Özbegistanyň at gazanan medeniýet
işgäri «Janypkeş hyzmatlary üçin» diýen ordeniň eýesi, Garagalpagystanyň halk şahyry,
«Garagalpak edebiýaty» atly hepdelik neşiriň redaktory Gülüstan Mätýakubowanyň döredijiliginden dürli eserleri öz içine alýan üç tomlugyny «Özbegistan» neşirýaty çap etdi. «Garagalpagystan» neşirýaty bolsa, onuň goşgularynyň bir tomlugyny «Güldesse» ady bilen özbek hem garagalpak dillerinde çap edip, okyjylara hödürledi.Gülüstan Mätýakubowa diýseň zehinli şahyr. Ahmet Mämmedow onuň goşgularyndan köp sanlysyny terjime edip, dürli ýyllarda türkmen okyjylaryna ýetirip gelýär. Şahyr, aýratynda, Magtymguly temasyna ýygy-ýygydan ýüzlenýär. Biz olardan käbirini okyjylarymyzyň dykgatyna hödürleýäris. Galamdaşymyza bolsa
döredijilik üstünliklerini, täze ylham baýlygyny arzuw edýäris.
ZENAN KALBY ž.
________________________________________
Eger dostuň bolmasa...
Dostlaryň kän bolsa zynatyňdyr ol,
Ömrüňe manydyr her demde, herhal.
Abraýlysyň. Eger mert bolsa dostuň,
Büdreseň, ol seni galdyrar derhal.
Ygrarly dostlaryň köňül baýlygy,
Doldurar ýaşaýşyň ýetmezin-köstün.
Şatlansaň-şat, gaýgylansaň-gaýgyly,
Her hili ýagdaýda biledir dostuň.
Dostuň ýüreginde gül bar, bakja bar,
Hakyky dostlugyň gudraty kändir.
Eger-de şeýle dost ýok bolsa kimde,
Ol doly bahaly adamam däldir.
_________________________________________
Saçyňyzyň tolkunlary
Saçyňyzyň tolkunlary demligime çümüp gider,
Men bilmenem niçik jady, gözlerime siňip gider.
Aý-ýyldyzlaň juwanlygy gözýetimden ötüp gider,
Aýralygyň ýaralary heran-haçan ýitip gider.
Damarlamdan ýüregime Taňry beren ganlar akar,
Gözüňizde ýanýan ataş synamda ot-alaw ýakar.
Uzyn ýyllaň soňy gelýä, gelen ýyllar aýdym aýdar,
Ömür diňe azap däldir, şygyr bolup kalba gaýdar.
_________________________________________
Pena
Men pena isleýän Magtymguludan,
«Baba!» diýp ruhun çagyrýa göwnüm.
Gözýaşlarymdan hem gözýaş silinden,
Geçmesi kyn bolup görünýär öwrüm.
Men arka tamakin Magtymguludan
Adalat gapysyn urup kän sapar.
Hakyň hatyryna eşder ol meni,
Hem dertli ýüregmiň melhemin tapar.
Men mähir küýseýän Magtymguludan:
Söýgi haýsy sözde? Ber maňa aýdyp?
...Ýürekdeşlik gaplar köňlüni derhal:
«Gowy hyýallara gel — diýer-gaýdyp!»
Gülüstan MÄTÝAKUBOWA.
Özbekçeden terjime eden Ahmet MÄMMEDOW.
Gülüstan MÄTÝAKUBOWA. Garagalpagystanyň halk şahyry.
-
Jupiter_Fire
4 years ago
- Suraty yok eken žurnalda
Jeksparro 4 years ago- Suratynam gözledip goymaly ekeniñ!?