Günbe-günden hyruç edip özüňden,
Ganym31 sary atlanar sen, Orazym.
Bir Hudanyň beren ülüş-paýyndan,
Her söweşde, jeňde bar sen, Orazym.

Ulus iliň arkasy sen, ardy sen,
Goçagyň goçy sen, goçuň merdi sen,
Dagda – peleň, jülgeleriň gurdy sen,
Duşman görseň, etin iýr sen, Orazym.

Duşman görse, çykar syýasat bile,
Tuwulga, çaraýna, boz sowut bile,
Ala çakmak tüpeň, arap at bile,
Ýalançyny hoş geçir sen, Orazym

Seniň kimin serhoş ýokdur jahanda,
Sür döwrany, arman galmasyn janda,
Ganym bilen söweş güni meýdanda,
Döwüş edip, hiç armar sen, Orazym.

Öňki batyrlaryň kesbin ýörüden,
Algyrlygyň zyýat erer börüden,
Pilden, kergegenden, döwden, periden
Taýpar çekip, ýan bermer sen, Orazym.

Çaparmanlaň başy Oraz Ýaglysyň,
Ulus ary üçin bili baglysyň,
Mürzeapbasy basan ýaşyl tuglusyň,
Durşuň bilen namys-ar sen, Orazym.

Kemine diýr, adamzatdan ýüz görmen,
Ýagşa «ýagşy» diýr men, ýamana «ýaman»,
Mert bile namardy görsem tanyr men,
Sen bir ýalňyz dogan är sen, Orazym.

kemine

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir