1.Garynjanyň beýnisi Ýer ýüzündäki janly-jandarlaryň içinde ,göwresine garanyňda,iň ulusydyr.
2.Baýkal kölündäki suw Demirgazyk Amerikanyň iň uly köllerindäki suwlaryň bilelikde alynandakysyndan hem köpdür,özi-de dünýädäki süýji suwuň 5-den 1-i şu köldedir.
3.Antarktidanyň buzunyň galyňlygynyň 4 kilometre ýetýän ýerleri hem bar.
4.Ewerest belentliginiň depesi millionlarça ýyl ozal deňziň düýbünde emele gelen daş böleklerinden ybarat.
5.Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne,beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.
6.Dünýäde iň kiçi we ýöräp bilmeýän guş hasaplanýan kolibri ,göwresiniň şol bir durşuny saklap,aşak-ýokarlygyna,gapdallygyna,hat-da yzlygyna hem uçup bilýär.
7.Ewerestiň depesine çykan adam troposferanyň ýokary çägine galtaşar.
8.370 000 inedördül kilometr meýdany tutýan,çuňlugy 1025 metr bolan Hazar deňzi dünýädäki iň uly ýata suwdur.
9.Dünýäde her sekuntda 100 ýyldyrym ýere gelip urulýar.
10.Adaty körsyçan berdaşly gazyjydyr.Ol bir sagatda 15 metr,bir gijede 76 metr hin köwýär.
11.Gök kitiň çygyrmasy atylan topuň sesinden ýa bolmasa göge galýan raketanyň gürrüldisinde güýçlüdir.
12.Kolumbiýanyň Tutunendo dagy ýagynlylyk boýunça dünýäde taýsyzdyr.Oňa her ýylda üç gatly jaýyň beýikligine barabar-11,77 metr ygal düşýär.
13.Ýyldyrymlar her ýyl howada emele gelýän azotyň dörtden bir bölegine barabar,ýagny 15 mln.tonna azotyň emele gelmegine sebäp bolýar.
14.Ot iýýän haýwan bilen et iýýän haýwany tapawutlandyrmak aňsat.Et iýýän haýwanyň gözleri awuny görmek üçin,kellesiniň öň tarapynda ýerleşýär,ot iýýäniňki bolsa duşmandan hüşgär bolmak üçin kellesiniň gapdallarynda ýerleşýär.
15.Ýarganat uçup bilýän ýeke-täk süýdemdirijidir.
16.Bir kilogram bal öndürmek üçin, balary 2 mln.güle gonmaly bolýar.
17.Soňky 4000 ýylda ýekeje ýabany haýwan hem eldekileşdirilmändir.
18.Şimpanze aýna bakyp özüni tanap bilýän ýeke-täk haýwandyr.
19."Orangutang" sözi Afrikanyň käbir dillerinde "jeňňel adamsy "diýmekdir.
20.Polýar aýylary sagatda 40 km.tizlik bilen ylgap bilýärler.
21.Monakonyň milli orkestriniň sany onuň goşunnyndaky esgerleriň sanyndan köpdür.
22.Sahara çölünde diňe bir gezek( 1979-njy ýylyň 18-nji fewralynda) gar ýagypdyr.
23.Meýdany boýunça Kanada Hytaýdan,Hytaý bolsa ABŞ-dan uludyr.
24.Eskimolaryň dilinde gary aňladýan 20-den gowrak söz bar,40-dan gowrak söz bolsa olaryň dilinde garyň görnüşlerini bildirýär.
25.Ikinji jahan urşy mahalynda demri tygşytlamak maksady bilen Oskar heýkeljiklerini agaçdan ýasapdyrlar.
26.Sara Bernar 70 ýaşyndaka 13 ýaşly Julettanyň keşbini oýnapdyr.
27.Bir sapar Bethoweni ykmandalygy üçin tutupdyrlar.
28.Telefony oýlap tapan Aleksandr Bell ejesine we aýalyna jaň edip bilmändir...
29.Napoleon pişiklerden öler ýaly gorkýan eken.
30.Burun adamyň ömürboýy ösýän agzasydyr.
31.Her 20 bäbekden diňe 1-isi lukmanyň çaklan gününde dogulýar.
32.Eger-de adamyň ähli öýjüklerindäki giňişligi ýok etseň,adam iňňäniň gözünden geçerdi.
33.Adamyň beden ýylylygynyň 80 göterimi kelleden çykyp gidýär.
34.Diş adam bedeniniň öz-özüni dikeltmäge ukyby bolmadyk ýeke-täk agzasydyr.
35.Adamyň saçy 3 kg.agramy göterip bilýär.
36.Dünýädäki janly-jandarlaryň 70 göterimi mörjewlerdir (bakteriýalardyr).
37.Akulalar beýleki balyklardan tapawutlylykda süňksüzdirler.
38.Ýer üstüniň umumy meýdany,takmynan,510 mln.inedördül kilometrden ybarat.
39.7-nji gatdan gaçan pişige garanyňda,12-nji gatdan gaçan pişigiň aman galmak ähtimallygy has ýokarydyr.
40.Düýe örküçli-de bolsa,onuň oňurgasy gönüdir.
41.Akulalar düwnük keseli bilen kesellemeýärler.
42.Suwsuzlyga iň çydamly haýwan alakadyr.
43.Orangutang maýmynlary topuljagyny gaty sesli gägirmek bilen duýdurýarlar.
44.Krokodiller suwuň düýbüne çümmek üçin daş ýuwudýar.Krokodiliň iýenini siňdirmek üçin şeýdýändigi hem çak edilýär.

Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir