Kompýuteriň maglumat göterijileriniň taryhy
32000 müň ýyl mundan ozal dünýäniň halklary haýwanlaryň, piliň süňklerini we
daşlary ýönekeý sanamak üçin hem däl eýsem olarda sanlar barada bellik etmegi
hem her hili şekillerde görkezmegi başarypdyrlar.
17
1640-njy ýylda maglumatlary ýatda saklamak üçin ilkinji perfokartany Jacquard
oýlap tapdy. Perfokartalar ilkinji elektro-mehaniki hasaplaýyş serişdeleri
Tabulýatorlarda giňden ulanyldy, 1940-njy ýyllarda elektron kompýuterlerde
hem uzak wagytlap 80-nji ýyllaryň ahyryna çenli ulanyldy. Öňki SSSR döwletiň
çäginde 1990-njy ýyllardan başlap Perfokartalar ulanyşykdan galdy.
1857-nji ýylda maglumatlary ýatda saklamak üçin ser Charles Wheatstone
kagyz zolagyny ulanýar. Maglumatlary ýatda saklamak üçin bu tehnika we
tilsimat edil perfokarta ýalydy, ýöne ol maglumaty perfokartadaky ýaly üznükli
dälde üznüksiz mehanizm okap bilýärdi.
1889-njy ýylda inžener Herman Hollerith öz döreden hasaplaýyş
Tabulýatorlarynda maglumatlary ýatda saklamak üçin Perfokartalary ulandy,
maglumatlary Tabulýatorlara Perfokartalarda girizdi, ondaky maglumatlary
maşyn mehaniki okady. Her bir Perfokartada 80 sany dik hatar bolupdy, her
hatarda aýratyn üýtgeýän ululyk girizilip bolýardy. Öňler ABŞ-yň Ilat
ýazuwynyň maglumatlary 10 ýylyň dowamynda işlenip taýýarlanylan bolsa
Herman Hollerith-iň tabulýatorynda 6 hepdede netijeler alyndy.
1940-njy ýylda Wakuum turbalarda maglumatlary ýatda saklanmak başlandy we
şeýle usul soňky 10 ýylda dowam etdi.
1944-nji kompýuteriň ýadynda saklanyp ýerine ýetirilýän EDVAC programma
döredildi.
1949-njy ýylda Harvard Universitetinde kompýuter üçin An Wang atly ýat gurluşa
patent berildi, ol iş birje ugurda saklanyp bilýän ýagdaýdady.
1950-nji ýylda maglumatlary kompýutere girizmegiň perfokarta usulyndan magnit
lenta geçilip ugraldy.
1951-nji ýylda ABŞ-yň Ilat Ýazuw edarasyna üç ýyl mundan ozal beriljek diýilip
söz berilen UNIVAC berildi, onda maglumatlary ýatda saklap kompýutere
girizmek magnit lenta bilen çalyşyldy, bu uly öwrülişik bolupdy.
1952-nji ýylda maglumatlary ýatda saklamak üçin Magnit Barabanlary ulanylyp
başlandy.
1953-nji ýylda Massachusetts-iň Technoloiki Institutynda Jay Forrester we
onuň topary ol ýerdäki “Whirlwind”(Tupan) kompýuterde onuň esasy ýadyny
magnit esaslarda ulandy, şeýlelikde kompýuteriň ýadyna barmaklyk 6
mikrosekunda çenli tizleşdirildi.

Tehnologiýa, Technoman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir