SÝUN­KI­NIŇ TARYHY

Dzü­ni­ti­ro TA­NID­ZA­KI,
ýa­pon ýa­zy­jy­sy. 


   Sýun­kin ady bi­len bel­li zenan Ko­to Mod­zu­ýa, osa­kaly der­man­ha­na eýe­si­niň maş­ga­la­syn­da, Dos­ýo­ma­ti mä­hel­le­sinde dog­lup, Meýd­zi­niň 19-njy ýy­ly­nyň onun­jy aýy­nyň 14-nji gü­nün­de dün­ýä­den gaý­dyp­dyr.

   Ol Dzýo­da but­ha­na­syn­da jaý­la­nyp­dyr. But­ha­na Osa­kaň Si­ta­de­ra mä­hel­le­sin­de ýer­leş­ýän eken.

   Ma­ňa ýa­ňy-ýa­kyn­da bu ýer­ler­de bol­mak mi­ýes­ser et­di. Sýun­ki­niň gu­bu­ry­na zy­ýa­rat et­mek ni­ýe­ti bi­len, ru­ha­ny­dan onuň ni­re­de jaý­la­nandy­gy­ny so­ra­dym.

— Mod­zu­ýa­la­ryň gu­bur­la­ry, ho-ol ýer­de — di­ýip, ru­ha­ny jo­gap ber­di-de, me­ni go­nam­çyly­gyň ar­ka ta­ra­py­na elt­di. Gür ka­me­li­ýa agaç­ la­ry­nyň sa­ýa­syn­da, Mod­zu­ýa­lar ne­be­re­si­niň en­çe­me­si­niň ma­za­ry­ny gör­düm, em­ma nä­me üçin­dir Sýun­ki­niň ma­za­ry ola­ryň ara­syn­da ýok eken. Men ru­ha­na ki­mi göz­le­ýän­di­gi­mi dü­şündir­dim. Ol bi­raz diň­şir­ge­nip: «Bel­ki, onuň gubu­ry ýo­kar­da­ky­dyr?» di­ýip, me­ni but­ha­na­nyň gü­nor­ta­syn­dan ýo­kar­ly­gy­na, ýap­gyt baý­ra gal­ýan bas­gan­çak­la­ra ta­rap alyp git­di.

   Si­ta­de­ra­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky ba­ýyr­lyk­da Ikuta­ma but­ha­na­sy bar­dy, on­dan gaýd­ýan ýo­da­jyk gö­ni şol ýap­gy­da alyp bar­ýar­dy. Bu baý­ry Osa­ka mah­sus bol­ma­dyk gür agaç­lyk ör­tüp­dir, Sýun­kiniň gu­bu­ry bol­sa ýap­gy­dyň gy­ra­syn­da­ky ki­çeň­räk, tä­miz­le­nen meý­dan­ça­da eken. Men ma­zar da­şy­nyň ýü­zün­de ha­şam­la­nyp ýazy­lan şu se­tir­le­ri oka­dym: «Şi­rin ja­ny aram tapan we şöh­ra­ta bes­le­nen Sýun­kin». Aşak­da­ky ýaz­gy­lar «Şu ýer­de Sýun­kin ady bi­len, 58 ýa­şynda, Meýd­zi­niň 19-njy ýy­ly­nyň, onun­jy aýy­nyň 14-nji gü­nün­de ara­dan çy­kan Ko­to Mod­zu­ýa jaý­lan­dy» di­ýen söz­ler bi­len do­wam ed­ýär. Da­şyň er­ňe­gin­de «Ýa­dy­gär­li­gi di­ken şä­girt Sa­su­ke Nu­kui» di­ýen söz­ler bardy. Sýun­kin di­ri­kä Modzu­ýa ady­ny gö­te­re­nem bol­sa, «şä­gir­di» Nu­kui bi­len är-aýal bo­lup ýa­şan­dyk­la­ry aýan — onuň gu­bu­ry­nyň maş­ga­la ma­zar­ly­gyn­dan uzak­da ýerle­şen­di­gem şo­nuň üçin bol­sa ge­rek.

   Ru­ha­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, Mod­zu­ýaň ne­be­resi­niň hal-ýag­da­ýy pe­se dü­şüp­dir, şol se­bäp­lem onuň ilen-ça­lan­la­ry bu ýer­de seý­rek gö­rün­ýärler. Ru­ha­ny: «Ha­gi çaý­ha­na­syn­da ýa­şa­ýan ýetmiş ýaş­ly bir kem­pir bar, ýyl­da bir ýa-da iki ýo­la ge­lip, şu ma­za­ra idi-ys­su­wat ed­ýär. Ol ýe­ne-de bir ýa­na­şyk ma­za­ra-da göz-gu­lak bol­ýar — di­ýip, ol Sýun­ki­niň ma­za­ry­nyň çep ýü­zün­dä­ki ki­çeň­räk gu­bu­ry görkez­di — Mu­ňa-da gül ge­tir­ýär, şem ýa­kyp ço­kun­ýar. Bi­ze-de do­ga oka­ny­myz üçin tö­le­ýär».

   Men ma­za­ly syn­la­ýyn di­ýip, ruha­nyň gör­ke­zen ma­za­ry­na ta­rap süýş­düm. Onuň üs­tün­dä­ki daş Sýun­ki­niň ma­za­ry­nyň­ky­dan iki es­se da­gy ki­çi eken. Da­şyň ýo­ka­ry ba­şyn­da: «Sy­lag-sar­pa­ly din­dar Kin­daý» di­ýen iýe­rog­lif oýu­lyp ýa­zy­lyp­dyr, aşa­gyn­da bol­sa: «Kindaý la­kam­ly Sa­su­ke Nu­kui. Meýdzi­niň 40-njy ýy­ly­nyň, 10-njy aýynyň, 14-nji gü­nün­de, 82 ýa­şyn­da dün­ýä­den gaý­dan» di­ýen ýaz­gy bar. Yn­ha, kör sa­zan­da­nyň jaý­lanan ýe­ri, gör, ni­re­de!.. Ma­za­ryň tö­we­re­gi aras­sa eken — Ha­gi çaý­ ha­na­syn­da­ky kem­pir bu ýe­ri­ni­ňem ala­da­sy­ny edip­dir. Ma­za­ryň üs­tün­dä­ki ýa­dy­gär­li­giň Sýun­kiniň ma­za­ry­nyň­ky­dan ki­çi­li­gi, «şä­girt» di­ýen ýaz­gy bi­len bi­le­lik­de, Sa­suke­niň dün­ýä­den öten­den so­ňam söý­gü­li mu­gal­ly­ma­sy­na we­pa­lydy­gy­ny gör­kez­mek is­le­gi­niň bolan­dy­gy­ny aýd­ýar. Ýa­şyp bar­ýan Gü­nüň şöh­le­si mer­mer daş­la­ra öz nu­ru­ny çaý­ýar­dy. Men de­pe­den göz­ýe­tim­de ýa­ý­lyp ýa­tan uly şä­he­ri syn­la­ýa­ryn.

   Gü­nor­ta ta­rap, Ten­no but­ha­na­sy­na çen­li uza­lyp gid­ýän de­pe­le­riň keş­bi, me­ger, ga­dy­my Na­ni­wa döw­rün­den bä­ri hiç hi­li üýt­ge­me­dik bol­sa ge­rek.

   Tüs­säň, gu­ru­myň der­din­den ot-çöpdür ýap­rak­lar sa­ra­lyp-so­lup­dyr, äpet agaç­lar gu­rap­dyr, ola­ry çaň-to­zan ba­syp­dyr. Ýö­ne, bel­ki, bu ma­zar­la­ryň peý­da bo­lan döw­rün­de, bar zat baş­ga­ça bo­lan­dyr. Her ni­çik-de bol­sa, şä­he­riň çe­tin­de ýer­le­şen ma­za­rys­tan­lyk­dan Osakanyň owa­dan gör­nü­şi­ni ar­ka­ýyn­lyk­da syn­lamak bol­ýar. Ba­ýyr­lyk­da, yk­ba­lyň em­ri­ne ta­byn ha­ly­pa hem onuň we­pa­ly şä­gir­di ba­ky uku­da ýa­tyr­lar, aşak­da bol­sa be­ýik yma­rat­la­ry bi­len boý­dan-ba­şa ag­şam tüm­lü­gi­ne bü­re­nen, Gün­doga­ryň iň iri se­na­gat şä­he­ri Osa­ka otyr. Hä­zir­ki gü­ne çen­li Osa­ka ga­ty üýt­ge­di. 

   Nu­kui­niň ne­be­re­si Ni­ti­ren yg­ty­ka­dy­nyň tarap­dar­la­ry eken, şo­nuň üçin onuň maş­ga­la agza­la­ry öz wa­ta­nyn­da, ýag­ny Gos­ýu we­la­ýa­ty­nyň Hi­no şä­he­rin­dä­ki but­ha­na­da jaý­la­nyp­dyr. Sa­suke­niň özi bol­sa, ynanç-yna­myn­dan el çe­kip bilmän­soň, Sýun­kin­den ba­ky­ýet­de-de aý­ry düş­me­jek bo­lup, öz ne­be­re­si­niň di­nin­den çy­kyp, Dzýo­do di­ni­ni saý­lap­dyr. Mer­hu­my jaý­la­mak — at ýaz­gy­sy, ýa­dy­gär­lik da­şy­nyň dur­ma­ly ýe­rihem-de onuň göw­rü­mi ba­ra­da­ky gör­kez­me­ler, Sýun­kin en­täk di­ri­kä ber­len eken. Sýun­ki­niň ýa­dy­gär­lik da­şy­nyň be­ýik­li­gi­ni Sa­su­ke­niň özi al­ty sýa­ku¹ di­ýip kes­git­läp­dir, özü­niň­kiň be­ýikli­gi bol­sa, dört sýa­ku­dan geç­me­ýän eken.

   Daş­la­ryň iki­sem ýa­dy­gär­lik­le­riň aşak ýa­nynda ýer­leş­di­ri­lip­dir. Sýun­ki­niň gu­bu­ry­nyň sa­gynda uly çam aga­jy ösüp otyr, onuň ýa­şyl ýap­rak­ly şa­ha­la­ry mer­mer daş­la­ryň üs­tü­ne sa­ýa sal­ýar­dy.

   Sa­su­ke­niň gu­bu­ry bi­raz çep­räk­de, edil çam agajy­nyň şa­ha­la­ry­nyň gu­tar­ýan ýe­rin­de ýer­le­şipdir. Ma­za­ryň üs­tün­dä­ki daş ýa­dy­gär­lik, ha­ma­na, dy­zyn­da du­ran we­pa­dar hyz­mat­kä­ri ýat­lad­ýar.

   Bu iki ma­za­ra se­re­dip, men Sa­su­ke­niň di­ri­kä, öz mu­gal­ly­ma­sy­na ja­ny-te­ni bi­len, kö­le­ge­si deý yzyn­dan gal­man hyz­mat eden­di­gi­ni göz öňü­ne ge­tir­dim, eger-de so­wuk daş­da ruh bo­lan­ly­gynda, Sa­su­ke hä­zi­rem hyz­mat et­mek­den lez­zet al­ýan­dyr di­ýip pi­kir et­dim.

   Men hor­mat bi­len Sýun­ki­niň gu­bu­ry­nyň öňünde dy­zy­my ep­dim. Soň­ra Sa­su­ke­niň ma­zar da­şyna eli­mi goý­dum-da, onuň bü­dür-sü­dür ýü­zü­ni emaý bi­len sy­pa­lap, ýa­şyp bar­ýan Gün tä şä­her mä­hel­lesi­niň aňyr­syn­da göz­den ýit­ýän­çä, oýa batyp otur­dym.  


Rus di­lin­den ter­ji­me eden

K. GEL­DI­ÝEW 

Sýaku¹— ýapon uzynlyk ölçegi.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir