Ýer togalagynda Ýuwaş, Atlantik, Hindi we Demirgazyk Buzly ummanlary bar.
* * *
Güjüm agajy iň köp ýaşaýan agaçlaryň biridir.Ol iki müň ýyla çenli ýaşaýar.Örän baý kislorody emele getirýän bu agaja Türkmenistanda duş gelmek bolýar.
* * *
Dünýädäki iň çuň köl bolan Baýkal kölünde ýaşaýan jandarlaryň we ösümlikleriň aglabasy dünýäniň beýleki suw howdanlarynda duşmaýar.
* * *
Bir gektar meýdanda ýerleşýän italýan arçasyndan bolan tokaý ýylda 32 tonna, sosna agajyndan bolan tokaý bolsa 30-40 tonna tozany özüne siňdirýär.
* * *
Kanada indeýleriň dilinde "uly oba" diýmegi aňladýar.
* * *
1881-1973-nji ýyllarda ýaşap geçen ispan suratkeşi Pikasso ömrüniň dowamynda 13500-den gowrak surat eserlerini ,kitap bezeglerini,grafiki işlerini,keramika we 300 sany heýkel döredipdir.
* * *
Gonkong sözi "hoşboý ysly kenar" diýen manyny aňladýar.
* * *
Gonkongyň restoranlarynda tabagynda nahar galdyran müşderlere jerime salynýar.Restoranlar arassaçylyga harçlanýan girdejini azaltmak üçin şeýle ugry saýlap alypdyrlar.
* * *
Ýer ýüzünde ylym dünýäsinde yz galdyran beýik iňlis fizigi Maýkl Faradeý ilkibada kitap satylýan dükanda işläpdir.
* * *
Dünýädäki arassa suw çeşmeleriniň 90 göterimi Antraktida ýer bölegindäki buzluklarda saklanýar.

Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir