla ýazjagam däldim,
Wah, ýene döredi hasratly goşgy.
Aýjeren GADAMOWA.
Aýjeren GADAMOWA - DOLANMA
-
aynura
3 years ago
- sana dolananyn bagtyny yatyrarsyn.
Jupiter_Fire 3 years ago- SAŇA
Indi seni ýatlamok,
Söz berýän öz-özüme,
Sen diýibem aglamok,
Nem damanok ýüzüme.
Suratyňam saklamok,
Goý, indi öz günüme,
Şu bolşuňam halamok,
Gülýäň ýene sözüme.
Gül sen! Näçe gülseňem,
Gulak goýgul sözüme,
Diňe seň bagtyň üçin,
Dolanmaryn yzyma.
Bakman seniň ýüzüňe,
Hä bermerin sözüňe,
Senden alan ýalanlam,
Bolar maňa tejribe.
Ýöne men seniň ýaly,
Söýmedigim ýakmaryn,
Söýmedik bir ýigide,
Bilip goý, hiç bakmaryn.
Aýjeren GADAMOWA.