Bir zat ýazmak isledim. Ýöne näme?! Bilmedim. Nämedir bir zat.
Gel gowsy özüm barada ýazaýyn:
Geçmişi unudup, täze ýerde hemme zady täzeden başlamakmy añsat?!
Ýa-da geçmişde bolan ýalñyşlyklary düzedip, geçmiş bilen iç-içe öñki ýeriñde ýaşamak?!
Diýeli, täze ýerde hemme zady täzeden başladyñ, bir gün bolmasa bir gün geçmişden bir pursat aklyñy çelmezmi, seni geçmişe dolamazmy?!
Ýa-da ýalñyşlyklary düzedip, geçmiş bilen iç-içe öñki ýeriñde ýaşañda, her ädimde öñki ýalñyşlyklaryñy görüp ýalñyşmajak bolup ýalñyşmazmyñ?!
Geçmişiñi taşlap hemme zady täzeden başga ýerde başlajak diýip gaçyp gaýtmaklyk, gorkaklyk dälmidir eýsem?!
Başgalaryna mert görünjek bolup, özüñe eziýet berýänligini bilibem geçmişiñ bilen ýaşajak bolmaklyk nä derejede dogry?!
Awtor: Akif TÜRKMEN.
KARARSYZLYK. SEN BOLSAÑ NÄME KARAR BERERDIÑ?!
-
Yylgyn
3 years ago
- Sözüñe sag bol @barbarry öran dogry aýtýañ
Barbary 3 years ago- Elbetde,ýalňyşmaýan adam ýok. Diňe kä adam az,kä adam köp ýalňyşýar. Adam öňki ýerinde galsa-da ýa başga ýerik gitsede ony ýalňyşdyran akly hem onuň bilen bile bolýar. Şonuň üçin adam dogry hereket etmegi öwrenmelidir, öňde-de biri "Adam ölünçä terbiýelenmegine mätäçdir"—diýipdir,mydama haýyry özümize alyp,haramdan çekilip ýaşabermeli. Ýalňyşlyklary özümize sapak edinmeli,ýalňyşmazlyga çalyşmaly,kä wagt özümiz erbetdigini bilsegem ýaramaz iş edýäs,şonuň üçin mydama özümiz bilen göreşip ýaşamaly,öňde-de biriniň aýdyşy ýaly " Ýeňişleriň seresi öz-özüňi ýeňmekdir".